Begench Malikgulyyew
02.01.2020 21:39
- Kaka men ogulluk alnanmy?
- Onýaly mümkinçilik bolsa seni saýlardykmy?  joy
40
6 526
Begench Malikgulyyew
02.01.2020 21:35
Belki-de asman adamlardan  uzakda bolanlygy sebäpli owadan.
39
1 993
Begench Malikgulyyew
02.01.2020 21:26
Ahmediň ogly meniň oglumyň kakasy bolsa, men kim?
22
4 003
Begench Malikgulyyew
30.12.2019 01:55
Ýola gidýär yzy bolmaýar,
Jany bar gany bolmaýar,
Kellesi bar saçy bolmaýar.
Sorag: gürrüň näme barada gidýär?
23
5 050
Begench Malikgulyyew
30.12.2019 01:53
Bir gün iki sany awçy tokaýda aýlanyp ýör. Birdan biri guş görüp atýarda yzyndan gidýär.
- Seret dost, gül ýaly käkilik awladym.
- Gözüňi gowuja aç o käkilik däl garga.
- Ýok käkilik, düýnem birini atdym bu şoň ýasyny tutýandyr. joy
30
12 626
Begench Malikgulyyew
30.12.2019 01:45

Awstraliýadan çaga dinozawrlarlara degişli süňkler tapyldy

Häzirki güne çenli arheologik işler netijesinde dinozawrlara degişli birnäçe deliller alyndy. Emma gözlegçiler, Awstraliýada ilkinji gezek çaga dinozawrlary gördüler. Wiktoriýanyň demirgazyk ugry boýunça we Täze Günorta Galler şäheriniň Lightning Ridge şäherçesiniň ýakynyna golaý ýerden çaga dinozawryň süňkleri tapyldy.

Gözleg, New England uniwersitediniň Paleoylymlary gözleg merkezi we Lightning Ridge-däki Awstraliýa Opal merkezinden paleontologlar tarapyndan geçirildi. Edilen işlerde tapylan süňkler örän kiçi bolanlygy sebäpli, süňkleriň ýumurtgadaka ölen dinozawrlara degişlidigi çaklanylýar. Wiktoriýada tapylan we ýaňky süňklere garanyňda has uly bolan süňkler, ýumurtgadan çykyp entek sürä mätäç dinozawrlara degişli.

Süňkler, kiçi ornithopod dinozawrlaryndan gelýär we Lightning Ridge-däki topar bilen seredilen Weewarrasaurus görnüşine meňzeýär. Ornithopod 2 aýakly, ot iýiji haýwan. Ulalanda ortaça 20 kg bolýar. Ululary bilen deňeşdirlende tapylan süňklerdäki dinozawrlar 200 gr bolupdyr.

Ýumurtgalar tapylmady emma gözlegçiler dinozawrlaryň ýaşyny kesgitlemek üçin süňklerdäki bölünme halkaralaryny agaçlarda bölünme halkalary ýaly ulandylar. 100 million ýyllar öň bu haýwanlar doganlarynda, Awstraliýa polýuslara örän ýakyn ýerleşýärdi. DG-GD Awstraliýa häzirki Grenlandlara ýakyn bolmalydy. Howa 600 - 700 temperaturada bolmalydy.

Nähili gyzgyn how bolsa hem olaryň arasyndan Antarktida pingiwinleriň arasyna gidip ýaşanlary hem bolupdyr. 

Ýumurtga gabygy we kiçi süňkler gazylyp alnyp günümize getirildi. Tapylan netijeler, alymlara dinozawrlaryň köpeliş, nesil ösdürişleri barada ilkinji maglumatlary berdi.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/bebek-dinozor-kemikleri-bulundu-h82115.html

0
15
5 277
Begench Malikgulyyew
28.12.2019 20:50
Bir gün 3 synp okuwçy dükana baryp:
-Satyjy daýy kg-sy 5,5 manatdan 7 kg şeker, 7,2 manatdan 11 kg bürünç, 2,8 manatdan 9kg un näçe manat bolar?
- Oglum, onça agyr ýüki göterip bilmersiň sen.
- Sen agyrylyga seretme daýy, jemi bahany aýt. Bu meň ertirki barlag işimde bar.
41
10 899
Begench Malikgulyyew
28.12.2019 20:39

Ähli ukudakylary ukusyzlandyrmaga bir ukusyz ýeterlikdir.
32
4 388
Begench Malikgulyyew
28.12.2019 20:35
Bir gün bir syýahatçy syýahata çykanynda uçara münýär. Gidip barýarka uçar heläkçilige ugraýar we ada gaçýar. Syýahatçy halas bolýar. Ada gireninde bu adada diňe aýallar ýaşaýan eken we olar aralaryna erkek girmesine rugsat etmän ony öldürýän ekenler. Syýahatçyny görüp ony öldürip paýlaşmaga çalyşýarlar we oňa haýsy aýalyň özüni öldürmegini isleýändigini sorapdyrlar. Syýahatçy pikirlenip jogap beripdir we ölümden halas bolupdyr.
Sorag: Syýahatçy näme diýip ölümden halas bolýar?
14
5 041
Begench Malikgulyyew
28.12.2019 20:10

Üns berilmeýän adam susan gury ýapraga meňzeýär.
Timur.
29
5 291