Begench Malikgulyyew
30.12.2019
Taryhy isler
26
5 277

Çaga dinozawrlarlara degişli süňkler tapyldy

Awstraliýadan çaga dinozawrlarlara degişli süňkler tapyldy

Häzirki güne çenli arheologik işler netijesinde dinozawrlara degişli birnäçe deliller alyndy. Emma gözlegçiler, Awstraliýada ilkinji gezek çaga dinozawrlary gördüler. Wiktoriýanyň demirgazyk ugry boýunça we Täze Günorta Galler şäheriniň Lightning Ridge şäherçesiniň ýakynyna golaý ýerden çaga dinozawryň süňkleri tapyldy.

Gözleg, New England uniwersitediniň Paleoylymlary gözleg merkezi we Lightning Ridge-däki Awstraliýa Opal merkezinden paleontologlar tarapyndan geçirildi. Edilen işlerde tapylan süňkler örän kiçi bolanlygy sebäpli, süňkleriň ýumurtgadaka ölen dinozawrlara degişlidigi çaklanylýar. Wiktoriýada tapylan we ýaňky süňklere garanyňda has uly bolan süňkler, ýumurtgadan çykyp entek sürä mätäç dinozawrlara degişli.

Süňkler, kiçi ornithopod dinozawrlaryndan gelýär we Lightning Ridge-däki topar bilen seredilen Weewarrasaurus görnüşine meňzeýär. Ornithopod 2 aýakly, ot iýiji haýwan. Ulalanda ortaça 20 kg bolýar. Ululary bilen deňeşdirlende tapylan süňklerdäki dinozawrlar 200 gr bolupdyr.

Ýumurtgalar tapylmady emma gözlegçiler dinozawrlaryň ýaşyny kesgitlemek üçin süňklerdäki bölünme halkaralaryny agaçlarda bölünme halkalary ýaly ulandylar. 100 million ýyllar öň bu haýwanlar doganlarynda, Awstraliýa polýuslara örän ýakyn ýerleşýärdi. DG-GD Awstraliýa häzirki Grenlandlara ýakyn bolmalydy. Howa 600 - 700 temperaturada bolmalydy.

Nähili gyzgyn how bolsa hem olaryň arasyndan Antarktida pingiwinleriň arasyna gidip ýaşanlary hem bolupdyr. 

Ýumurtga gabygy we kiçi süňkler gazylyp alnyp günümize getirildi. Tapylan netijeler, alymlara dinozawrlaryň köpeliş, nesil ösdürişleri barada ilkinji maglumatlary berdi.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/bebek-dinozor-kemikleri-bulundu-h82115.html

Myhman Myhman
3 Awgust 2022
Olenede gun yogay
Myhman Myhman
30 Iýun 2022
Naçe wagtdan bari gazuw ahtaryş isleri gecirip dur yene tapylyaray hayran galaymaly
LUNA.LADY🦊🌺
2 May 2022
Indi bu sunkden dinozawr yasarlar
Myhman Myhman
17 Aprel 2022
Salam millet
Myhman Myhman
16 Yanwar 2020
ozuni goraymesem ynanamak olar fantastik kinolarlda bolya hou
Myhman Myhman
16 Yanwar 2020
Ozini tapmasalar yagsyhow
Myhman Myhman
16 Yanwar 2020
Habarynyz barmy Turkmenistanda 3000 den gowyrak Dino ayak yzlary we taryhda ilkinji Adam bilen bir yerden dinozawr ayak yzy den tapyldy. Taryhy uythedya diyip zonany yaptylar ynanmasanyz internedi gorun . Dinopath with Human Path Khojo Pil Kugtendag
Myhman Myhman
13 Yanwar 2020
Govy
Myhman Myhman
6 Yanwar 2020
Койтен дагыны хем барлап гормели
Myhman Myhman
6 Yanwar 2020
Gowy we gyzykly

Emma bir bölegi eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.