Begench Malikgulyyew
16.01.2020 22:58
Bir adam ýolda gidip barýarka ýolda tanyşlaryndan birinin gidip barýanyny görýär. Onuň 7 sany aýaly, aýallarynda 7 sany sumka hem sumkada 7 sany pişik bar eken. Ýolda näçe janly gidip barýar.
14
4 728
Begench Malikgulyyew
16.01.2020 22:48

106 sany iPhone-dan ýasalan elektro gitara

Moskwada ýaşaýan Artýom Maýer, 106 106 iPhone we 1 iPod Touch-y birýere getirip, dürli reňkli elektro gitara döredip hyýaly güýçjini görkezdi. Maýer, aslynda Copper Guitars markasy bilen saz instrumentleri öndürýän ussat.

Maýer, üýtgeşik görnüşe eýe bolan gitarany geçen aýlarda Redditde, “ Bir gün akylyma bir pikir geldi. iPhone-lardan hakyky gitara ýasasam nähili bolar?” diýip paýlaşdy. Netije orta Fender Telecaster-i saklaýan we dürli reňkli iPhonelardan ybarat bolan gitara çykdy.

Yhlasly işiň önümi bolan bu gitara, Moskwa merkezli gitara dükanynda Copper Guitars tarapyndan satylyşa çykaryldy. Sapy, 1999 Fender Telecaster-dan alnan bu önüm, ortaça 6 müň $ baha bilen alyja garaşar. Bu köne iPhone önümlerini täzeden ulanyşa geçirmäniň täsin ýollaryndan biri.

Maýer tarapyndan ýasalan elektro gitara (iGitara diýsek hem bolýar) agyrlygy 8 kg-dan biraz agyr. Gitara, Jescar perdeli sapa we ýörite Fokin magnitlaryna eýe. Maýer, gitaranyň korpusuny iPhone-lardan bolan şekilde kesdi. Gyralary açyk we telefonlaryň içdäki birleşenlerini görüp bolýar.

Copper Guitars gitarany başda 1 million $ baha bilen satylyşa çykardy emma, alyjy tapylmandygy üçin baha 6 müň $ çenli düşdi. 


17
6 309
Begench Malikgulyyew
12.01.2020 23:05
Ispaniýanyň Super Kubogy Final oýny başlady:

Real Madrid - Atletiko Madrid

Kim haýsynyň muşdagy?
19
1 976
Begench Malikgulyyew
12.01.2020 22:01
Derdiň nämedendigini anyklaman derman gözlemäge çalyşma, netije bolmaz.
25
1 999
Begench Malikgulyyew
12.01.2020 21:51
Bir çagadan yzyňda näçe adam bar diýilse 4 diýipdir. Yzyndakylaryň hem ählisinden  sorasalar olar hem 4 diýär. Bu nähili ýagdaýda mümkin?
17
6 368
Begench Malikgulyyew
12.01.2020 21:39

Ömri 10 ýyl uzatmagyň ýoly kesgitlendi

         ABŞ-ly we Gollandiýaly alymlar, düzüw türgenleşik we saglykly iýmitlenmek ýaly peýdaly endikleriň, adamyň ömrüni takmynan 10 ýyl uzadyp biljekdigini anykladylar. Gözlegçileriň netijeleri British Medical Journal žurnalynda görkezildi.

Garward uniwersiteti we Amsterdam University of Applied Sciences – den  gözlegçiler, ýaşlary 50 bolan we hiçhili hassalygy bolmaýan ýüz müňden gowrak adamlaryň maglumatlaryny analiz etdiler.

Bu adamlaryň ýagdaýlaryna 20 ýyllap ýakyndan gözegçilik edildi we kimlerde näçe ýaşda ýürek-damar keseli ýa-da 2 tipli diabetiň ýüze çykan we bu adamlaryň nähili ýaşandygy hasaba alyndy.

Hünärmenler, çilim çekmek, orta dozada (aýallar üçin 175 millilitr şerap we 375 millilitr piwo, erkekler üçin 350 millilitr şerap we 750 millilitr piwo) alkogol sarp etmek, saglyksyz iýmitlenmek, pes fiziki aktiwlik we aşa semizlik ýaly bäş faktory anyklady.

Bu bäş faktoryň esasynda, 50 ýaşyndaky adamyň näçe “saglykly ýyl” ýaşap biljegi orta çykdy.

Saglykly iýmitlenmek, fiziki işjeňlik, çilim we alkogol doly kesilmesi we kadaly agramlylygy goramak ýaly 4-5 peýdaly endikleri bolan aýallaryň ortaça 84,4 ýyl, bu endige eýe bolmadyk aýallaryň 73,7 ýyl ýaşandygy anyklandy. Erkeklerde bu görkeziji 81,1 we 73,5 ýyl bolandygy anyklanyldy. 

Alnan çeşme: https://tr.sputniknews.com/bilim/202001101040990226-hayati-10-yil-uzatmanin-yolu-aciklandi/

35
16 616
Begench Malikgulyyew
12.01.2020 14:25
Gyssagly gan gözlenýär, haýsy topar tapawudy ýok.
                                         

                                           Goly: wampir 
 smile  smile  smile   
37
8 201
Begench Malikgulyyew
12.01.2020 14:15

 Aglamak çäre bolýan bolsa, ähli dermanhanalar sogan satardy.
29
5 271
Begench Malikgulyyew
12.01.2020 14:12
5-i 5 manatdan 5 ýumurtga näçe manat bolar?
14
3 629
Begench Malikgulyyew
10.01.2020 23:20
Ol kähalatda güýçli, käwagt bolsa  hiç görünmeýär. Ýöne, ol, aýnany döwmän öýe girip bilýän ýeke täk zat?
Bu näme bolup biler?
13
5 005