Begench Malikgulyyew
12.01.2020
Bilim.
53
16 616

Ömri 10 ýyl uzatmagyň ýoly kesgitlendi

Ömri 10 ýyl uzatmagyň ýoly kesgitlendi

         ABŞ-ly we Gollandiýaly alymlar, düzüw türgenleşik we saglykly iýmitlenmek ýaly peýdaly endikleriň, adamyň ömrüni takmynan 10 ýyl uzadyp biljekdigini anykladylar. Gözlegçileriň netijeleri British Medical Journal žurnalynda görkezildi.

Garward uniwersiteti we Amsterdam University of Applied Sciences – den  gözlegçiler, ýaşlary 50 bolan we hiçhili hassalygy bolmaýan ýüz müňden gowrak adamlaryň maglumatlaryny analiz etdiler.

Bu adamlaryň ýagdaýlaryna 20 ýyllap ýakyndan gözegçilik edildi we kimlerde näçe ýaşda ýürek-damar keseli ýa-da 2 tipli diabetiň ýüze çykan we bu adamlaryň nähili ýaşandygy hasaba alyndy.

Hünärmenler, çilim çekmek, orta dozada (aýallar üçin 175 millilitr şerap we 375 millilitr piwo, erkekler üçin 350 millilitr şerap we 750 millilitr piwo) alkogol sarp etmek, saglyksyz iýmitlenmek, pes fiziki aktiwlik we aşa semizlik ýaly bäş faktory anyklady.

Bu bäş faktoryň esasynda, 50 ýaşyndaky adamyň näçe “saglykly ýyl” ýaşap biljegi orta çykdy.

Saglykly iýmitlenmek, fiziki işjeňlik, çilim we alkogol doly kesilmesi we kadaly agramlylygy goramak ýaly 4-5 peýdaly endikleri bolan aýallaryň ortaça 84,4 ýyl, bu endige eýe bolmadyk aýallaryň 73,7 ýyl ýaşandygy anyklandy. Erkeklerde bu görkeziji 81,1 we 73,5 ýyl bolandygy anyklanyldy. 

Alnan çeşme: https://tr.sputniknews.com/bilim/202001101040990226-hayati-10-yil-uzatmanin-yolu-aciklandi/

Myhman Myhman
30 May 2022
Alla hokmüni kese 1minut kopem yasamayaň 1minut azam yaşamayaň
halmyrat_gmail_com
8 Aprel 2022
Gowy post
Myhman Myhman
12 Mart 2021
Kim bilýä näçe ýaşajagňy
Medineeee
18 Noýabr 2020
?????
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2020
Ay andaklapdyr onda
Myhman Myhman
15 Oktýabr 2020
Allah bilya kimin nache yashajagyny ..☝️bashga hich kim ony bilip bilmez .ya berlen omri uzaldyp bilmez❌
Myhman Myhman2
7 Fewral 2020
Allatagalla omuri bize berdi. Biz isleyshimiz yaly yashap bilyas yone. Islesen dogry yol oz dinimiz. Yada yagshy adam bol. Yada bashgacha ikisindede jogap bermeli ahyrda
Myhman Myhman
7 Fewral 2020
Hemmamizem bilyas dogry iymitlenis omri uzaltyandygyny
Myhman Myhman
7 Fewral 2020
Hudaýyñ beren wagtyny ýaşarsyñyz. ondan köp ýaşamarsyñyz
Dawut
4 Fewral 2020
Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.