Begench Malikgulyyew
24.01.2020 21:03
Ejesi toýda  gyzyna gürrüň berýär:
- Gyzym seret, nesip bolsa senem iň bagtly güniňde şeýdip akja eşik geýersiň.
Gyzy:
- Häää, inni düşünnim oglanlaň näme üçin gara geýýänine.
22
8 732
Begench Malikgulyyew
24.01.2020 20:58
- Ata, ata näme üçin itler (buşuganda) bir aýagyny galdyrýar?
Atasy:
- Agtyjagym, itleriň ata-babalaryndan biri aýagyny galdyrman bugşugyp durka üstünden stena gaçypdyr. Şondan bäri bu itler gorkup,  şeýle häsiýete geçipdir.  joy joy
10
6 256
Begench Malikgulyyew
24.01.2020 20:45
Her ürene daş oklajak bolsaň, soňundan daşam tapylmaz.
Üregen it dişlemez.
16
1 471
Begench Malikgulyyew
24.01.2020 20:43
Iň beýik adam - geçmişine ökünmeýän, geljeginden çekinmäýän we özgäniň durmuşyna goşulmaýan adamdyr. 
Al Faraby - orta asyr Gündogar filosofy.
27
3 133
Begench Malikgulyyew
24.01.2020 20:38

Hytaýly alymlardan “Korono wirusy” barada düşündirme: heniz iň erbedini görmedik.

Ilkinji gezek Hytaýyň Wuhan şäherinde görülen täze görnüşli Korono wirusy, şübheli ýagdaýyny artdyrmaga dowam edýär. Bir alym, şu wagta çenli 26 adamyň ýaşaýyşyna soň beren Korona wirusynyň heniz iň howply derejesine ýetmedigini aýdýar.

11 milliondan gowrak ilatyň ýaşaýan Wuhan şäherinde orta çykan we ilkinji gezek bir ýylandan adama geçendigini barada pikir edilýän, täze korono wirusy häzirki wagta çenli jemi 9 ülkede we 800 - den gowrak adama ýokuşdy. Hytaýda 5 şäherde özüni görkezen syrly wirus, gysga wagtda 26 adamyň janyny aldy.

Hytaýly bir wirusolog, heniz bu hassalygyň iň erbet täsirini görmedigimizi aýdýar. Hytaýyň merkezi habar kanaly Caixin-de çykyş eden Guan Yi, korono wirusynyň 2003 -de howply ýiti respirator sindoromy (SARS) ) (respirator – zäherli gazlardan, tozanlardan eşidiş, görüş, dem alyş organlaryny goraýan abzal)  epidemiýasynyň 10 esse  ýokarlanjagyny aýtdy. Guan, korono wirusy maşgalasynda bolýan SARS-yň tanalmasy üçin medisina kömek beren alymlardan biridi. Şol wagt  8000 -den gowrak adama ýokuşan infeksion, 774 adamyň janyny aldy.

Täze korono wirusynyň iň azyndan häzirki wagtda SARS ýaly howply bolmadygyny aýdýan Guan, muňa garamazdan Hytaýda bu infeksionyň ýaýramagyny duruzmak üçin “altyn wagty” ýitirendigini aýdýar. Korono wirusynyň inkubasiýa döwrüniň ( keseliň entek bilinmeýän döwri, kesel degenden soň birinji alamatlar ýüze çykýança bolan gizlin döwür) takmynan 8 gün bolanyny aýdýan wirusolog, Wuhan şäherindäki ilatyň ýerine ýetirmeli şertlerini ýerine ýetirmändigini çaklaýar. Washington Post, 15-nji ýanwarda Wuhan-dan otluda 300.000 kişiniň syýahat edendigini ýazypdy.

Guan goşmaça epidemiýanyň orta çykan ýeri diýip çaklanylýan Günorta Hytaý Deňiz Önümleri bazaryndaky arassaçylyk işlerinde wirus bilen baglanyşykly maglumatlaryň aradan aýrylandygyny aýdýar. Johns Hopkins uniwersitetinden Eric Toner bolsa korono wirusynyň SARS-dan howpsuz bolsada, adamdan adama geçme ukybynyň ýokarydygyny aýdýar.

Häzirki wagta çenli Hytaýdan daşynda, ABŞ, Taýland, Ýaponýa, Günorta Koreýa, Taýwan, Wietnam, Singapur we Saud Arabystan bilen bilelikde Makao we Gan Kong şäherlerinde korono wirusy wakalary habar berildi. Epidemiýa garşy duran Türkiýe Wuhan şäherinden gelýän awia gatnawlary duruzdy. 

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/bilim-insanindan-corona-virusu-aciklamasi-h84356.html


31
13 327
Begench Malikgulyyew
21.01.2020 22:57
Umut garybyň çöregi bolup galýar.
28
1 199
Begench Malikgulyyew
21.01.2020 22:55
Her kim akylyny satuwa çykarypdyr, ýene-de öz akylyny halapdyr.
Türk nakyly.
28
2 162
Begench Malikgulyyew
21.01.2020 22:47
Haýwanat bagynda iki meduza biri-birine birleşip aýlanýardylar. Erkek meduza egilip, ýuwaşja ses bilen gyz meduzanyň gulagyna pyşyrdady:
- Nähili gowy gije söýgülim?... Ýyldyzlar, sen, men we bu owadan gijede seniň bilen ikimiz el-ele el-ele el-ele el-ele el-ele aýlanýarys.


18
6 246
Begench Malikgulyyew
21.01.2020 22:36
6 5 1 9 4 2 0 8 3 7 san  bir usula görä goýulan. Bu haýsy usulda goýulan yzygiderlilik?
8
4 587
Begench Malikgulyyew
21.01.2020 22:28

Aý tozanyndan kislorod öndürilýär


Ýewropa Kosmos we Tehnologiýa merkezinden   (ESTEC) alymlar Aý tozanyndan kislorod ýasamagyň işini ýöredýärler.

Ýewropaly gözlegçiler, aý tozanynyň modelleşdirilen görnüşlerinden dem alyp boljak kislorod çykaryp biljek ulgamyň üstünde işleýärler.

Glasgow uniwersitetinden gözlegçi Beth Lomax, öz obýektlerine eýe bolup, ondan kislorod almaga çalyşýandyklaryny aýtdy. Aýdaky regoliti (Aýyň üstünde tapylan daş we tozandan ybarat gatlak) analiz edýän gözlegçiler, ulanyp bolýan kislorody almaga çalyşýarlar. Şeýlelikde, aý tozanyndan kislorod önümçiligi meýilleşdirilýär.

Shiftdelete.net-iň habaryna görä Lomax,”Aýda tapylan resurslardan kislorod almak, hem dem almak hem-de raketa ýangyjy önümçiliginde gelejekde Aýda ýerleşjekler üçin örän peýdaly bolar” diýip aýtdy.

ESTEC-de işleýän alymlary, gutarnykly maksatlarynyň Aýda peýdalanyp boljak pilot obýekt (uçýan enjam) döretmekdigini aýdýarlar. Munuň üçin 2020-nji ýylyň ortalary yşarat berýärler.

Soňky wagtlar Aýa täzeden adam ugratmak we Marsa adam ugratmanyň tehnologiýalarynyň üstünde işlenilýär.

Bu işleriň ählisiniň esasy roluny Aýda işläp biljek ulgamyň etjekdigine esaslanýan alymlar, 2020 ortalarynda Aýda işlemek üçin taýýar boljak ulgama eýe bolmagy maksat edinýärler.

Geljekdäki işleri ýöretjek Aý barlagçylarynyň we gözlegçileriniň beýle  enjam bilen üpjün edilip Aýa gitmeleri, olaryň has aňsat dem almaklaryna getirer.

Alnan çeşme: https://tr.sputniknews.com/bilim/202001211041195171-ay-tozundan-oksijen-uretilecek/

12
5 332