Begench Malikgulyyew
24.01.2020
Bilim.
54
13 327

Dünýä howp salýan "Korono" wirusy

Hytaýly alymlardan “Korono wirusy” barada düşündirme: heniz iň erbedini görmedik.

Ilkinji gezek Hytaýyň Wuhan şäherinde görülen täze görnüşli Korono wirusy, şübheli ýagdaýyny artdyrmaga dowam edýär. Bir alym, şu wagta çenli 26 adamyň ýaşaýyşyna soň beren Korona wirusynyň heniz iň howply derejesine ýetmedigini aýdýar.

11 milliondan gowrak ilatyň ýaşaýan Wuhan şäherinde orta çykan we ilkinji gezek bir ýylandan adama geçendigini barada pikir edilýän, täze korono wirusy häzirki wagta çenli jemi 9 ülkede we 800 - den gowrak adama ýokuşdy. Hytaýda 5 şäherde özüni görkezen syrly wirus, gysga wagtda 26 adamyň janyny aldy.

Hytaýly bir wirusolog, heniz bu hassalygyň iň erbet täsirini görmedigimizi aýdýar. Hytaýyň merkezi habar kanaly Caixin-de çykyş eden Guan Yi, korono wirusynyň 2003 -de howply ýiti respirator sindoromy (SARS) ) (respirator – zäherli gazlardan, tozanlardan eşidiş, görüş, dem alyş organlaryny goraýan abzal)  epidemiýasynyň 10 esse  ýokarlanjagyny aýtdy. Guan, korono wirusy maşgalasynda bolýan SARS-yň tanalmasy üçin medisina kömek beren alymlardan biridi. Şol wagt  8000 -den gowrak adama ýokuşan infeksion, 774 adamyň janyny aldy.

Täze korono wirusynyň iň azyndan häzirki wagtda SARS ýaly howply bolmadygyny aýdýan Guan, muňa garamazdan Hytaýda bu infeksionyň ýaýramagyny duruzmak üçin “altyn wagty” ýitirendigini aýdýar. Korono wirusynyň inkubasiýa döwrüniň ( keseliň entek bilinmeýän döwri, kesel degenden soň birinji alamatlar ýüze çykýança bolan gizlin döwür) takmynan 8 gün bolanyny aýdýan wirusolog, Wuhan şäherindäki ilatyň ýerine ýetirmeli şertlerini ýerine ýetirmändigini çaklaýar. Washington Post, 15-nji ýanwarda Wuhan-dan otluda 300.000 kişiniň syýahat edendigini ýazypdy.

Guan goşmaça epidemiýanyň orta çykan ýeri diýip çaklanylýan Günorta Hytaý Deňiz Önümleri bazaryndaky arassaçylyk işlerinde wirus bilen baglanyşykly maglumatlaryň aradan aýrylandygyny aýdýar. Johns Hopkins uniwersitetinden Eric Toner bolsa korono wirusynyň SARS-dan howpsuz bolsada, adamdan adama geçme ukybynyň ýokarydygyny aýdýar.

Häzirki wagta çenli Hytaýdan daşynda, ABŞ, Taýland, Ýaponýa, Günorta Koreýa, Taýwan, Wietnam, Singapur we Saud Arabystan bilen bilelikde Makao we Gan Kong şäherlerinde korono wirusy wakalary habar berildi. Epidemiýa garşy duran Türkiýe Wuhan şäherinden gelýän awia gatnawlary duruzdy. 

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/bilim-insanindan-corona-virusu-aciklamasi-h84356.html


Myhman Myhman
6 Mart 2022
Aynur

Aynur . Sen name ucun sular yaly zatlara garasyan karanavirus erbet
Myhman Myhman
15 Fewral 2020
Hemmesi sag aman gezsinler
Myhman Myhman
14 Fewral 2020
???
Myhman Myhman
4 Fewral 2020
?????? bir zad edibä dermenyny tapmaly

????? Bir zad ediba dermanyny tapmalymaly
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
da adam gyzdyrya edil adam useyara keselan wagty titerap yatya allama sukur turkmenistanyma doneyin?
Myhman Myhman
2 Fewral 2020
Bizebir gelmesin allam
Jelal 62833339
1 Fewral 2020
Hakyky oz yurdumyza shukur edmeli
Jelal 62833339
1 Fewral 2020
Allajan ozi gorasyn barik bir gelmawersin
Myhman Myhman
1 Fewral 2020
hudayjanyma şükür şular yaly günde ýaşayanymada hernä bärik bir gelmawersin hemmämizi hudaýjan gorasyn
Myhman Myhman
31 Yanwar 2020
Huday saklasyn.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.