Begench Malikgulyyew
06.02.2020 21:45

Adam derisinden ýüplük ýasadylar

Fransuz halkara saglyk we bejeriş gözlegleri institutynyň gözlegçileri, adam derisiniň öýjüklerinden ýasalan täze görnüşli ýüplük öndürdiler. “Adam tekstili” ady berilen ýüplük bilen ýaralary ýapmak, deri çalşyrma ýaly işler edilip bilner.

Fransiýada geçirilen täze işlere görä, Bordeaux-da ýerleşýän Fransuz halkara saglyk we bejeriş gözlegleri merkezinden gözlegçiler, adam derisiniň öýjüklerinden ýasalan täze ýüplügi öndürdiler.

Fransuz halkara saglyk we bejeriş gözlegleri merkezindäki gözlegçileriň işleriniň netijeleri, Acra Biomateriala žurnalynda çap edildi. Žurnalda görkezilen makalada, “Adam tekstili, seýrek duş gelýän bioylalaşyjylyk hödürleýär we doly derejede täze nesil biologiki dokuma inženerçiliginiň önümlerine degişli edilýär” diýildi.

Webtekno-nyň habaryna görä, “Adam tekstili” ady berilen ýüplügiň iň gowy mümkinçiligi, häzirki wagt hirurgiýada ulanylýan sintetiki önümleriň ýerine, ýaralaryň bitişme (sagalma) wagtynda garyşyk bagly ýagdaýlary orta çykarýar.

Alnan çeşme: https://www.yenicaggazetesi.com.tr/insan-derisinden-iplik-gelistirildi-266955h.htm

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.

19
11 650
Begench Malikgulyyew
05.02.2020 22:38
Adamzat hemişe gutarmaýan zarýad, gitmeýän söýgüli, synagsyz okuw, işsiz iş isleýär.   joy 
27
3 021
Begench Malikgulyyew
05.02.2020 22:28

Iň gowy ar alyş, duşmanyňyz ýaly bolmazlykdyr.
Marcus Aurelis.
10
2 036
Begench Malikgulyyew
05.02.2020 22:26

Derdi dünýä bolanyň, dünýä ýaly derdi bolar.
Ýunus Emre.
19
1 283
Begench Malikgulyyew
05.02.2020 21:58

Korono wirusly bir hassa bejerildi

Hytaýyň Wuhan şäherinde ýaýramagyndan soňra dünýäni kynçylyga goýan hassalyklaryň başynda ýer alan Korono wirusynyň bejergisi üçin işler uzak wagt bäri dowam edip gelýär. Emma heniz hem bir netije alynmandy. Indi bolsa Taýlandly lukmanlardan gowy habar geldi. CNN-den çykan habarlara görä, Korono wirusy bejergisi Taýland-da tapylan bolmagy mümkin.

Taýland Saglyk ministrligini tarapyndan döredilen ýygnakda Korono wirusly bir hassanyň bejergi edilendigi aýdyldy. Uzak wagtlap üstünde işlenilen bejerginiň şeýlelikde netijeleri tapyldy. Agyr alamatlary görkezen 71 ýaşyndaky aýalyň bejergisi gowy netijeler berendigini aýdan ministr, aýalyň testlerinde (bejergiden soňky) korono wirusynyň yşaratlarynyň saklanmaýandygy dile getirdi.

HIV/AIDS we grip dermanlarynyň garylyşdyrylan bejergisinde, ilkinji adamda oňat netije alynsada, ikinji kişidäki netijeleriň hem örän zerurdygy bellenilýär.

Paýlaşylýan maglumatlarlar häzirki şeýle çäklendirilen (ýagny doly ýagdaýda habar edilmeýär). Ýakyn wagtda bejerginiň has-da ýokarlandyrylmagy we hemmelerde gowy netijeleri görkezmesine garaşylýar.

Keseliň çykan ýeri Hytaýda heniz munuň bejergisi doly tapylmadyk (öňki habarymyzda aýdypdyk: derman tapyldy ýöne heniz haýwanlarda barlaýarlar).

Eger-de bu bejergi beýleki hassalara hem gowy netijeleri görkezse, dünýäniň ähli ýerinde ulanylyp bilner.

Alnan çeşme: https://shiftdelete.net/coronaviruslu-bir-hasta-tedavi-edildi

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.


58
21 300
Begench Malikgulyyew
05.02.2020 21:00
Lukman size 5 sany derman berdi we bularyň her birini arasy ýarym sagatdan içmegiňizi tabşyrdy. Siz bulary içip dynmagyňyz üçin näçe wagt sarp edersiňiz?
7
4 081
Begench Malikgulyyew
04.02.2020 22:21
Tizligi 90 km/sag bolan otluda ýolagçy bir çaga, aýnadan daşyna seredip garşydan gelýän otluny 6 sekuntlyk wagtda görüp bilýär. Bu otlunyň tizligi 60 km/sag bolsa, uzynlygy näçe?
6
3 077
Begench Malikgulyyew
04.02.2020 22:15
Goňşy protein paraşogyny undyr öýdüp köke bişiripdir. Öýlerine barsam edil sumo göreşçisi. bowtie 
14
3 369
Begench Malikgulyyew
04.02.2020 22:10
Söýgi edil banan gabydyr, üns bermeseň aýagyňy däl, durmuşyňy taýdyrar.
13
1 147
Begench Malikgulyyew
04.02.2020 22:06
Käbir adamlar agaç ýalydyrlar, uzakdan seretseň boýly, syratly. Ýanyna barsaň odun.
14
1 146