Begench Malikgulyyew
05.02.2020
Bilim.
115
21 300

Korono wirusly bir hassa bejerildi

Korono wirusly bir hassa bejerildi

Hytaýyň Wuhan şäherinde ýaýramagyndan soňra dünýäni kynçylyga goýan hassalyklaryň başynda ýer alan Korono wirusynyň bejergisi üçin işler uzak wagt bäri dowam edip gelýär. Emma heniz hem bir netije alynmandy. Indi bolsa Taýlandly lukmanlardan gowy habar geldi. CNN-den çykan habarlara görä, Korono wirusy bejergisi Taýland-da tapylan bolmagy mümkin.

Taýland Saglyk ministrligini tarapyndan döredilen ýygnakda Korono wirusly bir hassanyň bejergi edilendigi aýdyldy. Uzak wagtlap üstünde işlenilen bejerginiň şeýlelikde netijeleri tapyldy. Agyr alamatlary görkezen 71 ýaşyndaky aýalyň bejergisi gowy netijeler berendigini aýdan ministr, aýalyň testlerinde (bejergiden soňky) korono wirusynyň yşaratlarynyň saklanmaýandygy dile getirdi.

HIV/AIDS we grip dermanlarynyň garylyşdyrylan bejergisinde, ilkinji adamda oňat netije alynsada, ikinji kişidäki netijeleriň hem örän zerurdygy bellenilýär.

Paýlaşylýan maglumatlarlar häzirki şeýle çäklendirilen (ýagny doly ýagdaýda habar edilmeýär). Ýakyn wagtda bejerginiň has-da ýokarlandyrylmagy we hemmelerde gowy netijeleri görkezmesine garaşylýar.

Keseliň çykan ýeri Hytaýda heniz munuň bejergisi doly tapylmadyk (öňki habarymyzda aýdypdyk: derman tapyldy ýöne heniz haýwanlarda barlaýarlar).

Eger-de bu bejergi beýleki hassalara hem gowy netijeleri görkezse, dünýäniň ähli ýerinde ulanylyp bilner.

Alnan çeşme: https://shiftdelete.net/coronaviruslu-bir-hasta-tedavi-edildi

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.


Myhman Myhman
2 Oktýabr 2022
text
Myhman Myhman
7 Sentýabr 2021
Haladym
Myhman Salam
6 Aprel 2020
Salam
Myhman Myhman
23 Mart 2020
Sps onat habarynyz ucin
Myhman Myhman
8 Mart 2020
Gowy habar
Myhman Myhman
28 Fewral 2020
Gowy habar
Myhman Myhman
23 Fewral 2020
arkayyn yasaberin sag amanja
Myhman Myhman
21 Fewral 2020
Haladym
Myhman Myhman
16 Fewral 2020
Tuweleme alymlar gowy islapdirler
Myhman Myhman
15 Fewral 2020
o tayda biz yok .bar bolsak keseliñ adyny hem eśitmezdiler.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.