Begench Malikgulyyew
31.01.2021 13:13
Her aglayan guycsiz dallir, hemme gulenin bagtly bolmaysy yaly!
57
582
Begench Malikgulyyew
31.03.2020 18:56
Salam hemmä. Agzalar gowumy ýagdaýlaryňyz?
Soragym bardy bilýäniňiz bar bolsa kömek gerek.
Çäýnegiň gapagyna türkmen dilinde näme diýilýär? Bilýän bar bolsa teswirlerde mümkin bolsa teswirlerde ýazyň! 
Sagboluň!
36
12 204
Begench Malikgulyyew
02.03.2020 20:33
Gaçan balyk uly bolar.
33
2 230
Begench Malikgulyyew
02.03.2020 20:24
Ele alyp tutulmaz, 
Bazarlarda satylmaz,
Kimisinde has köpdür,
Kimisinde tapylmaz.
Matal näme barada gitýär?
57
16 367
Begench Malikgulyyew
02.03.2020 20:16
Lukman hassasyna jaň etýär:
- Size ýazyp beren dermanlarymy içip başladyňyzmy?
- Başladym, lukman.
- Peýda berip başladymy?
- Intek içmeli. Aladaňyza sagboluň. Mundan öň beýdip telefonda soramaýadyňyz?
- Menem şo kesele tutuldym welin, almankam şo dermanlaň peýdasy barmy-ýokmy şonu bileýin diýdim... ☺️
161
23 915
Begench Malikgulyyew
02.03.2020 20:08

Abraýly alym: 1000 ýaşyna ýetjek ilkinji adam takmynan şu wagt ýaşaýar

Ylym dünýäsi uzak wagt bäri garramanyň adam bedenindäki täsirlerini durdurmak üçin işleýär. Bir manyda, tehnologiýany ulanyp ölümden üstün çykmak isleýärler. Bu meselede işleýän iňlis alymy Dr. Aubrey de Grey, 1000 ýaşyna ýetjek ilkinji adamyň häzirki wagt ýaşaýandygyny belleýär.

Iňlis biomedik gerontolog Dr. Aubrey de Grey, SENS gözleg gaznasynda garramaga garşy gözlegleri ýöredýän örän abraýly alym. Uzyn sakaly, syrly görnüşi bilen we haýran galdyrýan düşündirmeleri bilen ünsi çekiji şahsa eýe häsiýetli bolan Grey, öz işiniň häkimi derejesindäki diýlip kabul edilýär.

Iňlis habar saýty Express.co.uk bilen gürleşen Dr. Aubrey de Grey, soňky 20 ýylda garramaga garşy edilýän işlerde uly netijeler gazanylandygyny aýtdy. Bu işlere görä, garaýşyň artýandygyny aýdan alym, garramanyň durdurylmagy toplumynda uly göwrümli zamana ýol açjagyny belledi.

Kaliforniýa merkezli SENS görzleg gaznasy, garramanyň durdurulmagy meselesinde gözlegleri ýöretmek üçin 2009-njy ýylda guruldy. Dr. Aubrey de Grey-iň ýolbaşçylygynda işlerine dowam edýän gazna,adam bedenindäki molekulýar we öýjük heläkçilikleriniň oňarylmasyny saklamak üçin laboratoriýa we kliniki ýerlerde uly netije gazanýar. 

Dr. de Grey-e 1000 ýyla çenli ýaşap biljek ilkinji adamyň häzirki wagt ýaşap-ýaşamadygy soraldy. “ Takmynan öňräk doguldy, emma hemmämiz munuň gözlegine irdigini bilýäris. Bu sebäpli haýsyda bolsa bir aralygyň çaklamasyny etmek örän synçylykly bolar” diýen iňlis alymy, muňa garamazdan uzyn ömürli ýaşamaga 20 ýylyň içinde ýetjekdigimizi çaklaýar.

Adamzadyň , medeniýetiň başlangyjyndan bäri garramanyň täsirini bilýändigi we munuň üstünde pikirlenýändigini belleýän Dr. Aubrey de Grey, öňümizdäki birnäçe ýyl içinde tehnologiýa özgerdigiçe, syýasatçylaryň we toplumyň uzyn ýaşamak meselesi has uly ünse alynjakdygyny aýdýar. Toplumdaky hereketleriň esasy bir üýtgemeden geçjekdigini aýdýan alym, “ bu geçişiň hakykatdan hem çaýkanmaly bolmagynyň öňüni almak üçin ykdysadyýetiň global ölçegde täzeden döredilmegi gerek. Bu üýtgeşmede syýasatçylaryň zerurlygy has ýokary” diýdi.

Dr. de Grey, garrama garşylykly gözlegleriň öňündäki iň esasy kynçylygyň maýa goýum ýetmezçiligi bolandygyny belledi. “ Ylmyň rugsat berýän ölçeginde tiz hereket etmek üçin ýeterlik maýa eýe bolmagymyz gerek. Büjedimiz has köp bolsady, iň az iki esse tiz gidip bilerdik” diýen iňlis alymy, dünýä möçberindäki millionerleri SENS gözleg gaznasyna ýardam etmäge çagyrdy.

Alnana çeşme: https://www.webtekno.com/1000-yasina-ulasacak-insan-h86972.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!

14
11 981
Begench Malikgulyyew
01.03.2020 22:00
Bu gün agşam dünýädäki ähli futbol söýüjileriniň görmek isleýän oýuny bar.
Real-Barça
Siz kimiň tarapdary?
23
3 685
Begench Malikgulyyew
01.03.2020 21:57

Soňunda gowuşmak bar bolsa,
Küýsemek zyýan däl.
74
3 204
Begench Malikgulyyew
01.03.2020 21:54

Siz owadan däl diýseň, köpüsi aýna sereder. 
Asyl gözellik içde bolmaly.
65
2 673
Begench Malikgulyyew
01.03.2020 21:43
Bu şekilleriň haýsysynda boýagly ýer has köp?
36
8 687