Begench Malikgulyyew
02.03.2020
Bilim
42
11 981

Adam 1000 ýaşarmy?

Abraýly alym: 1000 ýaşyna ýetjek ilkinji adam takmynan şu wagt ýaşaýar

Ylym dünýäsi uzak wagt bäri garramanyň adam bedenindäki täsirlerini durdurmak üçin işleýär. Bir manyda, tehnologiýany ulanyp ölümden üstün çykmak isleýärler. Bu meselede işleýän iňlis alymy Dr. Aubrey de Grey, 1000 ýaşyna ýetjek ilkinji adamyň häzirki wagt ýaşaýandygyny belleýär.

Iňlis biomedik gerontolog Dr. Aubrey de Grey, SENS gözleg gaznasynda garramaga garşy gözlegleri ýöredýän örän abraýly alym. Uzyn sakaly, syrly görnüşi bilen we haýran galdyrýan düşündirmeleri bilen ünsi çekiji şahsa eýe häsiýetli bolan Grey, öz işiniň häkimi derejesindäki diýlip kabul edilýär.

Iňlis habar saýty Express.co.uk bilen gürleşen Dr. Aubrey de Grey, soňky 20 ýylda garramaga garşy edilýän işlerde uly netijeler gazanylandygyny aýtdy. Bu işlere görä, garaýşyň artýandygyny aýdan alym, garramanyň durdurylmagy toplumynda uly göwrümli zamana ýol açjagyny belledi.

Kaliforniýa merkezli SENS görzleg gaznasy, garramanyň durdurulmagy meselesinde gözlegleri ýöretmek üçin 2009-njy ýylda guruldy. Dr. Aubrey de Grey-iň ýolbaşçylygynda işlerine dowam edýän gazna,adam bedenindäki molekulýar we öýjük heläkçilikleriniň oňarylmasyny saklamak üçin laboratoriýa we kliniki ýerlerde uly netije gazanýar. 

Dr. de Grey-e 1000 ýyla çenli ýaşap biljek ilkinji adamyň häzirki wagt ýaşap-ýaşamadygy soraldy. “ Takmynan öňräk doguldy, emma hemmämiz munuň gözlegine irdigini bilýäris. Bu sebäpli haýsyda bolsa bir aralygyň çaklamasyny etmek örän synçylykly bolar” diýen iňlis alymy, muňa garamazdan uzyn ömürli ýaşamaga 20 ýylyň içinde ýetjekdigimizi çaklaýar.

Adamzadyň , medeniýetiň başlangyjyndan bäri garramanyň täsirini bilýändigi we munuň üstünde pikirlenýändigini belleýän Dr. Aubrey de Grey, öňümizdäki birnäçe ýyl içinde tehnologiýa özgerdigiçe, syýasatçylaryň we toplumyň uzyn ýaşamak meselesi has uly ünse alynjakdygyny aýdýar. Toplumdaky hereketleriň esasy bir üýtgemeden geçjekdigini aýdýan alym, “ bu geçişiň hakykatdan hem çaýkanmaly bolmagynyň öňüni almak üçin ykdysadyýetiň global ölçegde täzeden döredilmegi gerek. Bu üýtgeşmede syýasatçylaryň zerurlygy has ýokary” diýdi.

Dr. de Grey, garrama garşylykly gözlegleriň öňündäki iň esasy kynçylygyň maýa goýum ýetmezçiligi bolandygyny belledi. “ Ylmyň rugsat berýän ölçeginde tiz hereket etmek üçin ýeterlik maýa eýe bolmagymyz gerek. Büjedimiz has köp bolsady, iň az iki esse tiz gidip bilerdik” diýen iňlis alymy, dünýä möçberindäki millionerleri SENS gözleg gaznasyna ýardam etmäge çagyrdy.

Alnana çeşme: https://www.webtekno.com/1000-yasina-ulasacak-insan-h86972.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!

HangeldiAmanberdiýew
22 Oktýabr 2022
Uzak yaşamak esasy zat dal manyly hem mynasyp yaşamaly 👍👍
lalahan
13 Sentýabr 2022
Hemme zat allanyn elinde eger adamlary ölüm ýolundan alyp galynýan bolsady ilkinji bu işi men ederdim alla aljak bolsa saklap bilmersin sen isle alym bol islede ýönekeýje adam onuň tapawudy ýok men sizin ýazan makalanyz nädogry diýip dawalaşyp otyrjak däl ýöne men õz pikirimi aýtdymda size üstünlik berekella

Siz makalada adam 1000 ýaşarmy diyipsiz adamzat 1000 yasamak beylerekde dursun 1 minutdan son yasap yasamakjydygyny bilenoga

Bagyslan söz ýalnysy gidipdir ýaşamajakdygyny diyip ýazjakdym
Myhman Myhman
8 Iýun 2022
Huday tarapyndan berilmase Ola 1000 eken 1 am yasamaya adam
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
20 Mart 2022
Allañ beren yaşyny şerden uzakda haýyr bilen yaşap, Allahyñ rahmetine gowuşmaga name yetsin, ölüm aslynda başlangyç asyl hakyky baky yaşaýyş o dünyädir, sen bu dünyade müñ yaşa milyon yaşa barjak yeriñ belli
Myhman Myhman
22 Fewral 2022
Myhman Myhman dostum adam sekilli bir zad bar ortarakda sona basyan adyny parolini yazyan sahranida basyan
Myhman Myhman
23 Dekabr 2020
Garramang onini alanda-da bashga bir kesel sebap bolup olip bilera.
cristiano
17 Noýabr 2020
Her bir adamynam manlayyma yazylan zat bar bu zatlar ALLA çözya ol abraýly alymyn çözenok 1000 ýaşar ýaly her bir adamam 200 ýaşamanka ajal yetya bu adamlara alym diyilya sonun uçin bulara alym diyipdirler

Myhman Myhman,haçan ol gun

Bu Dünýa Jennet Bilen Dowzaha girmek üçin synag edilyan dunyadir hiç haçan yatdan çykarma

Myhman Myhman, bizin skledimizem galmaya ol yyla çenli
dowletjan_04
22 Iýun 2020
Uzak yasajak bolsan ozune bagly
Myhman Myhman
16 Iýun 2020
Ölmejek adam barmy?
Myhman Myhman
28 May 2020
Ol zatlar bolmaya Allan beren janyny ozi almaly wagtyny biler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.