Azym♧◇
08.04.2022 01:46
Ýaşyl yşyk ýaksa söýgi ýodasy,
Munça gussalardan dynyp gitmäne.
Umyt bilen uzaklardan bakýaryn,
Seniñ dünýäñe.
Ejizlän gerdene güýç berÿän umyt -
Sebäp bolÿar arzuwlary etmäne,
Ynansañ, päk söýgüm hökman ýaraşar,
Seniñ dünýäñe.
Dünýäñ sadalykdan döredilipdir,
Sada keşbiñ goýýar meni haÿrana.
Şonda-da bir zatlar ýetmeýän ýaly,
Seniñ dünýäñe.
Edep bar, päklik bar, asyllylyk bar,
Uýady bar, ýanna hem kämillik bar,
Emma bir kem zady, ýekeje ýogy,
Meniñ ýürekdäki söýgüniñ ody,
Ýetmez zat şu ýaly -
Seniñ dünýäñe.
Ýetmeziñi doldurmaga bararyn,
Eger razy bolsañ meniñ söýgüme -
Öz dünýämi soñsuza çen baglaryn,
Seniñ dünýäñe.
7
42
Azym♧◇
06.04.2022 16:23
Belki ýaprak bolaryn seniň üçin güýzde gurap giderin,isleseň her baharda iň owadan gül bolup seniň üçin açylaryn.Belki güneşiň bolup ýüregiňe nur saçaryn, diňe seniň üçin ýanaryn,isleseň bir gije ýalňyzlykda sessizje gaýan ýyldyzyň bolaryn.Belki ýagmyr bolaryn, ejizläňde üstüňe ýagyp göz ýaşyňy süpürerin.Men sadaja seni söýerin,Gijäniň gündizi, balygyň suwy, guşlaryň asmany söýüşi ýaly söýerin.Her gezek seni ýatlanymda gyýylsada ýüregim,Ykbalyň kejine gidip ýene seni söýerin.Ölerin belki, sensiz geçen her sagatda solaryn.Birgün unudaýsada seni bu dünýäde herkim,Bir hakykady unudaýma perizat, men seni ölinçäm söýerin.
Owrenmelidaki bir gyza degisli....Hacandan bari myhman bolup giryadim ahyry cydaman aytmaly boldym
19
239