Azym♧◇
08.04.2022 01:46
Ýaşyl yşyk ýaksa söýgi ýodasy,
Munça gussalardan dynyp gitmäne.
Umyt bilen uzaklardan bakýaryn,
Seniñ dünýäñe.

Ejizlän gerdene güýç berÿän umyt -
Sebäp bolÿar arzuwlary etmäne,
Ynansañ, päk söýgüm hökman ýaraşar,
Seniñ dünýäñe.

Dünýäñ sadalykdan döredilipdir,
Sada keşbiñ goýýar meni haÿrana.
Şonda-da bir zatlar ýetmeýän ýaly,
Seniñ dünýäñe.

Edep bar, päklik bar, asyllylyk bar,
Uýady bar, ýanna hem kämillik bar,
Emma bir kem zady, ýekeje ýogy,
Meniñ ýürekdäki söýgüniñ ody,
Ýetmez zat şu ýaly -
Seniñ dünýäñe.

Ýetmeziñi doldurmaga bararyn,
Eger razy bolsañ meniñ söýgüme -
Öz dünýämi soñsuza çen baglaryn,
Seniñ dünýäñe.
7
42
Sadaja⚽
9 Aprel 2022
Azym♧◇,ozun gor dos soysen ylga yzyndan gowydyr men ervet fyemok dosjan
Azym♧◇
9 Aprel 2022
Sadaja⚽, men okuwynda soradyp gorduma eyyam yone bardakilerinem pikirini bilesim geldi. Ozunem uzakdan gordum gaty owadan gyz yone ozi bilenokda aydybam bilemok ozune
Sadaja⚽
9 Aprel 2022
Azym♧◇,senem sersapja bol synla ilki
Azym♧◇
9 Aprel 2022
Sadaja⚽, hm dusnikli
Sadaja⚽
9 Aprel 2022
Aydyber
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.