Ashyrova♥️
14.08.2022 21:55
Dert ekenim öz ogluma gyzyma
Gysgandy perzendim nahar duzuna
Garrylar öýùnde otyryn menem
Hayysh sizden alyñ meni yzyma

Bu ýerde otyryp hýyal edýän men
Perzentler rahaty sheýle bolýamy
Soraýan gözegchi gechse deñimden
Oglum meni alyp gidere gelýämi

Ýasham gechip barýa ömir azalyp
Ölimimden 1 sagat öñ öýe baraýyn
Shoña chenli shu ýerde otursam hem
Haýysh oglum öz öýümde öleýin

Ýöne bu ýerdenem nalysh edemok
Görkezýäler maña uly hormaty
Gürlände diýyäler aga ýa daýy
Ogul gyzym etmedi bu hezzeti

Bolýa maña hezzet hormat gerek däl
1 döwüm chörek suw uzatmañ razy
Alp gidiñ meni ýetikdir sholam
Ach bolsamda öýde epeýin dyzy

Iñ bolmanda görmäge gelseñizem
Maña moncha bolar bu hormatyñyz
Diýiñ maña kaka gowmy ýagdaýyñ
Ýetik shol gerekmez nan we duzuñyz

Bu ýerdäki köp adamlar unutdy
Öz perzendi bolan ogul gyzyny
Bilmen ne günäsi jezalaýanyn
Indi bular tapmaz öñki yzyny

Ýashlygymda birje ketek gurupdym
Ol ketege barja zadym salypdym
Iñ bolmanda shol ketekde bolaýyn
Alyp gidiñ öz öýümde öleýin

Ine sheýdip her gün garashyp gezdi
Emma derek bolmady ne gyz oguldan
Hudaý gargan perzentler atasyna
Ýerem bermediler hatda agyldan

Günlerde bir güni ogly gelipdi
Atasynyñ öli diri halyn bilmäge
Sheýle diýdi oña goragchy biri
Ýüziñ ýok señ indi bàre gelmäge

Atañ näche azap chekdi bu ýerde
Oglum diýerdi ol göräýse meni
Indi saña gerek boldumy kakañ
Aýyp gorme iche salamok seni

Şondada utanman sorag berdi ol
Kakam öldimi ýa galdymy diýip
Goragchyñ gözleri ýash bilen doldy
Wesýete bashlady telpegin geýip

Atasynyñ baýlygy juda kän eken
Hemmesini öz ogluna goyupdyr
Iñ soñunda öz öwlýasynyñ adyn
Barar diýip tama edip ýazypdyr

Ogly geñirgendi bulary eshdip
Bilmeýärdi atasyna geregin
Wesýete bashlanda goragchy esger
Sözler kesdi onun doñan ýüregin

Aýlar geshdi ýyllar geshdi dowamly
Ol oglan hem garrylar oýine geldi
Atasynyñ bolan otagna girip
Ogly hem shol ýerde amanadyn berdi

Mysal tutyp sizem bolan zatlardan
Atadyr enäniñ gadyryny biliñ
Olar sebäpchidir ýashamagñyza
Ana indi gezek sizde gushañlar biliñ.


Awtor: Ashyrova♥️
9
139
Ashyrova♥️
12.08.2022 21:24
Sen maña dileg et! Dileg et Käbäm,
Sabada, säherde, şamda, şapakda.
Seniñ bilen hiç gorky ýok, ürki ýok,
Panynyñ silleri, gar ýa sowukda.

Sen maña dileg et! Dileg et Käbäm,
Diýäýme, kemiñ ýok! Ýetenok nämäñ?!
Dilegler dergähde kabul bolanda,
Ruhuñ tupanyna döz geler gämem.

Sen maña dileg et! Dileg et Käbäm.
Dilegli bendesin Alla ýalkandyr.
Seniñ keramatyñ, doga-dilegleñ,
Peykamlaryñ oklaryñ galkandyr.

Sen maña dileg et! Dileg et Käbäm,
Dilegleriñ bilen oñalaryn men.
Dilegleñ bolmasa dünýäñ hubbatyn,
Mähribanym nädip oñararyn men?!

Allajan mähriban käbelerimiziñ jany sag, ömürleri uzak, perzentleriniñ rahatyndan başlary dik bolsun. Ämin InşaAllah!♥️
13
72
Ashyrova♥️
11.08.2022 13:19
Her güleni dost hasapda görildi
Cyn dost yere bakyp dymyp duranda
Gereksizler manat deýin gerildi
Gerekliler teññe bolyp dymanda

Ynsap hakda gürleýärem öziçe
1 gram ynsaby galmadyk bende
Durmuşyndan nalyş edýär tüçjarlar
Garyp bende şükir diýýär her demde

Allah synagyndan geçmeli hemme
Ne baý ýa da garyp we uly kiçi
Ýamanlygym ýokdyr diýip magtanýan
Bir bendäniñ durşyna ýamanlyk içi

Bilmesede bilensiräp ýol alýar
Bilimsiz sowatsyz bir nadan kişi
Bileninem aýda bilmàn ýaýdanýar
Sowatly bir bende göýä ol kiçi

awtory:Ashyrova♥️
10
125