Ashyrova♥️
12.08.2022 21:24
Sen maña dileg et! Dileg et Käbäm,
Sabada, säherde, şamda, şapakda.
Seniñ bilen hiç gorky ýok, ürki ýok,
Panynyñ silleri, gar ýa sowukda.

Sen maña dileg et! Dileg et Käbäm,
Diýäýme, kemiñ ýok! Ýetenok nämäñ?!
Dilegler dergähde kabul bolanda,
Ruhuñ tupanyna döz geler gämem.

Sen maña dileg et! Dileg et Käbäm.
Dilegli bendesin Alla ýalkandyr.
Seniñ keramatyñ, doga-dilegleñ,
Peykamlaryñ oklaryñ galkandyr.

Sen maña dileg et! Dileg et Käbäm,
Dilegleriñ bilen oñalaryn men.
Dilegleñ bolmasa dünýäñ hubbatyn,
Mähribanym nädip oñararyn men?!

Allajan mähriban käbelerimiziñ jany sag, ömürleri uzak, perzentleriniñ rahatyndan başlary dik bolsun. Ämin InşaAllah!♥️
13
72
Myhman Myhman
23 Awgust 2022
Ejeleriñ jany sag bolsun Allajanlarym gadyrny bilip yasañ enelermizin
abdy_dayy
18 Awgust 2022
Bessir baglan garrany bessir daglan garrany garrasak biz garraly sen garrama ejejen
wolf
13 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Myrataly
12 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
Ashyrova♥️
12 Awgust 2022
ArZuV_ŞaÝyMoVa,♥️
Lilia_
12 Awgust 2022
👏👏🌹🌹🌹💝💝💝💝

Ämin...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.