Arslan_Alaýew
15.04.2024 07:25

Ibn Sina we onuň saglyk hakda pentleri



Orta asyr Gündogarynyň beýik akyldary, lukman Abu Aly Ibn Sina (980-1037) Günbatarda Awisenna ady bilen bellidir.

Ol çagalygyndan diýseň zehinli bolupdyr, on ýaşlarynda Gurhany erkin okap bilipdir, ýaşlygyndan grammatikada, sitilistikada we poetikada uly üstünliklere ýetipdir.

Ibn Sina Buharada bilim alyp, şol ýerde hem lukman bolup işe başlapdyr. Ol ylmyň 12 ugrundan ýeterlik sowat alyp, uly derejelere ýetipdir, esasan, tebigat ylymlaryna, lukmançylyga uly üns beripdir.

Ol 22 ýaşynda Buhara göçüp baryp, Gündogaryň beýik alymlary, danalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ibn Sina belli alym Abu Reýhan Biruni bilen hem ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Gaznaly soltany Mahmydyň yzarlamalaryndan gaçyp Ibn Sina sergezdan durmuşy alyp barmaga, Horezmde, Horasanda ýaşamaga mejbur bolupdyr. Alym ömrüniň ahyrky ýyllaryny Yspyhanda geçiripdir we bu ýerde 58 ýaşyndaka kolit keseli bilen hassalap aradan çykypdyr.

Ibn Sina alym hökmünde ylmyň şol döwürdäki ýörgünli ugurlarynda: pelsepede, mantykda, fizikada, müneçjimlikde, psihologiýada, himiýada, matematikada, etikada, edebiýatda we dil biliminde uly üstünliklere ýetipdir. Emma ol özüniň, esasan, lukmançylyga bagyşlanan traktatlary bilen meşhurlyk gazanypdyr. Taryhy çeşmelere görä, Abu Aly Ibn Sina lukmançylyga degişli 450 sany kitap ýazyp, biziň günlerimize olardan 240 töwereklisi gelip ýetipdir.

Ibn Sinanyň esasy eseri — «Tebipçilik ylmynyň kanuny» diýen köp jiltli işidir. Alym bu eserini ýazmaga ömrüniň 20 ýylyny bagyşlapdyr. Onuň bäş kitapdan durýan bu ylmy işi 500 ýyllap bütin Gündogaryň we Günbataryň lukmanlarynyň ýankitaby bolup hyzmat edipdir.

Ibn Sina bu kitabynda ýüregiň urşunyň dürli görnüşlerini jikme-jik ýazyp beýan edipdir. Ol hatda bejermesi kyn bolan meningit, süýji keseli, plewrit ýaly keseller barada, adamyň görejiniň hirurgiýasynda zenan saçynyň taryny, göni içegäniň operasiýasynda doňuz tüýüni tikin üçin peýdalanmak, mal derisini kateter hökmünde ulanmak barada ýazypdyr. Ol degna keselleriniň görnüşlerini ýazanynda, olary beýniniň keselleri (tutgaý, çişler) we degnanyň keselleri (ysmaz, guruşma) diýen toparlara bölüpdir.

Dogry iýmitlenmek hakda Ibn Sinanyň pentlerinden

Iýeniňizde işdä bilen iýiň, eger işdäňiz ýok bolsa, naharlanmakdan saklanyň. Uzak aç gezmäň, çünki açlygyň netijesinde aşgazan ýaramaz şirelerden dolýar;

Iýmiti oňat siňdirmek üçin berhiziň şu görnüşini peýdalanyň: ilki günde bir gezek, ertesi gün bolsa iki gezek — irden we agşamyna naharlanyň;

Gyşyna gyzgyn nahar iýiň, tomsuna sowuk ýa-da ýyly iýmitler bilen naharlanyň;

Göwnüçökgünlik, şeýle hem işjeň hereketde bolmazlyk iýmitiň kadaly siňmegine päsgel berýär;

Eger naharlananyňyzdan soňra gyzgynyňyz galýan bolsa, howlukman, az-azdan iýiň;

Semiz adamlara hammamdan soň dessine naharlanmak zyýanlydyr, iň gowusy, biraz garaşyň we ýatyp ukyňyzy alyň. Olara günde bir gezek naharlanmak peýdaly bolar;

Gowy naharlananyňyzdan soňra uklamak ýa-da işjeň hereketde bolmak peýdaly däldir. Şeýle hem köp suw içmäň, sebäbi suw aşgazanyň iýmiti özleşdirmegine päsgel berýär;

Adam gartaşanda iýmitini kemse ýagşy, çünki onuň bedeni üçin iýmit artykmaç ýüke öwrülýär;

Çakdanaşa köp iýmek zyýanlydyr. Ol iýmitiň siňmegini kynlaşdyrýar we aşgazanda çig şireleriň mukdaryny köpeldýär. Netijede içege ýollary dykylýar, ynsan ysgyndan gaçýar hem-de podagra ýaly birgiden keseller döreýär;

Ýeterliksiz iýmitlenme, az iýmek hem zyýanly, çünki ol adamy tapdan gaçyrýar, horlaýar, baş aýlanma döredýär;

Fiziki türgenleşiklerden, hammamdan soň açlygyňa suw içmek hem peýdaly däldir;

Eger garnyňyzy mazaly doýrup ýatan bolsaňyz, gijesine suwsap turmak tebigy ýagdaýdyr, emma beýle ýagdaýda köp suw içmän, diňe agzyňy suw bilen çaýkamak ýa-da turup arassa howada gezim etmek dogry bolar;

Suwy birbada başyňyza çekip däl-de, eýsem, az-azdan owurtlap içmek ýerliklidir.
108
18
Arslan_Alaýew
14.04.2024 12:54

Dagdan agajy



Türkmen halky dagdan agajyny keramatly, gözden dilden goraýan mukaddes agaç hasaplanýar. Şol ynam ygtykat bilen dagdandan kiçijik üljäniň şänigi çemesi ululykda, iki başy ýaýbaňja, orta bili gyşbyja şekiljik ýasap, ýaş çagajyklaryň tahýasyna, kürtekçesine dakýarlar ýa-da alaja bag bilen boýnundan asýarlar. Ol şekiljige dagdabjyk diýýärler. Mundan başga-da çeper elli gelin-gyzlaryň aýratyn ussatlyk bilen nagyşlan kürte, çyrpy ýaly lybaslaryna hem gözden-dilden gorasyn diýip dagdanjyk çatýarlar. Halynyň bolsa esasy nagyşlarynyň başlanýan hem-de gutarýan ýerinde bir hatar dagdanjyk nagşyny çitýärler. Umuman, türkmençilikde haýsy zada göreniň mähri gidip, gözi deger öýdülse, şoňa dagdan agajyny gorag edýärler.

Türkmen hatda mal-garasynyň ýüpüne-de bir bölek dagdan agajyny berkidýär. Bu barada şeýle bir rowaýatam aýdýarlar. Öňden bir gözi degegen adam bar eken. Ol adam özüniň bu bolşundan müýnürgemän, gaýtam:

- Men gözimi diken zadymy, salymyny bermän tüwdüräýýändirin - diýip öwinýärmiş.

Bir gün şeý diýip öwünip otyrka, töweregindäkiler oňa:

- Beýle bolsa, hany, hol duran düýäni tüwdir, göreli! - diýipdirler.

Ol adam şol diýilýän düýä tarap gözini çarhlap, tiňkesini dikipdir weli, düýe duran ýerinde taýyp, bir entirekläpdir, ýöne ýykylmandyr.

Gözi degegen adam:

- Bu ýerde bir hikmet bardyr, ýogsa, düýe hökman ýykylardy. Hany, ýörüň göreliň! - diýipdirler.

Baryp görseler, düýäniň owsarynyň düýbinden iki barmak çemesi dagdan agajy bar eken. Muny gören adamalar:

-Be-e, dogurdanam dagdanly taýsa-da, gaýmajak eken! - diýişipdirler. Şu wakadan soň “Dagdanly taýmaz” diýen durnukly söz düzüminiň nakyla öwrülip, il içine ýaýrandygyny aýdýarlar.

Dagdan agajy biziň ýurdumyzda Uly Balkan, Kürendag, Günorta-Günbatar, Merkezi we Gündogar Kopetdag, Badhyz we Köýtendag sebitlerinde ýaýrandyr. Dag syýahatyny halaýanlar bu agaçlaryň dag çeşmeleriniň golaýynda ösüp, olary kölege bilen büreýändiklerini bilýärler. Dagdan esasan, dag jülgeleriniň, manzaralary, gaýalaryň çuňlyklaryndaky jaýryklarda, suw ýygnanýan künjeklerinde ösýär. Türkmen halk döredijiliginde we nusgawy edebiýatynda bu syrdam agaçlar dag gaýalarynyň syraty, kuwwaty we tebigy gözelligi bilen baglanşdyrylýar. “Dagdan” agajy “dagdan güýç alýar” diýip, il içinde aýdylýar.
107
96
Arslan_Alaýew
14.04.2024 08:27
Ýatkeşlik – psihikanyň iň möhüm wezipeleriniň biri. Ol tejribe toplamaga, geçmişe we şu güne geçmäge mümkinçilik berýär. Newrofiziologlaryň hasaplamalaryna görä, adam beýnisi 5-den 20 petabaýta çenli maglumaty ýatda saklamaga ukyplydyr. Bu göwrümi tutuş global tora deňeşdirip bolýar. Şeýle-de bolsa, köplenç telefony nirede goýandygymyzy ýa-da öýden çykanymyzda ütügi öçürendigimizi ýatdan çykaryp bilýäris. “Synergy” uniwersiteti, beýnimiziň işlemeginiň käbir syrlaryna düşünmäge kömek etjek bu ugurdaky ajaýyp ylmy gözlegleriň sanawyny taýýarladylar:

Ýat ätiýaçlygyny köpeldip bolar. Adamyň ýatkeşligi 25 ýaşa çenli ösmegini dowam edýär. Orta hasap bilen, mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesi 19–20 ýaş aralygynda ýüze çykýar we beýni 50 ýaşdan soň gowşap başlaýar.

Suratlar ýatdan has çalt çykýar. Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary surata düşürilen zatlaryň ýatdan has çalt çykýandygyny subut etdiler. Hakykatdan hem, belli bir zady surata düşürenimizde beýnimiz surata düşýän zadymyza däl-de, surata düşürmek bilen bagly hereketlerde jemlenýär.

Ýaramaz ýatlamalar has çalt ýitýär. Ýatdan çykarmak – ýadyň esasy wezipeleriniň biridir. Gereksiz maglumatlary pozmaga we nerw ulgamyna çakdanaşa agram düşmeginden goramaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, beýni iň ýakymly we islenilýän pursatlary ýatda saklap, ýaramaz täsirleri has çalt ýatdan çykarýar.

Dürli iýmitlerdäki B, C, E witaminleri we ýag turşylyklary ýatkeşligi gowulandyrmaga ýardam berýär. Beýnide ýat tutmak prosesine jogapkär neýronlar bar. Sagdyn minerallara baý iýmit beýniniň gowy işlemegine we onuň ýatda saklamak ukybyna kömek edýär.

Günüň dowamynda gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmak täze maglumatlary ýatda saklamaga kömek edýär. Uzak wagtlap synaglara taýynlanýan bolsaňyz we köp mukdarda maglumatlary ýatda saklamak isleseňiz, hünärmenler gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmaga maslahat berýärler.

Ýatkeşlik arassa howada has gowy işleýär. Açyk meýdanda geçirilen bir sagat hatda ýady we ünsi 20 göterim ýokarlandyrýar.

Çepbekeýleriň ýady has gowy. Dünýä ilatynyň diňe 10 göterimi çepbekeýdir we alymlar adamlaryň bu az böleginiň maglumatlary saglakaýlar bilen deňeşdirilende has gowy ýatlaýandygyny subut etdiler.
108
61
Arslan_Alaýew
13.04.2024 17:02

Kömelekleriň beýni we süňk saglygy üçin peýdasy



Kömeleksiz nahary göz öňüne getirip bilmeýänler üçin ajaýyp habar bar. Kömelekler naharyň tagamyny gowulaşdyrmakdan başga-da saglyga oňyn täsir edýändigini aýdyp beýan edip bolýar.

Kömelek başga näme üçin peýdaly?

Birnäçe barlaglaryň netijesinde kömeleklerde iki sany antioksidant: ergotionin we glutation bardygyny subut edilipdir. Bu antioksidantlar bedeni garry ýaly görkezýän garrylyk alamatlaryna sebäp bolýan fiziologiki stresden goraýar. Beýnimizdäki ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleri haýalladýar. Barlaglaryň netijesinde gözlegçiler ýokarda agzalan iki antioksidantyň (ergotionin we glutation) Parkinson we Alsgeýmer keselleriniň öňüni alyp biljekdigini aýdýarlar. Geljekdäki newrologiki keselleriň howpuny azaltmak üçin günde azyndan bäş kömelek iýmek maslahat berilýär.

Kömelegiň akyl saglygynyň başga bir peýdasy. 2019-njy ýylda Singapuryň Milli uniwersitetiniň gözlegçileri hepdede iki nahar kömelek iýmek bilimiň peselmek howpuny azaldyp biljekdigini anykladylar. Kömelek iýmitiň tagamyny duzdan has gowulaşdyrýar, sebäbi onyň düzüminde glutamat ribonukleotidler bar. Bu birleşmeler gan basyşyna ýa-da ýürek kesellerine hiç hili täsir etmezden ýakymly tagam berýär. KKömelek ergosterol atly birleşmäni göni D witamine öwürip bilýär. D witamini bolsa süňk saglygyny güýçlendirýär. Energiýany ýokarlandyrýar. Ondan başgada kömelekler B witaminlerine baý: riboflawin (B2), fol kislotasy (B9), tiamin (B1), pantoten kislotasy (B5) we niasin (B3). Bedene iýýän iýmitinden energiýa sarp etmäge we kislorod göterýän gyzyl gan öýjüklerini öndürmäge kömek edýär.
121
133
Arslan_Alaýew
13.04.2024 06:33

BARMAKLARY ŞYRKYLDATMAK ZYÝANLYMY?



­Kä­bir adam bi­yg­ty­ýar ýag­daý­da bar­mak­la­ry­ny şyr­kyl­dad­ýar. Bu en­dik ada­ma ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­ny be­rip, her ge­zek gaý­ta­lan­yny duý­man gal­ýar. Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak bo­gun­la­ryň çiş­me­gi­ne ýa-da art­ri­tiň (bo­gun­la­ryň so­wuk­la­ma­sy) dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar di­ýen dür­li ga­ra­ýyş­lar bar. Eý­sem, bu ga­ra­ýyş­lar yl­ma esaslanýarmy?

Rew­ma­to­log­lar (bo­gun şi­kes­le­ri luk­ma­ny) bu ga­ra­ýyş­la­ry yl­my esas­da sel­je­rip, bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak en­di­gi ba­ra­da şeý­le ne­ti­je çy­kar­dy.

Bar­ma­gy­ňy şyr­kyl­da­daň­da çyk­ýan ses bo­gun­lar­da­ky si­no­wi­al su­wuk­lyk­lar­da­ky kö­pür­jik­le­riň ýa­ryl­ma­gyn­dan dö­re­ýär. Si­no­wi­al su­wuk­lyk bo­gun­la­ry «ýag­la­ma­ga» kö­mek ed­ýän te­bi­gy mad­da bo­lup, sag­dyn he­re­ket et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak kö­pür­jik­le­riň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýan gar­şy­lyk­la­ýyn ba­sy­şy dö­red­ýär. Bi­ler­men­leriň öň­ler şyr­kyl­dy­ny kö­pür­jik­le­riň çök­me­gi di­ýip ha­sap­la­ýan­dyk­la­ry­na ga­ra­maz­dan, ge­çi­ri­len tä­ze bar­lag­lar bar­mak­lar­da­ky se­siň ha­ky­kat­dan hem kö­pür­jik­le­riň dö­räp-ýa­ryl­ma­gyn­dan ýü­ze çyk­ýan­dy­gyny gör­kezdi. Bar­mak­la­ry şyr­kyl­da­da­ny­ňyz­dan soň, der­rew gaý­ta­lap bil­me­jek­di­gi­ňi­ze göz ýe­ti­ren bol­ma­gy­ňyz müm­kin. Mu­nuň bio­lo­gik se­bä­bi bo­lup, boş­lu­gyň we kö­pür­ji­giň dol­­ma­gy üçin 20 mi­nut tö­we­re­gi wagt ge­rek.

Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak bo­gun çiş­me­si­ne se­bäp bol­ýar­my?

Luk­man­lar bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­ma­gyň art­ri­tiň ös­me­gi bi­len bag­la­ny­şy­gy­nyň ýok­du­gy­ny, ýag­ny sag­lyk üçin zy­ýan­ly däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len köp san­ly bar­lag­lar­da bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­ma­gyň bo­gun­la­ryň çiş­me­gi­ne se­bäp bol­ýan­dy­gy ba­ra­da su­but­na­ma ta­pyl­ma­dy.

Ka­li­for­ni­ýa­ly ýa­zy­jy Do­nald Un­ger bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak art­rit tö­wek­gel­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar di­ýen çak­la­ma­ny der­ňe­mek üçin örän tä­sin sy­nag ge­çiripdir. Ol 50 ýyl­dan gow­rak çep eli­niň bar­mak­la­ry­ny her gün azyn­dan 2 ge­zek şyr­kyl­dadypdyr. Bu en­di­gi sag eli­ni­niň bar­mak­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mändir. Ýa­zy­jy çep eli­niň bar­mak­la­ryn­da

36 müň 500 ge­zek kö­pür­jik­le­ri ýa­ryp­dyr. Sy­na­gyň ahy­ryn­da, ýag­ny 50 ýyl­dan soň iki eli­niň bar­mak­la­ry­ny luk­man­çy­lyk bar­la­gyn­dan ge­çir­ýär. Ne­ti­je­de, bar­mak­la­ryn­da bo­gun çiş­me­si­niň ýok­du­gy ýü­ze çy­kyp, bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­ma­gyň zy­ýa­ny­nyň ýok­du­gy­na göz ýe­tir­ýär. Do­nald Un­ger mu­ny su­but eden ýe­ke-täk ýa­zy­jy bo­lup, 2009-njy ýyl­da No­be­liň luk­man­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp bolýar.

Bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak bo­gun­la­ryň çiş­me­gi­ne se­bäp bol­ma­ýar. Ýö­ne bu en­dik köp­çü­lik ýe­rin­de ha­lan­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li, müm­kin bol­du­gyn­dan bar­mak­la­ry şyr­kyl­dat­mak­dan ga­ça dur­ma­ly. He­re­ket­le­ri­ňe üns berip, özü­ňe erk et­mek esa­syn­da bu en­di­giň öňü­ni alyp bol­ýar.
110
60
Arslan_Alaýew
12.04.2024 21:04

"OK" dünýäde iň köp ulanylýan we tanalýan sözleriň biridir.Düzgün bolşy ýaly, dil täze sözlere diňe tanyş sözlere meňzeýän mahaly rugsat berýär. 1839-njy ýylyň 23-nji martynda “Boston Morning Post” -yň ikinji sahypasynda “o.k. all correct" Bu gowşak degişmäniň, kärdeşleri ýaly ýitip gitmegiň ýerine, nädip diri galmagy, Amerikanyň 1840-njy ýyldaky prezident saýlawy bilen baglanyşykly bagtly tötänlik sebäplidir. Bir kandidata Old Kinderhook lakamy berildi, öňki Amerikanyň prezidentiniň dogry ýazyp bilmejekdigi we şeýlelik bilen resminamalaryň hemmesini "all correct" gysgaltmasy diýip pikir edip, "OK" bilen tassyklanjak ýalan erteki bar. 


  Bu faktlaryň ikisi-de adamlary "okey" ýada salmaga hyzmat etdi. Onýyllygyň içinde adamlar hakykatdanam resminamalara “OK” diýip bellik edip başladylar we hemme zadyň gowydygyny görkezmek üçin telegrafda “OK” ulanyp başladylar. Şeýlelik bilen, OK öz ýerini tapdy, aýtmak ýa-da ýazmak aňsat, şeýle hem düşnükli bolmagy üçin tapawutlydy. OK-yň çäklendirilen ulanylyşy bardy. Ýalňyş ýazylan gysgaltma käbirlerine sowatsyzlygy aňladyp biler we OK adatça iş şertlerinden başga zatlarda ýa-da rustiki ýa-da sowatsyz hasaplanýan gahrymanlar tarapyndan toslanyp tapylan gepleşiklerden gaça durýardy. Hakykatdanam, Amerikaly çeper edebiýat ýazyjylary, hatda erkin söz ulanýan Mark Twen ýaly ýazyjylaram gaça durýardylar.


Ýöne 20-nji asyrda OK gepleşigiñ esasy akymyna geçdi, kem-kemden hemmeleriň diýen ýaly söhbetdeşligine öwrüldi, indi sowatsyzlyk ýa-da  söz ýaly görülmedi. ABŞ-nyň prezidenti Wudrow Wilson, 20-nji asyryň başynda, tassyklan resminamalaryna ,,okey" bellemek bilen abraýyny göterdi. Tizara ,,OK" köp dillerde öz ornuny tapdy. Ýöne näme üçin OK-y şeýle şeýle köp ulanýarys, ony köp gepleşiklere goşýarys? Okeý-da üpjün edilen zat bitaraplyk, pikir tassyklamazdan ylalaşygy tassyklamagyň ýa-da beýan etmegiň usuly bolup hyzmat edýär. 


Şeýle-de bolsa, dünýädäki gepleşikleri ýeňip geçendigine garamazdan, OK-yň tapylmaýan dilleri hem bar. Taýýarlanan çykyşlarda bu söz kän gabat gelmeýär. Hakykatdanam, resmi çykyşlaryň we hasabatlaryň köpüsi bu sözi ulanmayar. Ýöne ,,OK" henizem söhbetdeşligimiziň giň meýdanyna höküm sürýär.

109
174
Arslan_Alaýew
06.04.2024 13:25

Jynlaryň taryhyndan



Jynlaryň we arwahlaryň hem öz taryhy bar, olar hem edil adamzat ýaly taýpa. Ýöne Jynlar adamlardan öň ýaradyldy, şol sebäpden Jynlaryň we arwahlaryň taryhy, adamzadyň taryhyndan has baý bolmaly? Edil adamzadyň taryhynda pese düşüşligiň we arşa galyşlygyň bolşy ýaly, Jynlaryň taryhynda hem şeýle pursatlar bar. Mysal üçin aýdaly adamzadyň taryhynda pese düşüşlik yzly yzlyna gelen iki sany jahan urşy we ýer ýüzünde monarhyýaň ýok edilmegi. Jynlar öz dünýäsinde pese düşüşligi başgaça görýärler, Jynlar üçin olaryň taryhynda iň aýylganç pursat, Suleýman Pygamberiň şalyk süren döwri. Beýik Ýaradyjy Jynlary we arwahlary Süleýman Pygambere boýun egdirdi, Jynlar bolsa özini adamdan beýik görýärler we Süleýmana hiç wagy beýle zadyň bolanyny bagyşlap bilenoklar. Şol sebäpden Süleýman Pygamber barada ähli informasyýa bir ýerlere zymzyýat bolan ýalydyr? Jynlaryň özi ol döwürleri düýbinden başgaç gürrüň berýärler. Jynlaryň aýdyşyna görä, Süleýman olary aldapdyr, we aldaw bilen olary özüne boýun egdiripdir. Bu ýerde Allahyň hiç hili dahylly ýeri ýok. Jynlaryň köpsüniň pikirine görä Hudaý ýok. Diýmek Hudaý Suleýmana hiç hili hökmürowanlyk bermändir, ýene bir gezek gaýtalaýan, bu diňe Jynlaryň pikiri.

Köne döwürler, geçmişde Suleýman diýen örän zähinli bir oglan ýaşapdyr. Ol oglan ähli ylymlardan başy çykypdyr we örän adalatly bolupdyr, jynlaryň özi ol oglana buýsanýan ekenler. Sebäbi Suleýman jynlaryň dünýäsinden hem habarly bolupdyr. Günleriň bir güni, Süleýman, jynlara adam bedenini ýasap bermäge teklip edipdir. Jynlarda beden ýok, ýöne jynlar edil adamlar ýaly, adamlaryň arasynda aýlanyp göresleri gelipdir. Süleýmanyň teklibi Jynlara örän ýarapdyr.

—Sen bize bedeni nämede ýasajak Süleýman? —Diýip Jynlaryň baştutany sorapdyr.

—Demirden ýasajak, —diýip Süleýman jogap beripdir.

Jynlara bu pikir ýarapdyr, sebäbi jynlaryň demir beden barada öz meýilnamalary bardy. Jynlaryň köpüsi adamlary ýigrenýärler we adamlara zyýan edesleri gelýärler, emma olarda beden bolmansoň adamlara degerli zyýan ýetirip bilenoklar. Indem Süleýman atly bir oglanjyk olaryň esasy muşşakatyny çözüp berjek diýýär, olara demirden beden ýasap berjek diýýär. Her bir jyn öz bedenini erkin dolandyrar ýaly. Onsoň şeýle beden bilen tutuş adamzady arkaýyn boýun egdirip boljak, Jynlar bu dünýede öz hakykatdan hem eýelemeli ýerini eýelejek? Süleýmanyň teklibi Jynlaryň başyny aýlapdyr, we olar Süleýmanyň hakyky islegini görüp bilmändirler, oňa şöhratparaz adaty oglanjykdyr öýdüpdirler. Taryhda ilkinji gezek, Jynlary adamlaryň dünýäsine güýberjek samsyk oglanjyk. Süleýman ilkinji Jyn üçin demir bedeni näçe günläp ýasany belli däl, belkem oňa köp wagt gerek bolan hem däldir? Elbetde Süleýman milionlap jynlara beden ýasap ýermedi, ol diňe Jynlaryň 72 sany hökümdaryna beden ýasady. Olar bolsa Süleýmanyň ýasan demir bedenini hezil edip ýerleşdiler. Belkem ilki başda Jynlar demir bedende oýanyp, aýnaň öňünde eýläk beýläk ýöräp, özlerini synlandyrlar? Süleýmany eden işine adaty adamlar daşyndan näme pikir edenlerini çaklasaň bolýar. Adamlaryň göwnüne Süleýman örän akylly demir adam ýasan ýaly bolup görnendir. Edil biziň döwürmizdäki robotlar ýaly, emma demir bedeniň içinde, ony dolandyrýan Jynyň bardygyny Süleýmandan başga hiç kim bilenokdy. Süleýmanyň döwürinde robotlary ýasap bolýandygy, resmi taryh bilen deň gelenok, ýöne men bu zatlaryň baryny, görgüli Jynlardan eşitdim, şol sebäpden meň taryh bilen işim ýok. Belki Süleýman Pygamberiň döwründe ylym has ösen bolandyr? Garaz Jynlary Süleýman aldady we olary demir bedene gaplady. Jynlar öz demir bedeninden hiç ýerik çykyp bilmeýändiklerine göz ýetirdiler. Galybersede olaryň bedeni Süleýmana boýun egýän bolup çykdy. Olar Süleýmana näçe zyýan ýetirjek boldular, emma başa barmady. Süleýman öz andamynda bir ýerde bir zady gizleýärdi, şol zat Süleýmanyň ýanynda mahaly, oňa zyýan ýetirip bolanokdy, oň tersine, oň buýruklaryny ýerine ýetirmeli bolýardy. Ol zadyň ýörüte ýasalan ýüzükdigini Jynlat çaklaýardylar. Şol ýüzük kimiň brmagynda bolsa, şoňa demir debenler hökman boýun egýärdiler. Şeýdip 72 sany Jynlaryň hökümdary, Süleýmanyň eline , gulluga düşdiler. Olar bolsa adamlary gula öwürjekdiler. Bolan zatlar Jynlar üçin lu wagt hem örän utançly. Gaýdyp hiç haçan, Jynlar hiç bir demir bedene girmezler. Emma Süleýmanyň eden açyşyndan soň, Jynlary bedene gabamak hem gerekdäl. Jynlaryň özi nä-alaç demir bedene girer ýaly edip bolýar, elbetde bu syry Süleýmandan başga bilýän adam ýok bolsa gerek? Biziň döwrümizde adamzady basyp aljak bolýan robotlar barada çeper filimleri kim gördi? Şol filimleriň manysyna görä, adamzadyň döreden akylly robotlarynda, aň düşünje peýda bolýar we şeýle robot adamzatdan dynmak isleýär. Eýsem demirde nireden öz özinden aň düşünje peýda bolsyn? Bu kinolaryň barsy, köne döwür bolup geçen waka barada kakdyrma, ýöne geçmiş bilen deňeşdireňde, kinolar dünýäsinde Jynlaryň bar işi ugryna bolýar. Olary demir beden bilen hiç kim aldanok. A Süleýman olary aldady we özine gulluk etmegi mežbur etdi. Jynlaryň aýdyşyna görä, olar ýüzügiň patyşasyna gulluk etmeli boldylar, jyn görgüller Süleýman elindeki ýüzük bilen olary dolandyrýandyr diýip pikir etdiler? Sebäbi Süleýmanyň ýanynda hökman bir tehnini enjam bolaýmalydy.

Jynlar Süleýmana, tä ol dünýeden gaýdynça gulluk etmeli boldylar. Süleýman Pygamber Jynlary ähli ýerde ulandy. Iň erbet ýeri Süleýman jynlaryň kömegi bilen ýer ýüzünde musulmançylygy ýaýratdy. Ýer ýüzüniň hiç bir goşuny, Süleýmanyň demirden goşunyny öňünde durup bilmedi. Jynlar söweşdede peýdaly bolup çykdylar. Şu wagt biziň döwürimizde, alymlar Süleýmanyň eden işini gaýtalamaga synanşýarlar, Jynlara beden ýasap berjek bolýarlar, ýöne olara başa baranok, sebäbi olarda Süleýmanda bolşy ýaly Allahdan goldaw ýok. Ýokarda okan zatlaryňyzyň barsy ýöne bir fantastiki çaklama we hakykat bolmaga dalaşgärlik edenok.
105
124
Arslan_Alaýew
06.04.2024 09:41

Dünýäň awtonastroýkalary



Dünýäň awtonastroýkalary: Meň göwnüme mydama erbet gyzlar ýaraýar, (sterwa diýilýänler) gözi gaşy gaharjaňdygyny aýdyp duran, mähirli gyzlar näme üçindir gözüme ilenok. Sebäbi mende bilim kän, köp kitap okaýan, bilim diýen zat bolsa puldan gymmat, puly adamyň elinden alyp bolýar, bilimi alyp bolanok, bilimi ol dünýäde hem. ulanyp bolar. Onsoň men öz bilimime buýsanmaz ýaly, maňa ýaramaz gyz gerek, meni mydama başga tarapdan kemsider ýaly, şeýle gyzlar şol sebäpden meň göwnüme hem ýaraýar.

Erkek Hudaýa nähili garaýan bolsa, oňa öz aýaly hem edil şolar ýaly garaýar diýýär. Eger erkek Hudaýdan gorkmasa, onda erkekden oň aýalam gorkanok

***

Ýene dünýäň awtonastroýkalary: Kakaň içgi dünýäsi, oň çagalarynyň daşky dünýäsi. Adamyň içinde näme bardygyny biljek bolsaň, oň çagalarynyň özini alyp barşyna seredäýmeli. Garaz içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol.

Erkek aýaldan beýik, kaka oguldan beýik, eje gyzdan beýik. Men kakamy köp ýazgardym çaga wagtym, görüp otursam şeýle etseň dişleriň çüýreýän eken...garaz özüňden ulyny ýazgarmak bolanok, sebäbi dünýe irarhiýa boýunça gurulan, adam, perişdeler, Hudaý.

***

"Bloklama mehanizmlary" bar diýýä Hudaýda. Esasy maksat, adamyň aňynda ters pikirleri uzak saklamaly däl. Sebäbi aňda uzak eglenen pikir adamyň ýüregne (zandyna) öwrülýär. Adam zandy bolsa irde giçde Allahyň öňünde dikelip (başyny sallap) durmaly. Şol sebäpden aňdan, (kelleden) ýaramaz pikirleri itip aýyrmak üçin ähli bela beterler adamyň başyndan ugradylýar. Bu hem Sergeý Lazerewiň sapaklaryndan, ýöne azajyk dine adaptasyýa edilen...

Adam "üstünlikli ykbaly" durmuşunyň maksady edinse, oň başyna neşekeşlik inýär. Bu Sergeý Lazerýew diýilýän adamyň sapaklaryndan. Neşekeşligiň döwri adamlaryň pikirleri tersdi, SSSR ýaňy ýykylypdy, ýollar açylypdy, söwdä başlapdy, adamlar daşary ýurtlara gatnap başlapdylar, durmuşdaky esasy maksat baýamak, emläk ýygnamak bolupdy, öň ýok mümkinçilikler açylypdy. Adamlaryň kellesinden ters pikirleri aýyrmak üçin, iň gowy ýol adamlara betbagytçylyk ugratmak we kesel ugratmak. Başyňdan inýän islendik problemma, ters tarapa barýan adamy, dogry ýola ugrukdurmak üçin ugradylýar. Meň pikirimçe şol döwüriň neşekeşligi kesel däldide, dermandy, ýöne ajy dermandy. Tutuş halk ters ýola düşdi. Baýamaly, maşyn almaly jaý almaly, öz goňşyňdan galmaly däl, inomarka, wideomagnitafon, snikers, kola, sifrawoý týuner we ýenegör, ruhy dünýä bilen maddy baýlyk bile ösmese, hiç haçan gowlyga eltenok, Hudaý tarapyn balans döredilýär. Elbetde aýdan zatlatymyň barsy Sergeý Lazerewyň sapaklary we men şol sapaklara ynanýan.

Adalatsyz hiç zat ýok, ýöne biz tutuş kartinany görüp bilemzok...

***

Arzuw etmek gowy zatdyr öýdýädim hemişe. Arzuw etmegi bizde hemişe daşky gurşaw hem gollap durýar. Kinolarda, edebiýatda, multfilimlerde, garaz arzuw etmegi bize hiç kim gadagan edenok, gaýtam oň tersine, diňe maslahat berýärler. Hakykatda welin arzuw diýen zat adam üçin zyýanly, boş arzuwlary şeýtan etdirýär diýýär Kuranyň Baş redaktory. Gowja pikirlenseň Baş redaktor bilen ylalaşsa bolýar. Her bir adam öz öňünde beýik maksatlary goýýar, makalaň awtornyň aýdyşy ýaly hasap geçýär, netije çykarýar. Ýöne ykballary biz ýazamzok, biz derýa gaçan bir bölek çöp ýaly, diňe akymyň ugry bilen ýüzüp bilýäs. Eger hakyka ýagdaý biziň arzuwlarymyz bilen gabat gelmese, bizde tutuş älem-jahana ýigrenç döreýär.

***

Awtor Hel Elrod. "Ertiriň gudraty. Ertiriň birinji sagady nädip siziň üstinligiňizi kesgitleýär?"

Şu kitabyň awtory 400 müň dollar bergä batýar we öýünden çykatyljak bolup dur, işden hem galýar. Näme etjegini bilenok we ýakyn dostynyň ýanynda zeýrenýär. Dostam oňa ir turum ylgamana çykmagy maslahat berýär, başda awtor geň galýar, nädip ir turmak meň promalarymy çözer diýip, soň barybir ir turup görýär. Iň soňynda şol adam ir turmak barafa kitap ýazýar, dünýä belli bolýar. Ýokarda agzan kitabym iň köp satylýan kitaplaryň biri, ençeme dilllere geçirlen. Awtoryň özi hem ähli kişä ir turmagy maslahat berip gezýär....

***

Ençeme ýyllap, her tomus paslynda men bergä batýadym. Sentýabr aýyna çykynçam bir giden bergili, näme üçin beýle bolýanyny bilemokdym. Aýalym köp baňka ýapýandyr öýüdýärdim, ýa-da çagalary okuwa ýygnamak üçin köp pul gidýändir öýdýärdim. Emma problemma onda däl eken, prosta yomusda gün dogmaka turup bolanok, günden öň turmasaň welin, pulyň bolanok.

Azajyk düzediş: Ir tursaň ähli dilegleriň gowy kabul bolýar, näme dileseň hem. Meň bergim kän, şol sebäpden maňa pul gerek, ir turýan, pul problemma ýok. Eger diňe aýlyga kanagat edip ýören adam ir tursa, başga dilegleri kabul bolar. Kim näme gözleýän bolsa, şoňa barýan ýol gowy ýeňilleşýär. Meň girdeýjim 2 esse artdy...keýpiň gowy, öýde problemalar azaldy... adamlar bilen gatnaşygyň sazlanan ýaly...

© Rahman ZULFIKAROW
102
83
Arslan_Alaýew
05.04.2024 16:31


Belli bir ýaşdan geçen her bir adam, bir zada düşünmeli. Haýsam bolsa bir Güýç, adamyň durmuşyny dolandyrýar. Elbetde ol güýç Hudaý, we elbetde biziň ber birimiziň ol Güýje bolan garaýşymyz aýratyn. Hudaýa bolan garaýyşlardan iň köp ýaýrany: “Hawa, Hudaý bar, hawa ol Güýçli, ýöne oň maňa eli degenok, ol asmanda bir ýerde planetalary aýlaýar, galaktikalaryň arasyndaky urşlara gatnaşýar, ol öz başyna, men öz başyma, eger örän agyr bolsa, men Ony kömege çagyraryn”. Beýle garaýyşyň ateizmdan gowy ýeri ýok. Biziň Hudaýa garýşymyza garamazdan, Ol her bir adamyň durmuşyny dolandyrýar, özem dolandyryşda, Öz täsin golyny goýýar. Meň aýtjak zatlaryma düşünme kyn, sebäbi meň özüm ýaňy diýen ýaly ähli zada düşünip başladym. Onsoňam ähli zady sözde düşündirip bolanok eken, köp halatlarda “zritelny obrazy” diýen zat gerek eken. Ýeri bolýa, barybir synanşaýy, ýöne temany diýseň uzakdan başlamaly boljak.
Hudaýyň adamzat durmuşyny dolandyrşyny meň pikirimçe iň birinji gören we çeper eseriň üsti bilen düşündirip bilen Ýapon ýazyjysy Haruki Murakami. Ol ýazjyň özi, Hudaýa ynanýadyr öýdemok, ýöne baribir Hudaý barada iň wajyp informasyýany bermegi başarypdyr. Ol ýazjyň iň wajyp eserniň ady “Kafka Kenarda”. Bu eseri men birinji gezek 2014-nji ýylda okadym we şol bada öz durmuşumdaky iň gowy kitap diýen netijä geldim. Men ilki ol eseriň näme üçin meň göwnüme ýarandygyny hem düşünip bilmedim. Meň göwnüme şol kitabyň üsti bilen maňa örän wajyp bir zat aýdylan ýaly bolupdy, ýöne näme aýdylany aýan däldi, (ol eserde Hudaýyň goly bardy). Diňe şu ýyl men nämäň nämedigine çalaja çaladan düşünip başladym. Ýer ýüzünde ähli barlyklary Hudaý dolandyrýan bolsa, diýmek Hudaý öz edýän işini, başga hiç bir güýç gaýtalap bilmez derejede amala aşyrmaly? (Başga güýç diýip şeýtany göz öňüne tutýan). Başga güýçler barada aýratyn, bu wagt bolsa iň esasy Güýç barada aýdyp bereýin. Bu gezek mysaly öz durmuşymdan getirme kyn, şol sebäpden Kafka kenarda eserinden getireýin, has takygy şol eseriň sýuzetyndan, Haruki Murakamiň bilmezlikde, ýa-da bilgeşleýin aýan eden infomasyýayndan. Esere görä bir oglan bar eken we ol oglan 15 ýaşynda bir gyza sataşýar. Oglanyň ady Kafka, gyzyň ady Saýeki. Ol jübüt 15 ýaşdan başlap jynsy gatnaşykda ýaşap başlaýarlar. Oglan baý maşgaladan bolup, we öz başlaryna kitaphanalary bar, oglan şol kitaphanaň 2-nji gatynda, bir otagda ýerleşýär, öz öýündäkilerden çetde we öz başyna kitap okamak üçin. Wagtyň geçmegi bilen, Kafka atly oglan, Tokiýa (paýtagta) okuwa gitmeli bolýar we Saýeki bilen hoşlaşýar. Saýeki Kafkadan gaty görýär, meni taşladyň diýip, sebäbi Saýekiň ene atasy öz gyzlaryny hiç ýerik göýberenoklar. Aradan köp ýyl geçmäkä Kafka şäherde ölýär we Saýeki ýeke galýar. Soň ol gyza bir zat bolýar, öz şäherini taşlap gidýär, bir näçe ýyldan soň bir heýkeltaraşa durmuşa çykýar we ondan ogul dogurýar. Oglunyň daşyndan bir gizjagazy hem gyzlyk alýar. Ýöne ýoldaşy bilen uzak wagt ýaşaman, ogly 4 ýaşynda wagty äri bilen aýrylyşýar we 4 ýaşly ogluny taşlap gidýär. Indi waka taşlanan ogul barada we şoň sözlerinden dowam edýär. Oglanyň kakasy heýkel taraş, aýalynyň şeýdip gideni gaty görüp, ondan ar almak isleýär we örän täsin usul saýlaýar. Ol heýkeltaraş ýöne adam däl bolmaly we durmuşyň köp syrlaryndan habardar bolmaly? Ol adam entek öz ogly kiçi wagty, oňa birje gezek şeýle diýýär: -Sen meni öldürersin we öz ejeň we öz uýaň bilen ýatarsyň. Oglan bir bada näme eşidenine düşünenok we kakasynyň aýdan zady barada oýlanyp gezýär. Şeýle usul bilen guýylan informastýa, irden giçde adamyň kellesinde programma öwrülýäninden, heýkeltaraş habarly bolmaly? Oglanyň pikirne görä bolsa, kakam şeýle usul bilen, ejemden ar aljak bolýandyr diýip düşünýär. Sebäbi gynansakda her bir adamyň ähli arzuwlary irde giçde hasyl bolýar. Oglan köp kitap okany üçin, özine Kafka ady saýlap alýar, kafka Tamura. Şol öz ejesiniň birinji söýgülsiniň adyny, özem öz ejesiniň geçmişinden habarsyz, ejesi hem öz taşlap giden oglunyň ykbalyndan habarsyz. Onsoň Kafka Tamura 15 ýaşap öýünden gaçýar, sebäbi öz kakasyny öldürer öýdýär we azyp-tozup öz ejesiniň şäherine düşýär. Ol ýerde şol kitaphana işe girýär we ýaşama ýeri bolmansoň, kitaphanaň 2-nji gatyndaky otagynda ýerleşýär. Örän täsin tötänliklere görä bolsa, şol kitaphanany ýöredýär, Kafka Tamuraň ejesi bolup çykýar. Ýöne Kafka Tamura öz ejesine sataşanyna doly ynamy ýok, diňe çaklamalar, oň ejesi hem, Saýeki hiç zady boýun alasy gelenok. Bar zadyň tarapy, Saýeki atly aýal, 15 ýaşlarynda, öz gowy görýän oglanynyň ýaşaýan kitaphanasynyň 2-nji gatynda şol oglan bilen duşuşuklar gurnaýardy. Özem ol oglanyň ady Kafkady. Indem ençeme ýyllardan soň, şol kitaphanaň 2-nji gatyna Kafka atly 15 ýaşly oglan ýaşamaga geldi. Awtor okyýja näme aýtjak bolýar? Elbetde awtoryň öz aýdýan zatlarynda Hudaýyň goluny görýändigi känbir düşnükli däl, sebäbi meň pikirimçe awtor ateistmyka diýýän, ýöne barybir Haruki Murakami öz işini doly ýerine ýetirdi. Indem awtoryň aýdan zatlary: Saýeki atly gyz üçin, oň iň bagtly günleri, 15 ýaşyndaky wagtlary, öz gowy görýän oglany bilen ýaşaşyp bilýär. Soň ol oglan ony taşlap, okuwa gidýär we ýogalýar. Saýeki durmuşa çykýar we ogul dogurýar, we özi öz ogluny taşlaýar, özem kitabiň mazmunyna görä, öz duguran oglunda, öz birinji söýgülsiniň ruhy bar ýaly? Saýekiň göwnüne ol, öz birinji söýgülsini taşlap, ondan ar alýan ýaly bolup görünýär. Saýekiň ýoldaşy heýkeltaraş, aýalynyň taşlap gidenini bagyşlap bilmän, oglunyň kellesine programma guýýar we öz ýalyndan ar almagy isleýär, netijede aryny alýar. Saýekiň taşlanan ogly Kafka Tamura, öz taşlap giden ejesi bilen ýatmagy arzuw edip gezýär we iň soňynda öz ejesine sataşýar. Saýeki atly gyz, öz durmuşyndaky iň süýji günler, 15 ýaşynda geçdi diýip pikir edýär we şol günleriň gaýdyp gelmegini dileýär. Netije öz söýgülsiniň köne otagyna 15 ýaşly Kafka atly oglan peýda bolýar, ol oglan bir bada Saýekiň ogly. Göräýmäne adatdan daşary waka, sýužet gyzykly, ýöne bu ýerde ähli zatdan beter täsin tötänlikler gyzykly. Şeýle tötänlikleri diňe, Beýik Ýaradyjy gurnamaga ukyply. Bir nokadyň üstünde 3–4 sany adam, durmuşdan öz isleýän zadyny alýar. Kaka öz aýalyndan ar alýar, oglan öz ejesine duşýar, eje öz köne söýgülsine sataşýar. Özem üçisi hem bir nokatda. Hudaý bir hadysaň üsti bilen, bir näçe sany meseläni çözýär, özem bolýan zatlary örän ussatlyk bilen bir birne gabat getirýär. Biziň ählimiz öz durmuşumyzda şeýle zatlaryň şaýady boldyk we öz başymyzdan geçirdik, ýöne biz köplenç ähli zady tötänlikleriň hasabyna ýazýarys.



© Rahman Zulfikarow

102
149
Arslan_Alaýew
05.04.2024 07:19

10 ýyl türmede...



Aşakdaky sözleri dogrymy aýtsam kynlyk bilen özümden çykarýan. Özüm barada gürlemegi kän bir islämok, ýöne alaç ýok, eger bir zatlar bilýän bolsaň saňa hökman aýtmaga mežbur edýärler. Meni hem bir zat mežbur edýär, aýtmaly zat welin şeýleräk. Men 10 ýyl jaýsyz kösendim, 2012-nji ýyldan şu günlere çenli ona munda ýaşap gezim. Adaty adamyň gözi bilen seretseň dünýe tutuşlugyna adalatsyzlyk. Magtymguly atamyz daş töwerekdäki adalatsyzlyk barada köp zat aýdyp geçipdi, ýöne atamyz ýalňyşýardy. Daş töweregimiz adalatyňam adalaty, biz ýöne ony göremzok, düşünemzok. 2014-nji ýylda men işden öýe dolanamda ýaşaýan ýerimden bir duralga öň düşüp, pyýada ýöräp Hudaýa gargaýardym, men bilýän, ol meni eşidýärdi. Hiç hili adam gara ýok, daşary ala garaňky, çala pişyrdap asmany erbet sözler bilen ýatlasaň hem bolýardy, ýöne meň problemalarymyň esasy sebäbi ol däldi. Meň 10 ýyl kösenenime başga bir sebäpler bar. Her bir kösenýän adamyň, näme üçin kösenýändigini Beýik Ýaradyjy irde giçde aýan edýär, haçanda kösenýän düşüner derejä gelende. Men belki düşüner derejä gelendirin? Edil şu ýerde yzyny nädip ýazjagymy bilemok, ýazýanda ýene pozýän, pikirlerim bulaşýar. Eger ýazan zatlaryňy hiç kim okamajak bolsady, onda bar zady bolşy ýaly aýtsaň bolardy. Ýöne iň soňunda kyýamatda bar zat aýan boljak bolsa, gizlemegiň hiç hili hajaty ýok. Men näme etdim, ine iň wajyp sorag, men 2012-nji ýylda enemiň öýden itmegine sebäp boldum. Enem welin meni diýseň gowy görýärdi, ol meni öz çagalaryndan beter hem gowy görýärdi. Edil bolan zatlary şu ýerde harpma harp aýdyp bilemok, ýöne şol günler öýde bolmasyz dawa boldy we meň enem menden gaty görüp, öýden çykyp gitdi, soň gelmedi. Men ony gönümel sözler bilen kowamok, ýöne ol öýden gider ýaly ýol açdym. Edil şol ýyl hem özüm öýden kowuldym we 10 ýyllap jaýsyz kösendim. Elbetde adaty adam aýdar, bar zat dogry, sen öz eden işiň üçin Ýokardan jeza aldyň. Ýöne bar zat beýle ýönekeý däl, Beýik Ýaradyjyň işleri has çylşyrymly. Şol döwürler meň kalbymda jaýsyzlyk diýen zat, beýle bir ýaramaz zat ýaly däldi, şol sebäpden men enemi saklajak hem bolmadym. Eger Hudaý maňa, eden erbet işlerim üçin birje gezek jeza beren bolsa, meň başyma erbet ýarawsyzlyk ugradardy we şonluk bilen bar zat sowulardy, ýöne Asmanyň nýeti, günä işler üçin jeza bermek dälde, şol günä ýene gaýtalanmaz ýaly adama düşündirmek. Maňa hem düşündirmek üçin 10 ýyl gerek boldy. Jaýsyzlyk gowy däl, jaýsyzlyk gowy däl diýen pikiri, Hudaý meň kellämde 10 ýyl saklady, aňyňda şonça ýyl saklanan pikir, hökmän seň kalbyňa we ruhyňa siňýär, ruhyňa siňen düşünjäni bolsa, sen ol dünýä alyp gidýäň. Gije sagat 3-de turuzup, jaýsyzlyk nähili zat diýip sorasalar, men gözlerimi açman, gowy zat däl diýip jogap bermeli. Birden bu dünýäde gözümi ýumup, ol dünýäde gözümi açsam, menden ýene şol soragy sorasalar, men hem şol jogaby bermeli.Adamyň ruhy, zanny ýa-da türkmenleriň aýdyşy ýaly adamyň kalby örän kesir zat. Adamyň zannyna iň ýönekeýje düşünjäni ýazmak üçin ençeme ýyllap oň aňynda şol düşünjäni saklamaly bolýar, başga çykalga ýok. Ýöne adamyň zandyna ýazylan düşünje, ol ýerden aňsat pozulanok. Şol düşünjäni biz ýanymyz bilen ol dünýä alyp gidýäs. Mysal üçin men öz ölümümden soň maňa näme boljagyny bilemok, belki Hudaý maňa kyýamata çenli arkaýyn ýatmaga rugsat berer, ýa-da ýene bir näçe gezek bu dünýä ugradar, belki kyýamata çenli wagt diýseň kändir? Eger men bu dünýä ýene bir gezek gelmeli bolsam, men eýýäm dogulanymdan jaýsyzlygyň erbet zatdygyny bilerin, hiçkim maňa düşündirmez, hiç kim maňa aýtmaz, men ýöne öz özümden  bilerin. Adamdaky doga-bitdi gowy häsýetleriň barsy hem şeýle işleýär, şol sebäpden "zandynda bar“ diýen düşünje döreýär.
102
138