Kömelekleriň beýni we süňk saglygy üçin peýdasy
Kömeleksiz nahary göz öňüne getirip bilmeýänler üçin ajaýyp habar bar. Kömelekler naharyň tagamyny gowulaşdyrmakdan başga-da saglyga oňyn täsir edýändigini aýdyp beýan edip bolýar.
Kömelek başga näme üçin peýdaly?
Birnäçe barlaglaryň netijesinde kömeleklerde iki sany antioksidant: ergotionin we glutation bardygyny subut edilipdir. Bu antioksidantlar bedeni garry ýaly görkezýän garrylyk alamatlaryna sebäp bolýan fiziologiki stresden goraýar. Beýnimizdäki ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleri haýalladýar. Barlaglaryň netijesinde gözlegçiler ýokarda agzalan iki antioksidantyň (ergotionin we glutation) Parkinson we Alsgeýmer keselleriniň öňüni alyp biljekdigini aýdýarlar. Geljekdäki newrologiki keselleriň howpuny azaltmak üçin günde azyndan bäş kömelek iýmek maslahat berilýär.
Kömelegiň akyl saglygynyň başga bir peýdasy. 2019-njy ýylda Singapuryň Milli uniwersitetiniň gözlegçileri hepdede iki nahar kömelek iýmek bilimiň peselmek howpuny azaldyp biljekdigini anykladylar. Kömelek iýmitiň tagamyny duzdan has gowulaşdyrýar, sebäbi onyň düzüminde glutamat ribonukleotidler bar. Bu birleşmeler gan basyşyna ýa-da ýürek kesellerine hiç hili täsir etmezden ýakymly tagam berýär. KKömelek ergosterol atly birleşmäni göni D witamine öwürip bilýär. D witamini bolsa süňk saglygyny güýçlendirýär. Energiýany ýokarlandyrýar. Ondan başgada kömelekler B witaminlerine baý: riboflawin (B2), fol kislotasy (B9), tiamin (B1), pantoten kislotasy (B5) we niasin (B3). Bedene iýýän iýmitinden energiýa sarp etmäge we kislorod göterýän gyzyl gan öýjüklerini öndürmäge kömek edýär.