Arslan_Alaýew
25.05.2024 15:39
"Wagt we Söýgi"durmusda hakyky bolan waka
2-nji bölum
Isleyshim yaly wagt chalt gechmesede in sonky jan wagtymyz yetip geldi bu bolsa Myradyn 1 kursyny gutaryp tomus kanikula oyune geljekdigini anlatyardy. Sheyle begenyardim sebabi onkusinden seryozny garayardy ahli zada alada edip bashlady geljekde bile bolmagymyz uchin. Sonky jan dawaramyzda jan etdi gutlady yakyn gunlerde oyune geljekdigini aytdy, garashyardym garashyan pursadym hem geldi, gelen guni gorushdik, uytgapdir has hem dayawlashypdyr ors adamlaryna menzapdir. Iki aylyk geldi gunde gorushmesegem telefonda kop gurleshyardik, men hem okuwy gutardym okuwa synanshasym gelyandigini aytsam. Gerek dal gelejekde bile bolsak ishletjegem dal oyde otursan bolar zada hor etmen diydi. Bir yyl sheydip oturdym, yene sentyabr ayy geldi ayrylmaly pursadymyz hem geldi yone men owrenishdim. Okuwda sagaman okap yorse bu wagtlaran gecher diyip gezyardim oyde bolsan wagt gechmeyanligini indiki yyl okuwa synanyshjakdygymy aytdym. Razy boldy sheydip yene bir yyl zordan gechdi, gullukdakylar yaly gunumi sanap gechiryardim. Tomus pasly yetip gelyardi, yene hem kanikula gelmeli wagty boldy men hem okuwa tayynlanyardym. Okuwdan geldi nache wagt gorushmedik dashary yurtdan uytgeshik bir zat getiripdir, kakasyna hem mana alypdyr. (masgalasnyn men bn gurlesyaninden habary bardy) Howes bilen dakyndym, dokumentlerimi tabshyrdym, ekzamin gunleri yetip gelyardi. Gaty tolgunyardym sebabi yene oyde oturmak gaty kyndy. Ekzaminlerin arasy 2 gun sheydip Aman Kekilow adyndaky mugallymchylyk mekdebine okuwa girdim. Gaty begendim ol hem begendi, sebabi bir yylymyz gechse toy etmek hyyal etyardik. Sentyabr ayy hem geldi men howes bilen okap bashladym gunde okuwdan gelyarkam ony gorup bilyardim. Ol hem sentyabr ayynyn ahyryna okuwa gitdi. Seydip hen kyn gunlerimiz bashlandy.
Men internetdan peydalanyp basladym, gunde surat ugradyshyadyk gurleshyadik. Wagt chalt gechyardi, dwayurny doganym Maya durmusha chykyardy. Ol hem menin gysh kanikulyma dusuripdi arkayyn toy gor diyip. Sheydip gyshky ekzaminlerden hem ustunlikli tabshyrdyk, Mayalara gaytdym komek etmek maksady bilen emma toya bolan howesim gachypdy. Sebabi Maya bilen irden turanymyzda telefonuma seretsem Myratdan sms gelipdir. Sms achmankam begendim, yone achanymda bolsa gozumden nadip yashyn gelenini bilman galdym. Smsinde indi meni soymeyanligini ol yerde gowu gyz tapandygyny ony soyyanligini indi ona jan etmezligi sms yazmazlygy int hawar tutmazlygyny yazypdyr. Hich hili sesimem chykaryp bilmedim, dine gozlerimden yash gelyardi. Maya menin bolup oturshyma gynanyp elimden telefonumy alyp ona sogup sms yazypdyr, ol hem mana sogupdir. Sheydip ilkinji soygumi ikinji gezek yitirdim.
Dowamy bar...
39
148
Arslan_Alaýew
25.05.2024 02:00
"Wagt we Söýgi" durmusda hakyky bolan waka
1-nji bolum
Mekdep dowrudi, 8-nji klasdym. Oglan gyzlarymyz bolup uysup oturyadyk, ozumizden uly klaslardan biri geldi oglanlarymyzyn yanyna, sol wagtlar onun adynam bilemokdym. Son oglanlarymyzyn yanyna gelyan bolsa indi gyzlarymyzyn yanyna gelip baslady. Kan uns hem bermedim, sebap gyzlarymyzyn birini halandyrda sonun ucin gelendir oydup pikir etyadim. Sonlar bildim meni synlayandygyny, Men hem ozunden beter bolup synlap basladym joram bilen bir bada ustunden gulyadik. Uzyn boyly dayaw ak yagyz oglandy,onyñ ady Myrat. Bir gun bedenterbiye sapagynda mugallym bolman woleybol oynuny oynayarkak geldide erbet edip seretdi. Menem gozin gachyar ay oglan diydimde oyundan chykyp gaytdym. Sonlar oye gaydamda yzymdan gaydyp bashlady yone men 1 yyllap hosh soz bermedim halasamda. 9 klasa gecemde sozuni aldymda halasyp basladyk. Hemme zat gul yalydy gunde mekdepde gorusemizson gijelerine gorusmeyardik. Yone sonlar okuwa gelsede men bilen ishi bolmady. Name sebapden beytyaninem aytmady. Ahyr yekelikde klasa girip baryarka name bolanyny sorasam dayym yogaldy diydi. Gaty gaharym geldi dogry patachylyk bar yone menden hich hili hawar almady. Menem bolya diyip 40 gechyancha diyip sesimi chykarmadym. Gechdi onun okuwy gutarmaly wagty yetip gelyardi. Gaty gynanyardym hachandan bari mekdebede gelmanson goresim gelyardi. In sonky jan yetip gelyarka mekdebe geldide sen mana indi geregin yok diydi. Hic hili sona jogap berip bilmedim bokurdagym doldy. Sesimi chykarmadym aglamadymam ozumi nayyynjar gorkezmayin diyip yone agshamlaryna agladym. In sonky jan gechdi. Olaram okuwy gutardy,
bir gun ir bilen joramynka gitdim. Sebabi bayramcylyk yetip gelyardi. Koynek almak uchin bazara gaytmaly bolduk. Baryarkam onumden Myrat chykdy. Salam Leyli gowuny hayysh meni dinle hayysh shu men nomerim jan eday diyipdi men telefon ulanmayandygymy aytdym(hakykatdan hem ulanmayadym)edil shol wagt ozuninkini berdi menem sen zadyn gerek dal diyip almadym olam hayysht etyan al ertir yzyna alarn diydi. Aldym bazardan gelemson jan etdi, Aldym hayysh bagyshla meni Leyli yalnyshdym shol wagtlar ozumem bilemokdum name bolyanyny diydi name sebapden sheydenine dushunip bilmedim. Sonra yene yarashdyk, gowulykdy oz gatnashyan oglanlary toy etdi. Toyda azrak ichipdir, edil shol wagt hem mana jan etdi Leyli meni bagyshla shonda men seni aldatdym wagt gechirmek isledim yone ozuni gowu alyp baranlygyn sebapli hich hili degip bilmedim, indi dushunyan meni bagyshla diydi. Dogrusyny aydanyna sheyle begendim, ol sonra mana garashgynyn hayysh etyan diyip dashary yurda gitdi. Okuwa girenine sheyle begendim emma ayralygymyz welin goz onume gelse agym tutyady. Sonra men 10 klasa gechdim, soz berishim yaly ona garashdym mekdepde hemme zat Myrady yatlatyardy. Dashary yurtdan her hepde 2 gezek jan etyardi hemde aralygynda sms hem yazyardy. Seydip gysh paslyna hem gadam basdyk, gysh paslynda doglan gunumdi. Ony yatdan chykarmandyr, okap yoren yerinde menin doglan gunumi bellejekdigini, interneda girmegimi, surat ugratjkdygyny sms arkaly habar berdi. Int girmamson int girmegin ugruna chykdym. Achdyrdym doglan gunum yetip geldi, jan etdi gutlady sheyle bagtlydym, sonra jigsinin mana padarka akeljekdigini aytdy. Agsham dushup baryan chagy jigsi jan etdi we mana zatlary almagy hayysh etdi. Aldym gaty begendim roza guleri derrew waza suw guyup oturdymda padarkalary bilen surata dushup ugratdym. Gaty begenyardim shol yerde hem meni yatdan chykarmayanlygy uchin, dine sagaman wagtyn gecmegini dileyardim.
Dowamy bar !! 30-like dan son
48
603
Arslan_Alaýew
24.05.2024 12:39
Açylyšmady òykeleśen yùrekler
Bekdurdy Sùlgùni òz islegi boyunça 3- ýyl halaśyp aldy.
Bu toya ejesi hiç gòwnemedi, yòne yekeje ogly ayak dirap duransoñ nálaç alyp bermeli boldy
Bekdurdyñ yekeje gyz dogany bardy. Onyñ ady Gùljemaldy.
Gùljemal Bekdurdydan uly bolañsoñ durmyśa çykandy
Ilki ilkiler Bekdurdy sòyùp alan gyzy bilen bagtly yashayardy.
Bularyñ iki gyz bir ogly bardy .Olar hem eneçildi, enede ene diyśip, ejesiniñ yanyna hem kän baranokdylar
Aý gùn geçip durdy. Bu bagtly mashgala gòz boldymy, dil boldymy yuwaś yuwaśjadan òyde sene mene bashlady. Sùlgùn Bekdurdyny diñleman baślady. 30-yaśamañka yzly yzyna bolan çagalara ýetiśip bilyan daldir diyip, kän oña sem bol hem diymedi
Sùlgùn bolsa gùn gećdigiçe has hem mowç uryan yaly ,sahel zada yrsarap baślady we òyde gunde goh galmagal bolyp baślady.
Ejesi gòrguli suyegini zordan surap bulary ylalaśdyrjak bolyardy, oda birde bolsa, birde bolanokdy
Soña baka Bekdurdy Sùlgùne gaharyna bâs gelip bilman, el galdyryp baślady
Bu bolyan gohlaryñ duyp sebabi hem Bekdurdynyñ dogany Gùljemalyñ yarawsyzlygy sebaplidi.
lukmana çykarylyan çykdajylaryñ aśa kòplùgi sebapli, onyñ saglygyna diklem goldow berip durmasy Sùlgùniñ gaharny getiryardi .
Oyyrsa tursa
-àr diyip saklap otyran ársumagy, heleyine seredera, edilyânin bilip biziñ ustumize ataydyda , diyip edil nahara oturlan wagty Bekdurdyñ nerwisini çokalap alyardy
Bekdurdy hem onyñ menden baśga kimi bar, meniñ hem śondan baśga bu dùnyede kimim bar, senem dùśun ,bir zada,seni zada hor edemok ,yone seni zatdan doýyryp bolanoga, diyip naçe jan edip dùśundirjek bolyardy.Oda tersine tázir etyardi
Gùnlerde bir gùn oglynyñ doglan gùnune gyz dogany Gùljemal
-jigimjanyñ doglan gùnini gutlaýyn diyip gelaydim mena diyip yylgyryp òye geldi
Sùlgùniñ yuzi gòzi açylmady .Gùljemal gelinlerniñ halamandygyn bilsede doganyñ hatyrasyna hiç hili syr bermedi
Doglan gùnden soñ Guljemal òyine gaytjak bolanda
-Guljemal egenlere palow akit , indikide olary goyyp gaytmagyn, baryñyz bile geliñ bormy
-bor dogan
-Sùlgùna Guljemal òylerne gaytjak bolyar, maśyny gyzdyryanjam oña palow, suyji koke we tort galan bolsa ondanda azajyk salyp goyber , duydide maśyny graždan çykarmaga yòredi
Sùlgùn hùññurdap, name óz òyinde iyere zat yokmyka diydi, ony Bekdurdy doly eśtmesede Guljemal e§tdi
-Sùlgùn gerekdal, salma ozal hem yùkum yetik
-bolmanda doglan gùne yòrùtelap gelmedigña belli, maśyny doldyrda garpyz diydi gawyn diydi, sogan,kartośka,kadi diydi
Iyjek bolsañyz barden çekman wagtynda ekmeli ekeniñizda, diyip hùññur hùññur etdi
Bekdurdy Gùljemaly òyùne dùśurip,zordan òye yetdi , maśyny goyyp śo gahary bilen hùññurdap okara yuwyp otyran Sùlgùni yakasyndan sùrap diyen yaly òye saldy
Asawaçdan asylgy duran kemerini alyp, sen bir okara nahar uçin śey diyermiñ doganyma, eklesem men ekleyan, śu òlyançama bir zadym iki bolsa biri uyamyñkydyr, diyip suwa salma edip kemer bilen urdy
Gelniniñ çirkin sesine yarawsyz ejesi aralajak bolyp oda ara girdi, baśarmady yykyldy, goñśylar uý§ùp gelip zordan Bekdurdyñ elinden kemeri alyp araladylar
Sùlgùni maśyna yùklap yarym yyrtyk koynegi bilen, oyùne taksidan ugratdy
Galan zady erte çozeris, diyip ymykly ayrylyśmagy yuregine dùwdi .
Ejesi gòrgùli aglap oglyny kòśeśdirjek boldy , oda tazir etmedi
Gije sagat 4-den soñ aśa gahara bas gelip bilmedik ene gorguliñ gan basyśy yokary galdy, tiz kòmek gelip sanjym etdi, hassahana yerleśdirdi
Yzly yzyna edilyan sanjymyñ, alynyan derman-dariniñ sany saçagy ummadan geçdi
Ejeñ agyr diyip Guljemaly getirdiler.
Sùlgùni welin getirilmegine Bekdurdy ruhsat bermedi
Azan wagtdan geçip gećmañka,gan basyśyñ has hem beygelip , yurege howa yetmân, ejesi bu dunyesin tazeledi...
Lukmanlar oña
Kesel kesgidi :
1 )Yiti yùrek gan damar yetmezçiligi
2)infart miokart
3)Esensiýal gipertoniya keseli 3-4-nji derejesi
Diyip òlum kepilnamasyny berdiler
Bekdurdy ejesinden ayrylany gaty agyr degdi, ejesiniñ òlumine Sùlgùniñ gùnasi hasaplady ...
Jaylayyś kadalary berjay edilyaka il gùn bilaysemesin diyip Sùlgùni getirdiler
Gòlegçiler gelen badyna az kem adam selçekledi welin,Sùlgùni doganlary akitjek boldy, yòne il gùn bir gowy zat , yaraśjak bolyñ, uç çagañ hatyrasyna diyip ylalaśdyrdylar...
Wagt geçip durdy.
Aradan 6-ay geçdi, bu aralykda Bekdurdy òyden girip çyksada Sùlgùniñ biśiren naharyn iymedi, naharhanadan naharlandy .Onyñ bilen yeke sòzem gepleśmedi, òyde yok yaly girip çykdy. Ejesiniñ otagynda yatyp turdy.
Uyasy Guljemal ejesi aradan çykandan soñ òye gelmesini selçeñletdi
Dogany agzybir yaśasa razydy
Yòne, yòne wah...
natjek açylyśmady òykeleśen yùrekler ...!?
48
211
Arslan_Alaýew
24.05.2024 08:05
Boşap galan öý.Tüssä öwrülen bagt.
2- nji bölümi (bolan waka)
Kerim bu zatlardan bihabardy. Ol doganlary gaýdansoň öz gulluk borjuny ýerine ýetirmek bilendi.
Bu pajygaly ýagdaýdan soň ony doganlarynyň 3-i, pataçylyk diýip harby bölümden alyp gaýtdylar.
Kerim ejesiniň sagalmagy üçin günde lukmanlar bilen maslahatlaşýardy. Ýöne netije pesdi.
Aradan 6-7aý geçdi
Indi Orazsoltan gelneje az kem gepleýardi, ýöne agtyklarny gözläp ýördi, balam oglum nirede, görmediňizmi?, bar bilýan sözi diňe şu iki sözdi ..
Kerimiň talyplyk döwründe gowy gören gyzy bardy. Ol Kerim harby gullukdan gelensoň toý etmekçidi. Welaýatlary aýra bolansoň bular diňe jaň üsti bilen gepleşýardiler. Kerimiň maşgalasyndaky pajygaly ýagdaýdan soň 3- ýyllap söýen ýigidiniň ýüzüne köz çekip, başga birine gaçyp gitýar. Kerim söýen gyzynyň gaçmagy ýureginiň ýarasynyň üstüne täzeden duz sepilen ýaly bolýar.
Kerim söýgi diýen zada söýgülisi gaçan güni ynanmasyny kesýar, güň ýaly gezip ýörkä özi bilen deňirak gutaran kursdaş dosty jaň edip Kerimi toýa çagyrýar.
Kerim bu toýa göwunli göwünsiz gitýar. Toýda her ýerden gelen kursdaş dostlaryny görüp göwni açylýar.
Agşamky toýda oglanlar üýşse toý ir başlan hem bolsa galanyny toý mekanynda dowam etýäler.
Bezenen oglan we gyz ikijigi ak guş ýaljak bolup toýa bezeg berip orta tansa çykanlarynda Kerim düýdansyz söýen gyzynyň ejesi bilen gyz doganyny görýar we ýüregine öýke kine alman salamlaşmaga barýar.
Gyzyň ejesi Kerimi barde görup name etýänini soraýar.
- Gelneje, öýlenýan oglan dost oglanlaryň biri, toýa geldim, diýýar.
- onda toýdan öýüňize dolan oglym: - diýip gyzyň ejesi aýtýar.
-toý azyrak göreli ýörejek, oglanlar bilen maşynly geldik,:- diýip Kerim oglanlaryň arasyna tansa gaýtýar.
Hemme oglanlar üýşüp tans edilip durka gelin bilen oglan hem bularyň ýanyna gelip tansa goşulýar.
Ilki bada üns bermedik Kerim gözüniň alnynda oglanyň boýnundan aslyşyp tans edip duran gyza seredip doňup galýar ....
Gahar depä urýar, 3-4 ýyllap sen meňki men seňki diýişip söýüşen gyzy, gel gel indi alynda dost oglanynyň boýnundan aslylyp tans edip dura.
Nerw doňdy, şirin nan kesmek üçin goýulan pyçagy eline alyp batly gelen Kerimi hiç kim saklap bilmedi. Ol göni gelip geliniň dulygyna gowy bir şarpygy ýelmedi we elindäki pyçak bilen göni böwrüne sünçdi.
Dälilik katdyna ýeten Kerimi naçe oglan bolup saklap bilmediler, polisiýa bölüminiň işgärleri gelip Kerimi alyp gitdiler.
Toý ýatyryldy, gelin jan berdi. Kerimi hem gözenegiň aňyrsyna dykdylar.
3-4 aýdan Kerimi akyl taýdan akly üýtgän diýip çykaryldy we bejergi almak üçün ejesiniň ýatan hassahanasyna getirildi.
Aý gün geçip durdy. Aradan bir-iki aý geçensoň Kerim öýüne goýberildi, diňe gözegçilik astynda alynmaly diýip ejesiniň ýekeje aýal dogany Baýramsoltana berk tabşyryldy.
Hassahanyň nobatçy lukmany hassalary barlap ýörkä Orazsoltan gelnejäniň demsiz ýatanyny gördi we degerli hunarmenleri çagyryp barlag etdiler. Ol ýüregi bu durmuşyň ýoguz kynçylygyna döz gelip bilman jan beripdi .....
Baýramsoltan bolsa gyňajyň ujuny ýüzüne tutyp sessiz aglap öýine dolandy. Doganyndan galan ýeke balasy Kerimjany welin alyp gaýdyp bilmedi.
Baýramsoltan öz öýüne gelip, öz otagyna girip uly ili bilen ses edip aglady.
Onuň sesine tutuş goňşy golam bary bulara üýşdi we gowunlik bermek ucin her haysy bir zat tapyardy.
Sony
30
127
Arslan_Alaýew
23.05.2024 20:36
Boşap galan öý. Tüssä öwrülen bagt
1- nji bölümi (bolan waka)
Tiz kömek maşyny jesedi getirip hossarlaryna gowşurdy. Enäniň iň soňky yolyna ugradylan wagty hem, bu ýatan enäniň ýeke dikraýy ,sygyr tezegini oýnap hatda ejeeeeem diýip gygyrmady.
Ýöne ondan hiç kim geň görmedi. Il gün bir gowy adamlar, illäp-günläp bendäni ile meňzeş edip jaýladylar.
3-7-sini berip her kim öýli öýine gaýtdy.
Baýramsoltan gelneje bolsa ýekeje dogany Orazsoltanyň gapysyny terk etmäge hiç eli barmady.Ol dymýardy ýöne duýdansyz gelen bu bela welin çäre ýokdy. Ol doganyndan galan ýeke oglunyň ýanyna baryp başyn sypady.Ol ýigit çykan, 23-24 ýaşlarynda ady Kerimdi
-— Kerimjan, balam, men öýüme dolanmaly, 4- nji gün irden gelerin we ejeň jumalygyny ederis.
Kerimden bolsa ses-seda çykmady.
Baýramsoltan bolsa gyňajyň ujuny ýüzüne tutyp sessiz aglap öýüne dolandy. Kerimi bolsa alyp gaýdyp bilmedi. Ony goňşy golama tabşyryp gaýtsada gaýtdy welin ýöne hiç ondan ynjalmady ......
Durmuşyň ýowuz külpetlerini başyndan geçiren Orazsoltan gelneje bu öýe gelin bolup düşende öýde bagt guşy mydama pelpelleýärdi.
Söýgi bilen bu gurnalan ojakda agzybirlik höküm sürýärdi. Yoldaşy Çary Orazsoltan diýip ölüp öçüp barýardy. Bu agzybir maşgalanyň 3 sany ogly bardy. Oglanlaryny ile güne ýaramly oglanlar bolup ýetişmegi üçin elinden gelenini etýärdiler.
Aý gün geçip durdy. Oglanlar ese boýa galdy. Uly ogly 8-9-njy synpda okap ýörkä Orazsoltan ýoldaşy iş sapara gidende ýolda awtoulag heläkçiligine duçar bolup aradan çykdy. Orazsoltan 3 çagasy bilen galyberdi. Ýöne ol ruhdan düşmedi. Oglanlaryna ýetim diýdirmejek bolup gije gündüz işledi.
Şeýdip uly ogly mekdebi tamamlap dostlary bilen daşary ýurda okuwyny dowam etmek üçin ýokary okuw jaýyna okuwa gitdi. Ol okuwyndan daşary işlap ejesine azar bermejek bolup hem okady hem işledi.
Soňra ortanjy doganyny soň kiçi jigilerini hem bir birini süräp barsy ýokary okuw jaýyny tamamlap yurda sag-aman dolanyp geldiler. Iki dogany gutaryp gaýdanda körpesi Kerim ikinji krus talybydy.
Orazsoltan gelneje iki ulusyny bir günde körpe ogly Kerim kanikuldaka toý edip öýerdi. Olary öýli işikli etdi. Uly oglyna ýakynjakdan jaý salyp göçürdi, maşyn edindiler, uly oglundan iki çaga, ortanjysyndan bolsa bir çaga agtyk didaryny gördi.
Aradan iki ýyl geçenden soň Kerim hem okuwyny tamamlap geldi. Ol gelen badyna gulluga çagyryldy we yurduň o başyndaky, çetki serhet bölümine düşdi. Bu gün Orazsoltan iki gelniniň ony muny bişirip Kerimiň yzyndan harby kasam okalýan günine gabatlap gidermen boldylar. Uzak ýol bolansoň üç çagany alyp galjak bolsada Orazsoltany çagalar diňlemedi.
Ene, Kerim kakamy görjek, esger eşik geýdimi, diýip ejesi kakasyndan öňürti maşyna münen agtyklaryny höwesini gaçyryp alyp galjak hem bolmady.
Iki ogly, iki gelni, 3 çaga bolup ýola düşdüler
Orazsoltan gelneje balalarynyň yzyndan garap galdy.
Çagalarynyň sag-aman gidip gelmeklerini Allajandan dileg etdi.
Bular harby bölüme baryp, ol gün Kerimi hususy jaýy bir günlik kreýine alyp şol ýerde boldylar. Kerim jigileri bilen oýnady, olary aylap geldi. Bir günlik bolsada öz öýi ýaly duýdy, sebäbi maşgalasynyň bary bardy, diňe ejesi ýokdy.
Ertesi Kerimi harby bölüme tabşyryp öýlerine gaýtdylar.
Iki gün ýadowlygymy ýa ýol uzaklygymy onyha bilmedim welin duýdansyz öňünden batly gelýän ýük maşynyň özine garşy gelýanini gördi-de roluny aýlajak bolup uly ýük maşynyň aşagyna girip gitdi, aýnadan iki çaga uçyp daşaryk zyňyldy, geliniň biri batly urga çydam edip bilmedi we kaklyşylan bada jan berdi. Beýlekiler kimsi kellesi degse kimsi eli döwüldi, maşyn gulplandy açyp bolmady, uly maşynyň zarbyna birden maşyna ot düşdi we maşyn ot aldy
Uly ýolyň ortarasynda ýanýan maşynyň ýanyna adam çagasy baryp bilmedi. Ot söndüriji maşynlaryň kömege ýetişjeginden welin bular uzakdady,çöliň içindedi.
Maşyn içinde galan adamlary bilen ýandy, ony halas edip bolmady. Diňe iki çagany ýaglyga dolap,galanlarny welin oba ilaty her ýerden bir süňkün çöpläp, ony mata dolap öýüne eltdiler.
Dowamy 30 like dan son
63
922
Arslan_Alaýew
23.05.2024 14:46
Mandragoranyň melhemlik häsiýeti
Mandragora baradaky ýatlamalar baryp-ha 4000 ýyl mundan öňki Müsür golýazmalarynda duş gelýär. Gündogaryň gadymy tebipleriniň ulanan dermanlyk ösümlikleriniň sanawynda ol birinji, häzirki wagtda meşhur ženşen bolsa diňe üçünji orunda durýan eken.
Botanikler «daşyndan alça meňzeýän, eti garalynyňky ýaly gyzylymtyl, miwesiniň tagamy bolsa pomidory ýatladýan» bu ajaýyp ösümligiň gadym döwürde mukaddes hasaplanandygyny, şonuň üçin-de ony gazyp almagyň her öňýetene ynanylmandygyny aýdýarlar.
Adatça, mandragoranyň iri ýapraklary ýere ýazylyp ýatýar. Emma ýagyşdan bir-iki gün öň olar dikligine diýen ýaly galýarlar. Şonuň üçin bu ösümligiň atlarynyň biri gadym döwürde «ýagyş ýagdyrýan» bolupdyr.
«Müň bir gije» ertekiler ýygyndysynda we arap rowaýatlarynda mandragora hazyna gözleginiň hökmany esbaby bolup, onuň köküne eýelik edýän adama özgeleriň pikirini okamak we haýwandyr guş diline düşünmek ukyby berilýär. Gadymy grek lukmanlary bolsa hirurgik amal edenlerinde, bihuş dermany hökmünde gyzgyn mandragora suwuna batyrylan sorguçlary ulanypdyrlar.
Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda tanymal lukman bolan meşhur biolog Karl Linneý bu ösümligiň bejeriş häsiýetlerini öwrenip, özüniň derman bölüşiginde oňa «atropa mandragora», ýagny «şypaly mandragora» diýip at beripdir.
Uzak ýyllaryň dowamynda Garrygaladaky (häzirki Magtymguly etraby) türkmen ösümlikçilik tejribe bekediniň direktory bolup işlän tanymal saýlaýjy-botanikaçy we suratkeş Olga Mizgirewa mandragorany öwrenmek ugrunda köp iş etdi. Ol 1938-nji ýylda obanyň töwereginde soň türkmen mandragorasy (Mandragora turcomanica) ady bilen ylmy dolanyşyga giren bu gadymy ösümligiň meňzäri bolmadyk görnüşini tapdy, bu waka ylmy açyş boldy. Netijede, Mizgirewa «Türkmen mandragorasy, onuň biologiýasy we barlaghanada ösdürilip ýetişdirilmek mümkinçiligi» mowzugyndan kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, Biologiýa ylymlarynyň kandidaty derejesini aldy.
Häsiýetleri boýunça adaty bolmadyk bu ösümlik öň belli bolan görnüşlerinden dik baldagynda ýere deger-degmez şöhle ýaly ýerleşen örän uly – diametri bir ýarym metre çenli ýapraklary, has uly miweleri we başga-da birnäçe alamatlary bilen tapawutlanýar. Ýerli ilat bu ösümlige «selmelek» diýýärdi.
1991-nji ýylda meşhur arheolog Igor Nikolaýewiç Hlopin türkmen mandragorasy barada şeýle ýazgy galdyrdy: «Seýrek duş gelýänligi sebäpli, Gyzyl kitaba girizilen Haoma – biziň döwrümize çenli diňe Sumbaryň orta akymlarynda saklanyp galan ösümlik türkmen mandragorasydyr, onuň guradylan miweleri uzak wagtlap saklanyp we uzak aralyklara daşalyp bilner».
Türkmen mandragorasynyň halk lukmançylygynda ulanylyşy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda bar. Türkmen mandragorasynyň ýapraklarynyň gaýnagynyň ýara bitirmek we adamy kuwwatlandyrmak häsiýetlere eýedir.
42
60
Arslan_Alaýew
22.05.2024 12:17
Zombiler - Fantastik hekaýa
2030 ýyl 19 njy iýul, Iş wagtym gutaryp öýe gaýtjak bolup taýýarlanyp durdum, Iş ýerim Daşoguz şäherinde bolan soň şäheriň içinde adamlaryň howsalaly gykylyklary sesleri eşidilip başlady, adamlar aglaşyp gygyryşyp kömek ediň kömek ediň diýen sesler eşidilýärdi, menem aý gulagyma eşidilýändir diýip iş ýerimden çykyp maşynymyň ýanyna bardym, adamlar kimsi binalaryň içinden çykyp gaçyp barýardylar kimsi maşynlaryna münüp gaçyp barýardylar kimsi ýerde gana bulaşyp ýerde ýatyrdy.
Binadan çykyp gelýän adamlary kowalap gelýän el aýaklary adamyňka meňzeşräk, bir jandar ýüzi juda gorkunç görünýärdi, agzyndan gan akýardy adamlara seredip durşuma doňup, düýş görýändirin öýdüp doňup galypdyryn, gapdal bina tarapdan bir jandar gelýärdi maňa tarap agzyny açyp xaa xaaa edip ses çykarýardy, görüp dursam ol zombi eken ädimi juda haýaldy bir aýagy döwülene meňzeýär, meniň ýanyma ýakynlandan men maşynyma mündümde gazy basyp sürüp gitdim, ýolda läş bolup ýatanlar juda köpdi zombiler hem olardan az däldi, diri galanlar azalyp barýardy, maşynlar awariýa bolan, maşyny sürüp gelýän ýolumda bir maşyn geçerlik ýol bardy üstesine-de ýoluň ortasynda zombiler durdy öňümden üç sany zombi durdy olary kakyp geçeýin diýip üstüne sürdüm iki sanysyny üstünden depeläp geçdim birisi maşynyň üstüne bökdi maşyny öňküsinden beter gazy güýçlendirdim ol zombi maşyndan berk ýapyşyp ýelimlenen ýalydy maşyny çepe saga oýnadyp sürdüm hiç aýrylar ýerde aýrylmady ýene aralygy şeýdip sürenimden soň gaçyp galdy şäheriň içinde zombiýe öwrülip adamlar juda köpdi şeýdip gidip barşyma birden maşynym öçüp işlemän galdy maşyny açyp seretsem düşünmän soň oňaryp bilmedim garaňkam aralap gelýärdi duran ýerimde 7 etažly ýaşaýyş jaýy bardy meniň girip bukulyp oturmakdan başga alajym ýokdy ýaşaýyş jaýa girdim ol ýerde hem zombiler bar eken birinji etajdaky komnatlary aýlanyp çykdym hemmesinde zombiler bardy ikinji etajyñ birinji komnatlaryna girjek boldum komnatyñ içinde iki sany zombi bir adamy çeýnäp durdy çykdymda ýokary üçünji etajyň iň soňky giren komnatymda bir zombi aýnaň ýanynda ýatyrdy aý hiç zat edesi ýok ýatyr barybir diýip içere girdim içerdäki ýatan zombi meniň girenimi duýup ýerinden turyp başlady men näme etjegimi bilmän galdym zombi men tarapa ýöräp ugrady, men bir zatlar gözleşdirýän ahyry demir turba bar eken stoluň gapdalynda ýatyrdy aldym kellesine batly edip urdum onuň ýüzünden ganlar ýüzüne üstüme diwarlara gany syçrap gitdi ýere ýykylyp ýatyrdy ol zombi bir emelläp göterip 3 nji etajyň aýnasyndan aşak taşlap goýberdim soň bolsa gapyny gulpladym gapydan hiç kim girmez ýaly gapyň öňüne şkaf stol partalary goýuşdyryp çykdym bir eýýäm garaňkam düşen eken daşarda zombileriň sesleri gelip durdy gije olar has güýjeýän eken olar has köpelip ugrady köçelerde diňe zombiler aýlanyşyp ýördüler ýadap ýatyp galypdyryn
Awtor: Arslan Alaýew
Dowamyny indi ýazmaly göwnüňize ýaradymy dowamy gelsinmi pikirleriňizi ýazyň.
Söz ýalňyşlyklar bar bolsa bagyşlarsyňyz.
80
207
Arslan_Alaýew
22.05.2024 08:09
Haýsy hünäri öwrenmelidigini nädip saýlamaly?
Hünär okuwy üstünlikli karýeranyň we gowy aýlykly işiň düzüm böleklerinden biridir. Diňe mekdepden çykanyňyzdan soň däl, eýsem iş tejribäňiz bilen hem öwrenip bilersiňiz. Hünär derejäňizi ýokarlandyrmak ýa-da ýokary bilim talap edýän wezipäni almak isleseňiz, bu peýdaly bolup biler.
Näme öwrenmeli, şahsy islegleriňize bagly. Emma üstünlik gazanmak üçin birnäçe faktorlaryň utgaşmasy gerek. Olary aşakda görkezeris.
1. Öz gyzyklanmalaryňyza üns beriň
Bu hünäri saýlamakda iň möhüm faktor bolup biler. Sizi gyzyklandyrýan ugur iň meşhur däl bolmagy mümkin. Emma, mysal üçin gumanitar ylymlara has ýakyn bolsaňyz, programmist bolmak üçin okamagyň näme manysy bar? Belki, žurnalistler, edebiýatşynaslar we kino tankytçylary inženerler, lukmanlar we marketologlar ýaly islegli däldir. Emma bu ugurlaryň birinde iň gowusy bolsaňyz, gowy pul gazanyp bilersiňiz.
2. Geljekki ýyllarda iş mümkinçiliklerine serediň
Neýron ulgamlary we AI geljekde köp hünärleri ýok eder - ondan gaçyp bolmaz. Bu waka ýüze çykanda işsiz gutarmajakdygyňyza göz ýetiriň. Geljekki on ýylda adam gatnaşmagynyň aýrylyp bilinmejek ugruny saýlamak has gowudyr.
3. Ene-ataňyzyň yzyndan däl-de, öz ýoluňyzdan ýöräň
Ene-atalaryň köpüsi üstünlik düşünjesini çagalaryna gönükdirýärler. Kakasy lukman, şonuň üçin çagalar hem lukman bolmaly. Şeýle-de bolsa, çaganyň her gün baglanyşykly streslere garşy durmak islegi ýok bolmagy mümkin. Bu siziň maşgalaňyza-da degişli bolsa, ene-atalara başga bir ugur bilen gyzyklanýandygyňyzy düşündirmäge synanyşyň. Bu aňsat söhbetdeşlik bolup bilmez, ýöne bütin ömrüňizi halamaýan ýa-da täzeden taýýarlamakdan has gowudyr.
4. Ýokary aýlyk – ýeke gerek zat däldir
Elbetde, köp pul gazanmak gowy zat. Emma munuň üçin gurban bermäge taýýar zadyňyzy saýlamaly bolýarsyňyz. Žurnalistler köplenç aşa işleýärler we gijeki nobata galýarlar. Telekeçileriň asla dynç güni ýok. Bu şertlere taýynmy? Notok bolsa, özüňize ýaraýan bir hünär saýlaň.
5. Üns bilen pikirleniň
Oňaýly we oňşuksyz talyplary ölçäň. Ýokardaky bölümleriň hemmesine täzeden göz aýlaň, hünäri saýlamagyň has anyk ölçegleri barada pikir ediň. Iki adam deň däl. Belki, bu ýazgyda size aýratyn saýlamaga kömek etjek faktorlary göz öňünde tutmadyk. Şonuň üçin geljegiňizi saýlamazdan ozal kararyňyza birnäçe gezek pikirleniň.
57
159