Boşap galan öý. Tüssä öwrülen bagt
1- nji bölümi (bolan waka)
Tiz kömek maşyny jesedi getirip hossarlaryna gowşurdy. Enäniň iň soňky yolyna ugradylan wagty hem, bu ýatan enäniň ýeke dikraýy ,sygyr tezegini oýnap hatda ejeeeeem diýip gygyrmady.
Ýöne ondan hiç kim geň görmedi. Il gün bir gowy adamlar, illäp-günläp bendäni ile meňzeş edip jaýladylar.
3-7-sini berip her kim öýli öýine gaýtdy.
Baýramsoltan gelneje bolsa ýekeje dogany Orazsoltanyň gapysyny terk etmäge hiç eli barmady.Ol dymýardy ýöne duýdansyz gelen bu bela welin çäre ýokdy. Ol doganyndan galan ýeke oglunyň ýanyna baryp başyn sypady.Ol ýigit çykan, 23-24 ýaşlarynda ady Kerimdi
-— Kerimjan, balam, men öýüme dolanmaly, 4- nji gün irden gelerin we ejeň jumalygyny ederis.
Kerimden bolsa ses-seda çykmady.
Baýramsoltan bolsa gyňajyň ujuny ýüzüne tutyp sessiz aglap öýüne dolandy. Kerimi bolsa alyp gaýdyp bilmedi. Ony goňşy golama tabşyryp gaýtsada gaýtdy welin ýöne hiç ondan ynjalmady ......
Durmuşyň ýowuz külpetlerini başyndan geçiren Orazsoltan gelneje bu öýe gelin bolup düşende öýde bagt guşy mydama pelpelleýärdi.
Söýgi bilen bu gurnalan ojakda agzybirlik höküm sürýärdi. Yoldaşy Çary Orazsoltan diýip ölüp öçüp barýardy. Bu agzybir maşgalanyň 3 sany ogly bardy. Oglanlaryny ile güne ýaramly oglanlar bolup ýetişmegi üçin elinden gelenini etýärdiler.
Aý gün geçip durdy. Oglanlar ese boýa galdy. Uly ogly 8-9-njy synpda okap ýörkä Orazsoltan ýoldaşy iş sapara gidende ýolda awtoulag heläkçiligine duçar bolup aradan çykdy. Orazsoltan 3 çagasy bilen galyberdi. Ýöne ol ruhdan düşmedi. Oglanlaryna ýetim diýdirmejek bolup gije gündüz işledi.
Şeýdip uly ogly mekdebi tamamlap dostlary bilen daşary ýurda okuwyny dowam etmek üçin ýokary okuw jaýyna okuwa gitdi. Ol okuwyndan daşary işlap ejesine azar bermejek bolup hem okady hem işledi.
Soňra ortanjy doganyny soň kiçi jigilerini hem bir birini süräp barsy ýokary okuw jaýyny tamamlap yurda sag-aman dolanyp geldiler. Iki dogany gutaryp gaýdanda körpesi Kerim ikinji krus talybydy.
Orazsoltan gelneje iki ulusyny bir günde körpe ogly Kerim kanikuldaka toý edip öýerdi. Olary öýli işikli etdi. Uly oglyna ýakynjakdan jaý salyp göçürdi, maşyn edindiler, uly oglundan iki çaga, ortanjysyndan bolsa bir çaga agtyk didaryny gördi.
Aradan iki ýyl geçenden soň Kerim hem okuwyny tamamlap geldi. Ol gelen badyna gulluga çagyryldy we yurduň o başyndaky, çetki serhet bölümine düşdi. Bu gün Orazsoltan iki gelniniň ony muny bişirip Kerimiň yzyndan harby kasam okalýan günine gabatlap gidermen boldylar. Uzak ýol bolansoň üç çagany alyp galjak bolsada Orazsoltany çagalar diňlemedi.
Ene, Kerim kakamy görjek, esger eşik geýdimi, diýip ejesi kakasyndan öňürti maşyna münen agtyklaryny höwesini gaçyryp alyp galjak hem bolmady.
Iki ogly, iki gelni, 3 çaga bolup ýola düşdüler
Orazsoltan gelneje balalarynyň yzyndan garap galdy.
Çagalarynyň sag-aman gidip gelmeklerini Allajandan dileg etdi.
Bular harby bölüme baryp, ol gün Kerimi hususy jaýy bir günlik kreýine alyp şol ýerde boldylar. Kerim jigileri bilen oýnady, olary aylap geldi. Bir günlik bolsada öz öýi ýaly duýdy, sebäbi maşgalasynyň bary bardy, diňe ejesi ýokdy.
Ertesi Kerimi harby bölüme tabşyryp öýlerine gaýtdylar.
Iki gün ýadowlygymy ýa ýol uzaklygymy onyha bilmedim welin duýdansyz öňünden batly gelýän ýük maşynyň özine garşy gelýanini gördi-de roluny aýlajak bolup uly ýük maşynyň aşagyna girip gitdi, aýnadan iki çaga uçyp daşaryk zyňyldy, geliniň biri batly urga çydam edip bilmedi we kaklyşylan bada jan berdi. Beýlekiler kimsi kellesi degse kimsi eli döwüldi, maşyn gulplandy açyp bolmady, uly maşynyň zarbyna birden maşyna ot düşdi we maşyn ot aldy
Uly ýolyň ortarasynda ýanýan maşynyň ýanyna adam çagasy baryp bilmedi. Ot söndüriji maşynlaryň kömege ýetişjeginden welin bular uzakdady,çöliň içindedi.
Maşyn içinde galan adamlary bilen ýandy, ony halas edip bolmady. Diňe iki çagany ýaglyga dolap,galanlarny welin oba ilaty her ýerden bir süňkün çöpläp, ony mata dolap öýüne eltdiler.
Dowamy 30 like dan son