Archi
26.04.2022 11:59
Ýurda sapar etmek, sähralary, menzilleri sökmek, bu giň ze-minde agaýana dönmek, Taňrynyň gudrat galamynyň sahypalary açylan barlyk kitabyna ýazan ajaýyplyklaryny görmek – bular gursagy giňeldýän we ünji-gam bulutlaryny syryp aýyrýan serişdedir. Ýeli ser-gin öwüsýän baglyklary, gül çemenli ajaýyp bossanlyklary, göwünha-lar jennetleri görmegiň üçin, seniň begenmegiň üçin Allatagala barlyk sahypalaryna gözellik aýatlaryny sünnäläp ýazypdyr. Öýüňden çyk we tebigaty synla. Töweregiňde, öňüňde hem-de ardyňda bar zatlar hakda oýlan. Daglara dyrmaş. Jülgelere in. Baglara aslyşyp hallan at.
Ýokumly suwdan owurtla. Jasmin şahalaryna burnuňy goý, şol pur-satda öz ruhuňy azat, erkin, agaýana halda duýarsyň. Edil bagtyýarlyk höwürtgesinde joşup saýraýan guş ýaly jürküldärsiň.
Öýden çyk we gözüňi ümezledip duran gara perdäni syryp taşla.
Soňra Allanyň ýaradan giňiş we ýaýbaň zemininde diliň senaly, tesbi--zikirli syýahat et.
Dar otagda janalgyç işsizlik we tukatlyk bilen gyslyşyp oturmak özüňe kast etmegiň «üstünlikli» ýoludyr. Seniň otagyň, hernäçe be-zelen hem bolsa, ol älem däldir. Sen bolsa ähli adamyň deregini tutup bilmersiň. Ýeri, onsoň näme üçin gaýgy leşgerini bir özüň yzyna ser-pikdirjek bolýarsyň? Ýeke galýarsyň we dyza çökýärsiň.
Gözüňe, gulagyňa, ýüregiňe aýt: goý, olar agras, päli pes bolup, dünýäni seýil etsinler. Gel, bu çeşmeleriň, söýgi sözlerini saýraýan guşlaryň, depelerden iniş kyssasyny söýleýän suwlaryň arasynda kitap okaly!
Göwnüçökgünlik derdine ulaşanlara, dar otagyň tümlügine bogulanlara lukmanlar zeminiň gözýetim giňişliklerine, salgym atym ýerlerine gezelenç edip, göwün açmaklaryny maslahat berýärler.
Gel, bagtly ýaşamak, şadyýan bolmak, pikirlenmek we amal et-mek üçin gezelenç, sapar edeli!
11
106
Archi
25.04.2022 18:03
TMCELL USSD KODLARY


Esasy menýu *0809# Главный меню

Dil saýlamak *0809*0# Выбор языка

Iňlis dili *0809*0*1#
Türkmen dili *0809*0*2#
Rus dili *0809*0*3#

Hyzmatlaryň görnüşi *0809*2#
________________
Jaňa garaşmak ( Ожидания и удержания )

Birikdirmek *0809*2*1*1#
Öçürmek *0809*2*1*0#
Barlamak *0809*2*1*2#
_______________
GPRS hyzmaty ( Интернет )

Birikdirmek *0809*2*2*1#
Öçürmek *0809*2*2*0#
Barlamak *0809*2*2*2#
____________________________________
Belgini gizlemek ( Скрытый номер )

Birikdirmek *0809*2*3*1#
Öçürmek *0809*2*3*0#
Barlamak *0809*2*3*2#
____________________________________________



Belgini gzm gadagan etmek ( Анты скрыть )

Birikdirmek *0809*2*4*1#
Öçürmek *0809*2*4*0#
Barlamak *0809*2*4*2#
__________________________________
Giriş jaňlary başga salga ýollamak

Переадресация

Birikdirmek *0809*2*5*1#
Öçürmek *0809*2*5*0#
Barlamak *0809*2*5*2#
__________________________
Konferens aragatnaşygy ( Конференция )

Birikdirmek *0809*2*7*1#
Öçürmek *0809*2*7*0#
Barlamak *0809*2*7*2#
________
Amatly +

Birikdirmek *0809*2*8*1#
Öçürmek *0809*2*8*0#
Barlamak *0809*2*8*2#
______
SADA +

Birikdirmek *0809*2*9*1#
Öçürmek *0809*2*9*0#
Barlamak *0809*2*9*2#


______________________________
Ykjam radio we  telewideniýe

Birikdirmek *0809*2*10*1#
Öçürmek *0809*2*10*0#
Barlamak *0809*2*10*2#
__________
Çäksiz saz

Birikdirmek *0809*2*11*1#
Öçürmek *0809*2*11*0#
Barlamak *0809*2*11*2#
_______
Rouming

Birikdirmek *0809*1*3*1#
Öçürmek *0809*1*3*0#
Barlamak *0809*1*3*2#
_______________
MMS hyzmaty

Birikdirmek *0809*5*1*1#
Öçürmek *0809*5*1*0#
Barlamak *0809*5*1*2#
______________
Wideo jaňlary

Birikdirmek *0809*3*1#
Öçürmek *0809*3*0#
Barlamak *0809*3*2#
______________________________
Halkara aragatnaşygy (10-lyk)

Birikdirmek *0809*1*2#
Öçürmek *0809*1*1#
________________________________________
Nyrhnamany üýtgetmek *0809*6*1*2#

__________________________________

Ulanylýan nyrhnamany bilmek *0809*6*1*1#
____________________________

Paketiň galyndysyny barlamak *0805#
________________________________________

Size birikdirlen hyzmatlar *0809*6*2#

////////////////////////
Goşmaça maglumatlar:
//////////////////////

Balansy barlamak üçin *0800# belgä aýlaň ýa-da 0800 belgä SMS ugradyň.
_____________________________

Pul ugratmak üçin 0804 belge SMS ugratmaly
Meselem : +9936XXXXXXX Puluň mukdary Meselem : 5 yada 5.00 yada 5.50
Toçkadan soňky teňňe bolýa.

___________________________
Belgiňi anyklamak : *222#
___________________________
Godoga saz goýmak 1010 jaň
________________________________________

Size jaň eden müşderilere siziň ulgamdadygyňyzy bildirmezlik we bildirmeklik hyzmaty:

a) bildirmezlik üçin telefonyňyzdan 0880 belgä A0 ýazyp SMS ugratmaly.

b) bildirmeklik üçin telefonyňyzdan 0880 belgä A1 ýazyp SMS ugratmaly.
_____________________________________
Size başga müşderileriň ulgamdadygyny habar etmek hyzmaty:

a) bilmezlik üçin telefonyňyzdan 0880 belgä C0 ýazyp SMS ugratmaly.

b)bilmeklik üçin telefonyňyzdan 0880 belgä C1 ýazyp SMS ugratmaly.
_________________________________
Siziň telefonyňyzyň ulgamda däl wagty Size jaň edýän müşderilere habar etmek hyzmaty :

Siz telefonyňyzdan 0880 belgä iňlis dilinde TEXT <_____> ( boşluk) we isleýän habaryňyzy ýazyp, mysal üçin ( men şu wagt jogap berip bilemok ) SMS ugratmaly. Bu hyzmaty öçürmeklik üçin Siz telefonyňyzdan 0880 belgä iňlis dilinde TEXT sözüni ýazyp SMS ugratmaly.
________________________________



Geçen we häzirki aý barada hasabatyňyzy bilmek hyzmaty:

a) Siz 0807 belgä 1 ýazyp SMS ugradyp geçen aýyň hasabatyny görüp belersiňiz.
b) Siz 0807 belgä boş SMS ugradyp häzirki aýyň hasabatyny görüp bilersiňiz.
_________________________________
Bir müşderiniň adyna duran telefon belgileriniň hasabyny bilmek hyzmaty:

Siz adyňyzda duran belgileriň hasabyny bilmek isleseňiz 0806 belgä 9936XXXXXXX SMS ugradyp bilersiňiz.
________________________________
Sesli habar ugratmak hyzmaty:

Islendik TMCELL belgä 1 minuda çenli sesli habar ugradyp bilersiňiz.
Giňişleýin maglumat üçin belgiňizden 0815 e jaň ediň.
(1 sesli habary ugratmak 8 teňňe).
__________________________________________
SMS arkaly pul geçirmegi gadagan etmek hyzmaty

Birikdirmek *0809*4*4*1#
Öçürmek *0809*4*4*0#
Barlamak *0809*4*4*2#
____________________




Internet paketler

*0850*3# Bahasy 3 manat 50 mb berilýär.
_________________________
*0850*5# Bahasy 5 manat 100 mb berilýär.
_________________________
*0850*15# Bahasy 15 manat 500 mb berilýär.
( Diňe Sowgat 2000 nyrhnamasyndakylar üçin )
________________________
*0850*160# Bahasy 160 manat 4 gb berilýär.
_______________________
*0850*350# Bahasy 350 manat 10 gb berilýär.
__________________________
*Internet bukjasyny birikdirmek üçin : *0850*(bukjaň belgisi)# jaňa basmaly.
_________________________
*Internet bukjasyny başga müşderä birikdirmek üçin: *0850*(bukjaň belgisi)*(müşderiniň belgisi)# jaňa basmaly.
___________________________________________

Paketiň galyndysyny barlamak *0805#
14
238