Archi
26.04.2022 11:59
Ýurda sapar etmek, sähralary, menzilleri sökmek, bu giň ze-minde agaýana dönmek, Taňrynyň gudrat galamynyň sahypalary açylan barlyk kitabyna ýazan ajaýyplyklaryny görmek – bular gursagy giňeldýän we ünji-gam bulutlaryny syryp aýyrýan serişdedir. Ýeli ser-gin öwüsýän baglyklary, gül çemenli ajaýyp bossanlyklary, göwünha-lar jennetleri görmegiň üçin, seniň begenmegiň üçin Allatagala barlyk sahypalaryna gözellik aýatlaryny sünnäläp ýazypdyr. Öýüňden çyk we tebigaty synla. Töweregiňde, öňüňde hem-de ardyňda bar zatlar hakda oýlan. Daglara dyrmaş. Jülgelere in. Baglara aslyşyp hallan at.
Ýokumly suwdan owurtla. Jasmin şahalaryna burnuňy goý, şol pur-satda öz ruhuňy azat, erkin, agaýana halda duýarsyň. Edil bagtyýarlyk höwürtgesinde joşup saýraýan guş ýaly jürküldärsiň.
Öýden çyk we gözüňi ümezledip duran gara perdäni syryp taşla.
Soňra Allanyň ýaradan giňiş we ýaýbaň zemininde diliň senaly, tesbi--zikirli syýahat et.
Dar otagda janalgyç işsizlik we tukatlyk bilen gyslyşyp oturmak özüňe kast etmegiň «üstünlikli» ýoludyr. Seniň otagyň, hernäçe be-zelen hem bolsa, ol älem däldir. Sen bolsa ähli adamyň deregini tutup bilmersiň. Ýeri, onsoň näme üçin gaýgy leşgerini bir özüň yzyna ser-pikdirjek bolýarsyň? Ýeke galýarsyň we dyza çökýärsiň.
Gözüňe, gulagyňa, ýüregiňe aýt: goý, olar agras, päli pes bolup, dünýäni seýil etsinler. Gel, bu çeşmeleriň, söýgi sözlerini saýraýan guşlaryň, depelerden iniş kyssasyny söýleýän suwlaryň arasynda kitap okaly!
Göwnüçökgünlik derdine ulaşanlara, dar otagyň tümlügine bogulanlara lukmanlar zeminiň gözýetim giňişliklerine, salgym atym ýerlerine gezelenç edip, göwün açmaklaryny maslahat berýärler.
Gel, bagtly ýaşamak, şadyýan bolmak, pikirlenmek we amal et-mek üçin gezelenç, sapar edeli!
11
106
Archi
27 Aprel 2022
Howwa a sen
Archi
26 Aprel 2022
GoLd, spa altyn☺
Archi
26 Aprel 2022
Aishaaa🌹,sps

Çeşme : Halallyk kyssalary
Aishaaa🌹
26 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Archi
26 Aprel 2022
Zümrüt🌺, a sen gordinmi gaz ojagy?👀
Archi
26 Aprel 2022
Hakyky owadan yerler kop ekini bizin yurtdada daglar julgeler coller
Dusia
26 Aprel 2022
Archi, ýokary dağ tarapa soňam çöle 🦋
Archi
26 Aprel 2022
Dusia, yör ýöne nire
Dusia
26 Aprel 2022
Ýör gitdik 🦋
Archi
26 Aprel 2022
Bolya onda seretZümrüt🌺,
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.