Annameret
24.02.2020 22:46
Ýürekdäkiň bilen geziler

Ýanyňdaky boluwersin kim bolsa,
Diňe ýürekdäkiň bilen garrarsyň.
Hemem ýatlap geçen öňki günleri,
Gözüň ýaşlap öz~özüňe gargarsyň.

Şol pursat özüňi ýalňyz duýarsyň,
Kirpikleriň gussaň bilen ezilee.
Ýanyňda kim bolsun tapawudy ýok,
Emma ýürekdäkiň bilen geziler.

Şadyýansyň şatlanarsyň sözüm yok,
Emma gije ýene hasrat düzüler.
Bir ýyljak gujakda ýatanam bolsaň,
Hyýalda ýürekdeş bilen geziler.

Haýsy sebäp aýra saldy parhy ýok,
Diňe şonuň üçin goşgy düzüler.
Sen bir eýýäm ondan dönenem bolsaň,
Şonda~da ýatlama bilen geziler.
10
949
Annameret
Annameret
09.02.2020 10:41
Goşgy
Annameret
08.02.2020 20:46
Aýralyk pursady

Sen gitdiň.
Şo pursat boşady ruhum,
Hemme zat manysyn ýitirdi birden.
Şatlygym galmady, bagtym galmady,
Şo pursat bar zady uçurdy serden.

Daglarym peseldi baglarym bile,
Şemalym sowulyp duşumdan ötdi.
Boşap galdym misli gaşsyz diwala,
Okan kitaplarmyň manysy ýitdi.

Hatda öz ruhuňam aldyň~da gitdiň;
Göz, gaşyň, egniňi gözden salamok,
Ýöne olaň baryn öňki bolşy deý,
Seniň syratyňda jemläp bilemok.

Çasly çeşmelerim akýar tersine,
Tersine ýaňlanýar aýdymym~sazym.
Seniň barlygyňda~meniň baýlygym,
Bir pursatda garyp galdym, Ezizim


G.Ezizow
12
624
Annameret
06.02.2020 21:24
Durmuşda "bolmaz" diýen zatlaryň garaşylmadyk wagty bolmagynyň ýeke~täk açary SABYRDYR
12
666
Annameret
02.02.2020 22:23
5
733
Annameret
28.01.2020 00:03
5
441