Ýürekdäkiň bilen geziler
Ýanyňdaky boluwersin kim bolsa,
Diňe ýürekdäkiň bilen garrarsyň.
Hemem ýatlap geçen öňki günleri,
Gözüň ýaşlap öz~özüňe gargarsyň.
Şol pursat özüňi ýalňyz duýarsyň,
Kirpikleriň gussaň bilen ezilee.
Ýanyňda kim bolsun tapawudy ýok,
Emma ýürekdäkiň bilen geziler.
Şadyýansyň şatlanarsyň sözüm yok,
Emma gije ýene hasrat düzüler.
Bir ýyljak gujakda ýatanam bolsaň,
Hyýalda ýürekdeş bilen geziler.
Haýsy sebäp aýra saldy parhy ýok,
Diňe şonuň üçin goşgy düzüler.
Sen bir eýýäm ondan dönenem bolsaň,
Şonda~da ýatlama bilen geziler.