Akmuradov
Akmuradov
13.08.2022 08:06
Goly derňemekde ulanylýan 36 faktor. 3-nji faktor. Goluň başy we soňy Bu faktor üçin goly seljermezden ozal, ruhy taýdan iki bölege bölmeli. Goluň birinji ýarymy islendik işiň - akyl ýa-da fiziki
Akmuradov
12.08.2022 06:55
Ýarym?!

Eýjejik ýarym düşünäý halym.
Maňa söýgi gerekdäl bar meniň ýarym.

Ýa-da

Gel ýarym gel, gel kenara
Gararaşýan men söwer ýara.

Ýaly jümlelere goşgudyr aýdymlarda, edebiýat äleminde köp duş gelýäs. Bu jümlelerde esasy aýratynlyklar bar. Olaryň biri SÖÝGI birem "Ýarym" sözi.  Ýarym sözüni eştmäge biziň hemmämiz öwrenişipdiris. Hemmämiz diýen ýaly günde 10larça käbirilerimiz 1000lerçe gezek ulanýarys. Ýar, Ýarym sözüniň asyl düýp manysy gelip çykyşy nämekä? Sözlükleri açyp seretseň ýarym sözi bir zadyň ikiden bir bölegi diýip açyklama berilýär. Şeýle bolsa bu sözi söýgi bilen nähili baglanyşdyrmaly? Bu soraglara jogap tapyp bilmeýänligim meni azara goýýardy. Bir gün bu soragy Uniwersitetimdäki filosofiýa mugallymyma bermegi ýüregme düwdim. We ol meni mifiki dünýä alyp girdi we mifleriň üssi bilen şol sözi düşündirdi. Inni menem bu sözüň manysyny siz bilen paýlaşmak isledim.

Bu wakalar örän gadym döwürlerde heniz adamzat döremänkä tutuş älemde diňe Hudaýlardan başga janly ýok wagtlary bolup geçipdir. Şol döwürler Hudaýlar älemi dolandyrýan, özleri bolsa älemiň bir burçunda jennet ýaly bir ýerde ýaşaýar eken. Olar miweleri, ekinleri, özleriňe gerekli dürli haýwanlary döreder eken. Hemme işleri olaryň özleri edýär eken. Wagt geçipdir. Hudaýlar özlerine gul hökmünde işleder ýaly bir jandar döretmeli. Oňa aň bermeli. Goý ol jandar biziň gulumyz bolup gezsin diýip maslahatlaşypdyrlar. We Hudaýlar özleriniň bir böleginden berip ajaýyp bir jandarlar döredip başlapdyrlar. Olar dürli dürli bolupdyr. Kimsi semiz, kimsi hor, kimsi gara, kimsi ak. Olar häzirki adamalary ýadyňa salýan şekilde bolupdyrlar ýöne olaryň 4 sany gözi, iki burny, iki agzy, 4 sany eli, 4 sany aýagy... Garaz bedenleriniň ähli ýeri häzir adamlaryňkyda iki esse köpmiş. Olar örän güýçli jandar bolupdyrlar we Hudaýlaryň işlerini edipdirler. Şeýdip wagt geçipdir ýaňky jandarlaryň aňy ösüp gul bolmakdan ýüz öwürip başlapdyrlar. Biz Hudaýlaryň böleklerinden döredildik. Biz hem Hudaý bolmaga haklydyrys diýip Hudaýlaryň ýerini eýelemäge dawa edipdirler. Soňra Hudaýlar bu bolýan wakalara seredip olary ýok etmek isläpdirler. Ol jandarlar örän güçli bolup olaryň güýjüni bir zat edip azaltmaly bolupdyrlar. Hudaýlar olary öldürip hem bilerdiler ýöne ol jandarlar Hudaýlaryň bir böleginden bolanlygy sebäpli olary öldürmäge dözmändirler we başga bir çykalga tapypdyrlar. Olary göni ikä bölüpdirler. Olaryň hemme synalary, güýçleri, akyly, hatda aňy hem ikä bölünipdir. Ikä bölünen bedeniň bir tarapy häzirki ynsanlaryň erkegine, beýleki tarapy bolsa aýalyna meňzäpdir. Soňra Hudaýlar bu adam sypatlylary älemiň bir künjegine ýagny häzirki ýere oklapdyrlar. Ýöne ol adam sypatlylar şonda-da Hudaýlaryň ýerini eýelejek bolup beýleki ýarysyny gözläp ugrapdyrlar. Eger adamsypatlylar beýleki ýarysyny tapsalar örän kuwwaly güýje eýe bolup gaýtadan gozgalan edip biljek ekenler. Şondan bärem adamlar özleriniň ýarymyny gözleýär eken.

Ýarym, Ýar sözeriniň düýp manysy şu mife esaslanýar. Muny mif dälde adaty durmuş bilen baglanyşdyrjak bolalyň. Eger çyndanam adamzat özüniň hakyky ÝARYNY tapsalar örän bagtly ýaşamazmy? Ýer ýüzünde misli görüp eşidilmedik üýtgeşmeler girizmezmi? Dünýäni gowulaşdyrmazmy?

Siz nähili pikir etýäňiz. Durmuş guranlar, söýüşýänler. Siziň beýleki ýarymyňyz ýanyňyzdamy. Siz birleşdiňizmi? Beýik işlere ylhamlanýaňyzmy? Tapmadyklara bolsa gözläň diýjek. Ahyr bir gün taparsyňyz. Dünýäni üýtgetjek güýç eliňizde bolar Enşalla!!!

Halan bolsanyz👍 basyň.
7
102
Akmuradov
Akmuradov
11.08.2022 06:58
Goly derňemekde ulanylýan36 faktor. 2-nji faktor. Goluň uzynlygy. Gol uzyn bolsa (sur.2a), bu adamy howlukmaç, meseläniň düýp manysyna has çuňňur öwrenip bilýän, dowamly, birneme gödek, yhlasly, ýöne
Akmuradov
Akmuradov
10.08.2022 06:27
Goly derňemekde ulanylýam 36 faktor. 1-nji faktor. Goluň ugry. Goluň soňunyň nirä gönükdirilendigine üns beriň; ýokary, göni ýa-da aşak. Eger-de ( sur.1a ) bolsa, bu adamyň häsiýetinde optimizmiň
Akmuradov
09.08.2022 13:13
Ol näme? Iýmesi halaldyr, içmesi haram.
Ol näme? Gar ýaly ak, gije ýaly gara.
Ol näme zat? Aýallar ömründe bir gezek. Erkekler üç gezek.

Belki öň eşiden. Köp duş gelen bolmagyňyz mümkin. Teswirlerde garaşýan.
11
156
Akmuradov
Akmuradov
08.08.2022 16:22
Salam Öwrenmeli platformasynyň aktiw agzalary. Bu meniň ilkinji postym. Göwnüňize ýarar diýip umyt etýän. Bu postda adamyň goluna seredip şol adam baradaky aýratyn häsiýetleri açyp berýän ylym ýagny