Goly derňemekde ulanylýam 36 faktor.
1-nji faktor. Goluň ugry.
Goluň soňunyň nirä gönükdirilendigine üns beriň; ýokary, göni ýa-da aşak.
Eger-de ( sur.1a ) bolsa, bu adamyň häsiýetinde optimizmiň agdyklyk
edýändigini, güýjüň dolydygyny we maksadyna ýetmäge çalyşýandygyny
görkezýär. Şeýle adamyň durmuşynda lapykeçlikler, depressiýalar bar bolsa,
olary üstünlikli ýeňip geçýär we täze güýçler, islegler, pikirler bilen täzeden
döreýär. Köplenç döredijilik şahsyýet görnüşidir.
Goluň soňy gönüden-göni ugrukdyrylan bolsa (sur.1b) - bu optimizm bilen
pessimizmiň ýüze çykmagynyň arasyndaky deňagramlylygy görkezýär. Daşky
gurşawyň täsiri bu meselede möhüm rol oýnaýar.
Goluň soňy aşaklygyna ugrukdyrylan bolsa (sur.1ç), bu ýagdaýda adam
döredijilik işjeňligini ep-esli çäklendirýän pessimizm ýagdaýyna has ýykgyn
edýär. Şeýle adamlarda ýa iman ýetmezçiligi ýa-da gaty gowşak, üstesine-de,
erkiň peselmegi, alkogola garşy gowşak garşylyk, ýürek-damar, nerw ulgamy,
bagyr we aşgazan-içege kesellerine duçar bolup biler.