Aika_
09.07.2020 20:23
Bir tagta bölegi diýip durmañ Buratino hem ýalan sözlânde burny uzaýar.Hâzirki döwrüñ adamlarynyñ yüzem gyzaranok!!!
                              __PaulaCoelho__
18
2 449
Aika_
07.07.2020 14:20
Söýüp gördüm,
Söýlüp gördüm dünýâde,
Kesevi dek köýüp göŕďüm dünýâde.
Arzuw atly gaçdy.Ykbal pyýada.
Döz gelipdim.
Innem añsat küýsemen.

Kâte ýanyp gezdim.
Kâte tüsselâp.
Kâte üşâp gezdim.
Kâte yssylap.
Kâ belentlâp uçdum,kâte pessaýlap.
Öz uçuşym.
Özge ganat küýsemen.

Boğulup gezsem-de,ýoluñ çañynda,
Egilip gezmedim adam öñünde.
Diñe Enem,Atam,Watan öñünde
Üç büküldim.
Innem añsat küýsemen.
                                     Kerim Gurbannepesow.
0
18
1 097
Aika_
07.07.2020 14:01
Bagt dälmi
Säher güni görýän gije hem aýy.
Ýyldyzlaram görýän, görýän asmany.
Şemalyň mährini duýýan tenimde.
Şularyň özi hem bir bagt dälmi?!

Içip bilýäs suwy akar çeşmeden.
Dadyp bilýäs gyzgynjak petir nany.
Kakamyzdan alýas ata mährini.
Ejemizden söýgi almak bagt dälmi?!

Bolsa gelniň edepli hem asylly.
Bolsa ogluň agras,namysly,arly,
Bolsa gyzyň on barmagy hünärli.
Şolaň arasynda bolmak bagt dälmi?!
0
14
1 887
Aika_
07.07.2020 12:45

Filosof Eflatundan şeýle sorapdyrlar: "Size görä adamzadyñ iñ geñ
galdyran ýagdaýy näme?"
Eflatun şeýle jogap beripdir: "Çagalygy islemezler,ulalmak üçin
howlugarlar.Soñra-da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije-gündiz
ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin
ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini
unudarlar. Netijede, bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler.
Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler". - Onda adamlar nahili ýaşamaly?- diýip danadan ýene soranmyşlar.
Dana şeýle jogap beripdir: - Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç
kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa,
durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup
bilmekdir!
0
20
1 884
Aika_
05.07.2020 17:32
aɖaʍʏռ ռahili ɢʊʟɛռɨռɖɛռ tɛʀɮɨʏɛsɨռɨ,ռaʍɛ ʐaɖa ɢʊʟɛռɨռɖɛռ ʐɛɦɨռɨռɨ ɮɨʟɨք ɮօʟɨaʀ...?



ɦɛʀ ҡɨʍɨռ ɮɨʀ ɖɛʀɖɨ ɮaʀ ҡɨʍɨռ ռaռʏ ʐɛռʟɨ,ҡɨʍɨռ ʏʊʐʊɢɨռɖaҡɨ aʟʍaʐʏ ҡıçı...?


ɢʊʀʟɛʏaռ աaɢtʏռʏʐ ɖɨռɛ ɮɨʟʏaռɨռɨʐɨ ɢaʏtaʟaʏaʀsʏռʏʐ,ɛʍʍa ɖɨռʟɛsɛռɨʐ taʐɛ ʐatʟaʀ օաʀɛռɛʀsɨռɨʐ..?
tɛռʐɨռ ɢʏatsօ...
16
1 378
Aika_
04.07.2020 00:33
Ak kagyz
Bir gün mugallym okuwçylara merkezinde gara nokatjyk goýlan ak
kagyzy görkezip sorag berýar "Siz näme görýärsiňiz...?".
Biri nokat gorýän diýdi,beýleki galyn nokat görýän diýdi,biri hapa
görýän diýdi.Hemme okuwçy kiçijik gara nokatjygy gördiler.Yöne hiç
haýsysy uly ak kagyza üns bermedi...Adamda hem edil şeýle.Adamlar
kiçijik ýalňyş hereketi görýäler ,ýöne hiç kim adamyň özüni,içki
dünýäsini görmezler üns bermezler.Dine erbet tarabyny görjek
bolarlar..?
12
1 567
Aika_
03.07.2020 01:37
Kitap okamak bir başga,
Kitap okap durmuşuñy üýtgetmek bir başga...?
17
1 331
Aika_
02.07.2020 13:29
Wepalylyk
Bir garryja aýaldan sorapdyrlar -nädip size adamyňyz bilen 60 ýyl
är-aýal bolup maşgalada ýaşamak başartdy?
-Bu soraga garryja aýal şeýle jogap berýär :
-Düşinýäňizmi, biz şeýleräk döwürde dogulduk we ulaldyk , haçanda
bir zat döwülse ony bejerilýän , alynyp кöçä zyňylmaýan!
16
2 064
Aika_
01.07.2020 00:52
Asla beýlekiler gynanmasyn diýip özüni ýakma,
Unutma sen bu aja çydap bilýân bolsañ beýlekiler hem çydar...?
21
2 290