Bagt dälmi
Säher güni görýän gije hem aýy.
Ýyldyzlaram görýän, görýän asmany.
Şemalyň mährini duýýan tenimde.
Şularyň özi hem bir bagt dälmi?!
Içip bilýäs suwy akar çeşmeden.
Dadyp bilýäs gyzgynjak petir nany.
Kakamyzdan alýas ata mährini.
Ejemizden söýgi almak bagt dälmi?!
Bolsa gelniň edepli hem asylly.
Bolsa ogluň agras,namysly,arly,
Bolsa gyzyň on barmagy hünärli.
Şolaň arasynda bolmak bagt dälmi?!