Tom we Jerri William Hanna we Jozef Barbera tarapyndan döredilen öý pişigi Tom (doly ady Tomas) bilen öý syçanjygy Jerriniñ arasyndaky zorlukly we gülkünç göreşleri suratlandyrýan gysga metražly filim.
Ilkinji Tom we Jerri animasiýasy 1940-njy ýylda surata düşürüldi. Hanna we Barbera ortaklary 1940 we 1958-njy ýyllar aralygynda Hollywudyñ MGM multifilim studiýasynda 114 gysga metražly filim ýazdyrýalar. Bularyñ 13 si akedemiýa baýraklaryna dalaşgär görkezildi, ýedisi iñ gowy animasiýa gysga filimi üçin Akedemiýa baýragyny aldy.
Hâzirki wagytda Tom we Jerriniñ hukuklary Warner Borsa degişlidir. 2006-njy ýyldan bäri Tom we Jerri Tales ady bilen täze seriallar ABŞ- nyñ dürli teleýaýlymlarynda görkezilýär.
Bul gysga metražly filim, syçanjyk Jerriniñ jaýyñ içindäki iýmitleri iýän we öýde ýaşaýan öý pişigiñ arasyndaky gülkünç wakaly söweşi suratlandyrýar. Tom hergezek Jerrini awlamaga synanşýar, ýöne hergezek hiç birinde üstünlük gazanyp bilmeýär we Jerri elmydama akyl oýunlary bilen ýeñiş gazanmagy başarýar, Tomuñ ýeñen wagytlary gaty seýrek.
Saz filimde örän möhüm elementdir. Dialog ýoklygy sebäpli berilmeli habary wizual we eşidiş bilen düşündürülýär. Adatça animasiýa pop, jaz we nusgawy sazlardan durýar.
Tom we Jerriñ (harakterleri).
Rus gök pişigi Tom, meşhur ygtybarly öý pişigi. Jerri bolsa Tom bilen bir jaýy paýlaşýan goñur syçan. Tom Jerri ýaly akylly, ýöne gaty haýal. Jerri erkin, mekir, pursatparaz we akylly syçan.
Adatça filimdäki esasy gahrymanlar Tom we Jerri gürlemeýärler şeýle-de bolsa, Tom käbir seriýalarda öz halan pişigine garşy aýdym aýtmagy başardy. Mundan başgada, gahrymanlaryñ gürleşýändigi esasanam Tom gaharly we ejiz bolan wagtynda gürleşýär. Jerrä diñe 1956-njy ýylarda düşürlen gysga filimde gürlemäge rugsat berildi.