Agylova_
28.01.2024 16:07
Meşhur ynanjyñ tersine, atyrlar aslynda Fransiýada ilkinji gezek oýlanyp tapylmady. Adamlary özüne çekýän bu ýakmly ysly garyndylaryñ peýda bolmagy biziñ eýýamymyzdan has irki döwürlerde Miladydan öñki 4000-nji ýylara degişlidir. Taryhy ýazmaça çeşmeleriñ kömegi bilen taryhdaky ilkinji atyrlaryñ Gadymy Müsür, Gadymy Gresiýa, Rimliler we Wawilonlar ýaly gadymy siwilizasiýalar tarapyndan ulanylypdyr we öndürlüpdür.

Prfýumeriýanyñ ady latyn dilinden terjime edilende "tüsse", "ysly tüsse"manylaryndan gelýär.
Atyrlaryñ ilkinji wersiýasy bolan ýakymly ysly tütetgi, taryhda dürli-dürli ulanylypdyr.
Tütetgi ulanan ilkinji adamlar bu usulyñ adamlary arassalaýandygyna ynanypdyrlar.
Bu usul esasan dini dabaralarda ulanylypdyr. Gadymy döwürde köp Hudaýly dinlere degişli siwilizasiýalar, Hudaýlaryna mynasyp bolmak üçin Hudaýlaryna bagyş eden gurbanlaryny ýakymly ysly tütetgi bilen arassalapdyrlar.

Wagtyñ geçmegi bilen ýakymly ysly tütetgiler ýörite ýasalan aýna çüýşelerde göterilýän suwuk atyrlara ýol açdy Parfýumeriýa dürli usullar bilen alyndy. Ösümlik ekstraktlary dürli ösümlükleri we hoşboý ysly ösümlükleri arkaly, distillasiýasy arkaly güýçli efir we hoşboý ysly ýaglar alyndy.

Himik, tebip we atyr öndüriji
Tapputi Belatekallim iñ ilknji himik hökmünde tanalýan Babilli Tapputi atly bir zenanyñ has köp tehnika bilen atyr öndürendigi barada taryhy çeşmelerde maglumatlar bar. Tapputi b.e.öñ 1200-nji ýyllarda köşgüñ resmi atyr öndürüjisi bolupdyr. Şol döwürlerde Tapputiñ käbir ýazan atyr resepitleri bilen atyr pudagynyñ ösmegine goşant goşdy.

Döwrebap manyda biziñ günümüze laýyk gelýän ilknji atyr, 1921-nji ýylda öndürlen meşhur fransuz moda markasy "Chanel" - iñ 5-nji belgili atyrydyr. Netijede , dini dabaralarda we lukmançylyk maksatlarynda ulanylýan ýakymly ysly tütetgi wagtyñ geçmegi bilen jemgyýetde asyllylygyñ nyşanyna öwrüldi. Häzirki wagytda Parfýumerler we olardan emele gelenler düýnden şu güne çenli ýokary iş mukdary bolan tãjirçilik pudagy bolmagyny dowam etdirýärler.
24
42
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.