AdyýokPlanyýew
07.04.2021 01:36
Durmuşyň iň dogry matematik teoriýasy:

(+)•(-)=(-)
Negatiwler bilen dawalaşmaň, netije negatiw bolar.

(+)/(-)=(-)
Negatiwler üçin özuňizi paralamaň, netije negatiw bolar.

(+)-(-)=(+)
Negatiwleri durmuşyňyzdan çykaryň, netije pozitiw bolar.
8
250
AdyýokPlanyýew
25.03.2021 12:50
Eliňde bar zatlara şükür et, şükür edere zadym ýok diýme, şu wagt muny okaýan bolsaň gözüň bardyr...
Görüp bilýän diýip şükür et☝🏻
7
175
AdyýokPlanyýew
21.03.2021 20:43
Problemalaryňyzy hiç wagt hiç kime aýtmaň. Çünki 80%-ni gyzyklandyranok we 20%-i problemalaryň bardygyna begenýár.

👤Dwayne Johnson
8
128
AdyýokPlanyýew
20.03.2021 01:19
Durmuşyň bize beren iň uly bagty İNTERNETSİZ çagalyk döwri📵📵📵
11
230
AdyýokPlanyýew
19.03.2021 00:46
Sen etmeseň başga biri eder, sen ýazmasaň başga biri ýazar, ýanynda bolmasaň başga biri bolar, sen hemmesini öz eliňe almasaň başga biri alar. Hemişe bolar başga biri!
9
488
AdyýokPlanyýew
18.03.2021 02:42
Gerek bolsa, adamlaryň durmuşyndan uzaklaşmagy başaryň. Artykmaç hereket edip, sütem etmänjik, ýuwaşjadan uzaklaşyň. Gadyr - gymmatyňyzy bilmeýänlere, sizsiz ýaşamaklaryna rugsat ber!🥀🥀🥀
13
282
AdyýokPlanyýew
14.03.2021 15:34
Haçanda uzak söýseň - muňa üns bermeklerini bes edýärler. Haçanda köp bagyşlasaň - mundan peýdalanyp başlaýarlar. Haçan-da biri üçin ähli zada taýýar bolsaň - gadryňy bilmeklerini bes edýärler.
We diňe sen olary terk edip gideniňde, seniň nähili gymmatly adam bolanyňa düşünýärler.
13
369
AdyýokPlanyýew
02.03.2021 17:11
Ogluma aýdýaryn, synpyňyzda iň gowsy bolmagyň zerurlygy ýok. Bahalaryňyz gaty erbet bolmasa, synpyňyzyň ortasynda bolmak gowy. Sebäbi diňe şeýle adamlar beýleki ukyplaryny öwrenmek üçin ýeterlik boş wagt alyp bilerler.

Jack Ma (Alibaba-nyň gurujysy)
9
170
AdyýokPlanyýew
01.03.2021 00:44
Ýazlarym

Durna, jümjümeli, älemgoşarly,
Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym,
Edepli-ekramly gunduz goşarly,
Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym.

Çaga bolup, ýaýlalaňda oýnadym,
Ýigit çykyp, görmegiňden doýmadym.
Kämillikde Şygrystanda ýaýnadym,
Ýylda ussat bolup gelen, ýazlarym.

Diriliş sen, galkynyş sen, durmuş sen,
Guşa ganat, bize ylham bermiş sen,
Elwan köpri gelejege geçmişden,
Çyn aşyga döwran bolan, ýazlarym.

Göz aýladym bu gün ýakyn-daşlarym,
Begenjimden gök diredi başlarym.
Söýenim, sylanym, deňi-duşlarym,
Aman eken ilen-çalan, ýazlarym.

Sen bir jadygöý sen, giden bir many,
Özüň bilen ýazlaşdyrdyň ynsany,
Maňa il-günümiň şöhraty-şany
Nesip etsin seniň bilen, ýazlarym.

👤Gurbannazar Ezizow

Doglan güniň bilen BEÝİK ŞAHYR
10
388
AdyýokPlanyýew
28.02.2021 00:36
Käwagt şeyle yagdaýlar bolýa. Sewäpsiz yerden göwniñe degýän adamlar bar. Bu ýagdaý sendede bolýandyr. Yöne sen gaty geçirimli bol. Derýa ýaly giñ bol. Gudraty-Güýçlimiziñ geçirimli adamlary söýýändigini unutma. Göwnüne degen adam bolsa günlerin bir güni hokman düşüner we göýweren gödek ýalnyşlygy üçin öküner. Sen sesiňi çykarma. Goý adamkarçiligiñ beýik nusgasyny senden öwrensinler.
9
327