Ýazlarym
Durna, jümjümeli, älemgoşarly,
Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym,
Edepli-ekramly gunduz goşarly,
Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym.
Çaga bolup, ýaýlalaňda oýnadym,
Ýigit çykyp, görmegiňden doýmadym.
Kämillikde Şygrystanda ýaýnadym,
Ýylda ussat bolup gelen, ýazlarym.
Diriliş sen, galkynyş sen, durmuş sen,
Guşa ganat, bize ylham bermiş sen,
Elwan köpri gelejege geçmişden,
Çyn aşyga döwran bolan, ýazlarym.
Göz aýladym bu gün ýakyn-daşlarym,
Begenjimden gök diredi başlarym.
Söýenim, sylanym, deňi-duşlarym,
Aman eken ilen-çalan, ýazlarym.
Sen bir jadygöý sen, giden bir many,
Özüň bilen ýazlaşdyrdyň ynsany,
Maňa il-günümiň şöhraty-şany
Nesip etsin seniň bilen, ýazlarym.
👤Gurbannazar Ezizow
Doglan güniň bilen BEÝİK ŞAHYR