Aýgözel
07.04.2022 19:30
HAÝYŞYM...
Ýyldyrym çakdyryp göreçlerimde,
Aladaly gabat gelýäň ýygydan
Hemem gursagymy otlap goýberýäň.
(Bagtyň bolsun, geçmişimi ýylydan!)
Käte hal-ýagdaýyň sorasym gelýär,
Artyk zadam islämok-la men indi.
Sebäp, birçak boýun aldym söýginiň
Seň eýeli ýüregiňde sönenni.
Ýöne meň gursagym sowabermedi,
Gün-günden örç aldy tutaşan ataş.
Haýyşym: ünjüli görmäýin, dünýäm,
Maňa bagtdan dolup-daşýarkaň sataş!
10
44
4
Aýgözel
01.04.2022 03:05
Ýaşlyk durmuşyñ belli bir pursarlary bn baglymy ya-da ýok?
Pikirlerinize garaşyan
6
78
17
Aýgözel
30.03.2022 11:35
Egerde kimdir birine nesihat bermeli bolsanyz nahili nesihat bererdiniz?
Siz su gun ozunize nahili sorag berdiniz?
Ynsan ynsanlara dusnukli bolmalymy ya-da oña düşünilmelimi?
10
90
12
Aýgözel
14.03.2022 00:46
YLHAMLY GIJE Bu gije başgaça ýaly öňküden, Ýa oň haly syrly Ýa-da meňki geň. «Ýüzi has nurana görünýär Aýyň» diýip, açdym penjiresin eýwanyň. Entek ýetişmänkäm özümi dürsäp, Girdi ýaz şemaly otaga
13
51
6
Aýgözel
12.03.2022 21:52
TOÝDA
Şeýle bir gyzypdy toýuň şowhuny,
Iýhä-iý, içhä-iç, tans, aýdym-sazlar.
Göçgünli ýigitleň nazarlaryndan
Ýaňaklary nar deý gyzaran gyzlar.
Şu gyzlaň içinde bir gyz otyrdy,
Ne gürrüňe, ne şowhuna garyşyp.
Gözünde birgeňsi kine bar ýaly,
Ana, gaşlary-da gitdi bürüşip.
Öýlenýän ýigide garaýar taýly,
Käte göz astyndan, kä-de dikanlap.
Her bir garaýşynda ýalyn görünýär,
Atylýar her bakyşyndan tikenler.
Düýn bagtyna şärik edinen ýigdi
Bu gün özge gyzyň bagtyna şärik,
Geljegine şärik,
Wagtyna şärik!
Durmuşyna şärik!
Köňül şalygnyň
Tagtyna şärik!
Bir ömre ýeterlik arzuw-hyýaly
Bir günde ýaprak deý gidäýdi tänip...
Mertlik etjek boldy, çydajak boldy,
Bolmady, wah...
Ýeňildi öz-özünden.
Ýalynly ýüregniň syryn paş edip,
Bir damja ýaş taýyp düşdi gözünden...
Sapa HOMMADOW.
13
68
5
Aýgözel
11.03.2022 00:51
GALAMDAŞ GYZA
Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen,
Uzak sen adaty gürrüňden-gepden.
Kalbyň iň gyzykly kitaplaň biri,
Duýgularyň — galam, ýüregiň — depder.
Ýazgylaň ýaz ýaly.
Göwnüň ýazýany
Goşgy görnüşine giren sedamy?!
Maýyl edýän gürrüňleriň bilen sen
Kül-peýekun edip barýaň edamy...
Erkime erk edýäň.
Soňky döwürler
Ynjyk bir adama öwrülip barýan.
Sözleň aýazyndan üşeýän aşa,
Kalbyň yssysyndan gowrulyp barýan.
Aýdyma meňzeş sen, meňzeş sen saza,
Adyň her harpynda görýän bir şygyr.
(Göwnüme bolmasa, şu zatlar üçin
Biziň şahyrlyga ýetip barşymyz)
Erkana sen, bir uçaňok guş bolup,
Serhet ýok, azat sen zyýandan, nepden.
Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen,
Uzak sen adaty gürrüňden-gepden.
Sapa HOMMADOW.
8
35
4