Aýgözel
11.03.2022 00:51
GALAMDAŞ GYZA



Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen,
Uzak sen adaty gürrüňden-gepden.
Kalbyň iň gyzykly kitaplaň biri,
Duýgularyň — galam, ýüregiň — depder.

Ýazgylaň ýaz ýaly.
Göwnüň ýazýany
Goşgy görnüşine giren sedamy?!
Maýyl edýän gürrüňleriň bilen sen
Kül-peýekun edip barýaň edamy...

Erkime erk edýäň.
Soňky döwürler
Ynjyk bir adama öwrülip barýan.
Sözleň aýazyndan üşeýän aşa,
Kalbyň yssysyndan gowrulyp barýan.

Aýdyma meňzeş sen, meňzeş sen saza,
Adyň her harpynda görýän bir şygyr.
(Göwnüme bolmasa, şu zatlar üçin
Biziň şahyrlyga ýetip barşymyz)

Erkana sen, bir uçaňok guş bolup,
Serhet ýok, azat sen zyýandan, nepden.
Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen,
Uzak sen adaty gürrüňden-gepden.

Sapa HOMMADOW.
8
35
Aýgözel
11 Mart 2022
Myhman Myhman, salam howa doly gornusde
Myhman Myhman
11 Mart 2022
Aygozel , ol gosgy doly gornusdemi doly gornisi bolsa hayal edman stdya baryp aydyma owurmek gerek
Gülhan
11 Mart 2022
(Göwnüme bolmasa şu zatlar üçin, Biziň sahyrlyga yetip barşymyz).
N.T.
11 Mart 2022
👏👏👏👏👍👍👍👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.