GARŞY ÇYKYLAN SÖÝGI
(Degişme)
Meniň munda göwün beren ýarym bar ,
Emma öýdäkiler garşy bu söýgä.
Olam meni, meniň ýaly halaýar.
Biziň bir-biregi sulhumyz alýa,
Ýöne öýdäkiler garşy bu söýgä.
Ýaplanyp ýatardym ýumşak gujaga,
Şol ýaplanyp ýatmam kän zada degýä.
Käte alyp oturardym gujaga,
Meň ýüregim diňe şol diýip urýa,
Arman öýdäkiler garşy bu söýgä.
Öýerjek diýýärler goňşy gözele,
Düşünmeýär olar bu täsin duýga.
Ynanyp bilemok men öz gözüme,
Ýarymyň bardygyn olama bilýä,
Wah garşy ekeni olam bu söýgä.
Men nädeýin täleýime ýazlypdyr,
Biwepa bolmaklyk ilkinji söýgä.
Senem düşün ahyr bu bir ýazgytdyr,
Kysmatdyr düşmeklik tükenmez gaýga,
Biziň öýdäkiler garşy bu söýgä.
Nesip bolsa toýdan soňra duşarys,
Indi görüp bilmen diýip aglama.
Gündiz bolmaz, gijelerne görşeris,
Sebäp hemme kişi garşy bu söýgä,
Hoş gal sen 'Ýassygym' ýaryň öýlenýä.
Bagt HOJAMYRADOW