Açaryny ýitirdim men,
Gursagymda täsin gulp bar,
Belki açyp bilersiň sen,
Mende seni söýen kalp bar.
Gursakdaky gulpym açyp,
Göwnüm alsaň, päli açyk,
Boldum saňa, däli aşyk,
Mende seni söýen kalp bar.
Söýýän diýsem oýna salyp,
Bu dünýäde bagtym saýyp,
Görmegin sen, menden aýyp,
Mende seni söýen kalp bar.
"Söýgüde-de oýun bormy"
Diýersiň sen, belki muny,
Meň söýgümiň ýeke gory,
Mende seni söýen kalp bar.
Oýun edip aýdaýmasam,
Meň sözümi almaýmasaň,
Gorkýan, söýgüm duýmaýmasaň,
Mende seni söýen kalp bar.
Söýýän diýip, görmändim öň
Ilki aşyk bolanym sen,
Bilmen sensiz, neýlärin men,
Mende seni söýen kalp bar.
Bagt HOJAMYRADOW