1980
18.08.2023 20:10

Pikir goraghanasynda özüni ýok edip bilýän ýaraglary öndürmäge ukyply bolşy ýaly, ynsan özüne jennetkybap bir bagtyýarlygyň, güýç-kuwwatyň we rahatlygyň mesgenini gurup biljek gurallary hem döretmäge ukyplydyr. Pikirleriň dogry saýlanyp seçilmegi we doly durmuşa geçirilmgei bilen, ynsan ylahy kämillige çenli beýgelýär, pikiriň erbet maksat üçin ulanylmagy adamy haýwandanam pes derejä düşürýär. Şu iki nokadyň arasynda dürli derejeler bardyr we adam şol derejeleri döredijidir hem olaryň eýesidir.


Häzirki döwürde ruh bilen bagly ýüze çykarylýan ähli gowy zatlaryň arasynda şu aýdylandan has köp begendirýän we umyt berýän hakykat ýokdur: adam pikiriň eýesi, häsiýetiň galypçysy, jemgyýetçilik gurşawyny, ýagdaýy we şertleri, ylaýta-da, ykbaly dörediji we kemala getirijidir.


Her hili ýagdaýyň açary-da güýje, zehine we söýgä eýe bolan, öz pikirlerine özi eýelik edýän ynsanyň elindedir. Ol özüni islän zadyna öwürmäge mümkinçiligi bolan özgerişligi we jan gatyjy güýji özünde jemleýär.


Jeýms ALLEN,


iňlis ýazyjysy

22
268
1980
15.08.2023 14:24

Hormatly öý eýeleri!


Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş edýäris, BIZI ÖLDÜRMÄŇ!


Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap, hyýaryň gabygyny goýsaňyz, men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek, iň bolmanda ýönekeý okuw tagtasy üçin ulanylýan hek bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony owunjak dograp, girýän ýerleriňize goýsaňyz, biz düşüneris we girmeris. Mundan başga-da, eger sizi birahat etmeýän bolsa, penjiräniň gyralaryna sarymsak çalyp bilersiňiz. Biz sarymsagyň ysyny alan ýerlerimize-de girmeýäris.


Ýöne, haýyş edýäris, çaga pudrasyny sepmäň. OL BIZI ÖLDÜRÝÄR, pudra biziň dem alyş ýolumyzy ýapýar.


Eger siz diýenlerimizi etseňiz, biz sizi hiç haçan birahat etmeris.


Ýöne, unutmaň, öýüňize salmasaňyz hem, gapyňyzyň öňüne bir gap suw goýsaňyz, kiçijik dostlarymyň adyndan size minnetdar bolardym…


GARYNJA

30
301
1980
14.08.2023 08:23

Haýsy gazete, haýsy žurnala, haýsy goşgular ýygyndysyna seretseň ― söýgi, söýgi, söýgi. Beýleki temalardan ýazmak gerek…» diýýäris.


Haýsy-da bolsa bir temany başga bir tema garşy goýmagymyz nädogry bolsa gerek. Bir ussa dutar ýasamaga ökde bolsa, ony araba ýasamaýanlygy, başga bir ussa araba ýasamaga ökde bolsa, ony dutar ýasamaýanlygy üçin aýyplamak, megerem, döredijilik prinsiplerine tersdir.


Söýgi temasyny çäklendirmek hakynda hiç hili gürrüň bolup bilmez. Gürrüň bolanda-da, ony diňe öz hasabyna ― gowşak işlenilişiniň hasabyna çäklendirmek bolar.


* * *

Her bir hoş sözi ýerine düşürip, başaryp aýdyp bilmegiň ullakan ähmiýeti bar. Şeýdilse kän-kän adamlaryň saglygyny gorap boljak.


Hoş söz satylýan zat däl: ony zerur ýerinde gysganman paýlamak gerek.


* * *

Talantly adam ýapdan bökjek bolanda (ýykylaýmak howpy bar bolsa!), onuň aýaklarynyň aşagyna köpri bolmaga taýýar adamlar, nähili kärdäki adamlar bolsalar-da, olar hem talantlydyrlar.


* * *

Şeýle bir hakykat (uzak ýyllaryň tejribesi esasynda) iki gezek ikiniň dörtlügi ýaly aýan boldy: özgä guwanyp bilmeseň, saňa guwanmazlar.


* * *

Adam dört hili pursatda örän ýaňra bolýar diýýärler: 1) Çagalyk dosty bilen duşuşanda. 2) Bir zada hetdenaşa şatlananda. 3) Agyr işi ýeňip geçende. 4) Garranda.


Bularyň käbirini başdan geçirdim hem-de geçirip ýörün. Ýöne men olaryň başky üçüsini ýaňralyk hasap edemok. Adam şeýle pursatlarda köpräk gürleýän  ýaly bolsa-da, ýüregini daşyna çöwürýäni üçin şeýdýär: syryny gizlemeýär, töweregine şatlyk paýlaýar. Adamyň çyn, asyl tebigaty ýüze çykýar.


Dördünjisiniň nähilidigini bilemok. Onuň bilen duşuşmaga-da howlugamok. Nähili zatka? Eý, toba…

20
88
1980
13.08.2023 07:54

Bir bakyşda söýgi döremez asla


Bilseň,

Hak söýgiňe gowuşdygyňdyr,

Geçip ähli nätanyşlaň deňinden,

Ýyllarboýy tanap ýören adamyň,

Bir gün

Söýgiň bolup çyksa öňüňden.


Bir bakyşda 

Söýgi döremez asla,

Aýtsa-da gözleriň halaýanyňy.

Çünki

Düşün,

Owal-ahyr dünýäde

Nätanyş adama aşyk bolunýar,

Söýüp bolýar diňe 

Tanaýanyňy.

***


Nemli didelerňe ýagyş damdymy?!

Kalbyňda ýyldyrym çakypdyr öýdýän.

Ýürekdeş saýanyň derdiň aňdymy?!

Ah, olam janyňy ýakypdyr öýdýän.


Yşkyň hakydasy-soňlanmaz gussa,

Tutaryk ykbaldan öýkelemäge.

Ynsan käte ynsanlygyndan arsa,

Başlaýar göwnüni ýekelemäge.


Yhlas ynjar,

Umyt ynjar mydama

Sergezdan hyýala ser, baş bolmakdan.

…Eden hatasyny bilýän adama,

Agyr jeza ýokdur bagyşlanmakdan. 


****


Ýanyp duran hyjuwy dek jahylyñ,

Hakykat ejizdir özün bukardan.

Kesdirip gylyja öz duran gynyn,

Büdretdiň göwnümi,

Bolup ýykarman. 


Ýalbarsamam huzuryndan gaýtmadyň,

Ertirleri tüm görünýän şol günüň.

Sen meň syrym dostuma-da aýtmadyk,

Men seň ile berýän soňsuz gürrüňiň. 


Ýoluňa ýagtylyk düşeýän güneş,

Kölegäň mazamlar del nazarlara.

Bolmanda käteler özüňe geňeş,

Ugruň Gündogarmy,

Günbatarlara?!


Mylaýym ýylgyryş, hoşamaý dide,

Owal-ahyr arzymany her kimiň.

…Aýt,

Kimsäniň syny gider sergide,

Tegmil degen peýzažyna bagtymyň.


…Ýan-ýodaň bezegi elwan nagyşly

Gülleri-de basga alyp gitdiň sen.

Mertdiň welin,

Şol gezeg-ä bagyşla,

Namardyňam etmejegin etdiň sen.


Gurbansähet GURBANSÄHEDOW.

18
92