1980
15.08.2023 14:24

Hormatly öý eýeleri!


Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş edýäris, BIZI ÖLDÜRMÄŇ!


Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap, hyýaryň gabygyny goýsaňyz, men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek, iň bolmanda ýönekeý okuw tagtasy üçin ulanylýan hek bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony owunjak dograp, girýän ýerleriňize goýsaňyz, biz düşüneris we girmeris. Mundan başga-da, eger sizi birahat etmeýän bolsa, penjiräniň gyralaryna sarymsak çalyp bilersiňiz. Biz sarymsagyň ysyny alan ýerlerimize-de girmeýäris.


Ýöne, haýyş edýäris, çaga pudrasyny sepmäň. OL BIZI ÖLDÜRÝÄR, pudra biziň dem alyş ýolumyzy ýapýar.


Eger siz diýenlerimizi etseňiz, biz sizi hiç haçan birahat etmeris.


Ýöne, unutmaň, öýüňize salmasaňyz hem, gapyňyzyň öňüne bir gap suw goýsaňyz, kiçijik dostlarymyň adyndan size minnetdar bolardym…


GARYNJA

30
301
guga__01
31 Awgust 2023
@mmmn, 😂 talyp bolmaly hovva
mmmn
17 Awgust 2023
Tagta bitin haty dp talyp oydyan shola🤭
selbisha
17 Awgust 2023
wah garynjajyklar😄
geldish96
16 Awgust 2023
Tagta bitden gelen hatam ýazsañyzlañ
garik
16 Awgust 2023
🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜🐜
dddd
15 Awgust 2023
👍👍👍👍🙂🙂
okayjy
15 Awgust 2023
Belläp goýaryn 🙂👍
lavinya_
15 Awgust 2023
@gull, he he gül haýsyndan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.