꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
06.03.2022 16:42
MMA söweşijisi MakGregor Çelsini 1,5 milliard ýewro satyn almaga taýýardygyny aýtdy

Irlandiýanyň garyşyk söweş sungaty (MMA) söweşijisi Konor MakGregor Iňlis Çelsi futbol klubyny satyn almaga taýýardygyny mälim edip, Twitterde degişli ýazgy ýerleşdirdi.

"1.5 milliard ýewro teklipimi hödürleýärin"— diýp sözüniñ MakGregor üstüni ýetirdi. Ondan öň ýewropa baştutanlarynyñ kararlary esasynda rus alligarhlaryna görülyän çäre netijesinde rus milliarderi Roman Abramowiç iňlis klubyny satmaga mejbur galdy we 4 milliard funt sterlinge satmak isleýändigi habar berdi

2-nji martda Abramowiçiň “Çelsini” satjakdygy belli boldy. “Men elmydama klubyň gyzyklanmalaryna esaslanyp karar berdim. Häzirki ýagdaýda kluby satmagy iň dogry saýýaryn, we bu karar janköýerler, işgärler, hemaýatkärler we klubyň hyzmatdaşlary üçin has gowy bolar "-diýdi. Galybersede topar bilen bu ýol bilen aýrylyşmagyň diýseň kyndygyny hem belläp geçdi.

26-njy fewralda Abramowiç klubyň ýolbaşçylygyny Çelsi haýyr-sahawat gaznasynyň ýolbaşçylaryna tabşyrdy. "Häzirki wagtda olar klubyň, oýunçylaryň, işgärleriň we janköýerleriň bähbitlerine seretmek üçin iň gowy ýagdaýdadygyna ynanýaryn" -diýip milliarder ýazdy.

Habary terjime edip size ýetiren Ömürdag Tagandurdyýew.. Like basmagy unutmañ😊
14
93