꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
06.03.2022 16:42
MMA söweşijisi MakGregor Çelsini 1,5 milliard ýewro satyn almaga taýýardygyny aýtdy

Irlandiýanyň garyşyk söweş sungaty (MMA) söweşijisi Konor MakGregor Iňlis Çelsi futbol klubyny satyn almaga taýýardygyny mälim edip, Twitterde degişli ýazgy ýerleşdirdi.

"1.5 milliard ýewro teklipimi hödürleýärin"— diýp sözüniñ MakGregor üstüni ýetirdi. Ondan öň ýewropa baştutanlarynyñ kararlary esasynda rus alligarhlaryna görülyän çäre netijesinde rus milliarderi Roman Abramowiç iňlis klubyny satmaga mejbur galdy we 4 milliard funt sterlinge satmak isleýändigi habar berdi

2-nji martda Abramowiçiň “Çelsini” satjakdygy belli boldy. “Men elmydama klubyň gyzyklanmalaryna esaslanyp karar berdim. Häzirki ýagdaýda kluby satmagy iň dogry saýýaryn, we bu karar janköýerler, işgärler, hemaýatkärler we klubyň hyzmatdaşlary üçin has gowy bolar "-diýdi. Galybersede topar bilen bu ýol bilen aýrylyşmagyň diýseň kyndygyny hem belläp geçdi.

26-njy fewralda Abramowiç klubyň ýolbaşçylygyny Çelsi haýyr-sahawat gaznasynyň ýolbaşçylaryna tabşyrdy. "Häzirki wagtda olar klubyň, oýunçylaryň, işgärleriň we janköýerleriň bähbitlerine seretmek üçin iň gowy ýagdaýdadygyna ynanýaryn" -diýip milliarder ýazdy.

Habary terjime edip size ýetiren Ömürdag Tagandurdyýew.. Like basmagy unutmañ😊
14
96
AhmetGf
23 Aprel 2022
Nesip etsin
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
22 Aprel 2022
HalmyratGmail.com., Angliya hökümeti mejburlaya
halmyrat_gmail_com
3 Aprel 2022
Gena,basga cykalga galmady name bollay ona
꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂
17 Mart 2022
rus alligarxlary hemme yurtda döwlet tarapyndan maddy taydan gysylma berilyar, hatda amerikada bir rus milyarderi òldürildi hem emma bu barada hic hili jenayat gozgadylmady, ekspertleriñ barlag netijesinde jenayat bilen baglylyk yok diyp yazylan
gena_02
6 Mart 2022
Satmasa basga cykalga galmadyda.Abramowic Yahtasynam satar onda?
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
6 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Shir✍️
6 Mart 2022
Garyşyk söweş sungatyna höwes edýän,halayan .Pikir nähili ýöredilsede!-dowamly bolara👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
6 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻...Gowy post
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.