♥️♥️♥️
31.03.2023 00:27
KAKA.
Cagasyna adim atlap owretdi,
Ogly yykylanda ata soyendi.
Emma name ucindir ,ol garry ata,
Ogluna soyenman ,hasa soyendi..........

Eje hakda kan yazyldy gosgular
Yazylyp yor, yene-de kan yazylar,
Yone kaka hakda yazylanok kan.
Nadip beyle pese gacdy kakalar?

Yok diyjekdal, hawa ene mukaddes,
Sylamaly ejeleri soymeli .
Yone dine ejeleri dal,
Eysem, kakalarymyzda sagbol diymeli.

Eje ak suyt berdi hem mahir berdi,
Emma kakamyzam sonca soyendir.
Eje gije yatman huwdulan bolsa,
Kaka gijelerine gala bolandyr.

Kaka bolmak yenil-yelpay dal ahyr,
Hem mahirli, hem gazaply bolmaly.
Caga terbiyesi nazik mesele,
Ka sogup, ka soyup owsup durmaly.

Kaka eklap saklap gosmaly sana,
Basga galan isam boynuna alyar.
Ogly haysy yolda , geljegi nicik,
Dost yary kim baryn bilmeli bolyar.

Eje hakda kan yazylyar gosgular,
Kaka hakda kop yazmaga hajat yok,
Dine kaka ucin gowy ogul-gyz bol,
Kaka sondan basga kan zat islanok!!!!!!!
0
4
♥️♥️♥️
30.03.2023 08:59
Diñe seniñ ücìn
Bütin dünýäñ derdin çekmelem bolsa,
Çekerdim olary diñe seniñ üçin.
Syrat köprüsinden geçmelem bolsa,
Geçerdim men ondan diñe seniñ üçin.
♥️♥️♥️
Ýüregimi sowrup bermelem bolsa,
Aýaza epgege dözmelem bolsa.
Iññe bilen guýam gazmaly bolsa,
Kaýyldyryn muña diñe seniñ üçìn.
♥️♥️♥️
Dagyñ depesine çykmalam bolsa,
Oñ yüzünde keşbiñ çekmelem bolsa.
Eger söýgi odun ýakmalam bolsa,
Ýakardym şol ody diñe seniñ üçin.
♥️♥️♥️
Baglaýan men saña bu gün ykbalym,
Seniñ bilen birdir ýorejek ýolum.
Ýürek telwas edýär mähriban ýarym,
Seniñ söýgiñ ücin dine seniñ üçin
8
137
♥️♥️♥️
29.03.2023 00:11
DURMUSH BILEN BAGLANAN GOSHGY!!!!!

Gözel gyzlar,
Juwan gyzlar,
Aỳ gyzlar,
Gözellikden alypsyñyz paỳ gyzlar,
Size bir gosgyjyk aydip bermekci,
Belki bolar yuregnize jay gyzlar.
Bir yigit soyupdir bir gozel gyzy,
Gul yuzli, hosh sozli, bir serwi nazi,
Bir gun gabat gelip shol gozel gyza,
Yigit gul gowshuryp chokupdir dyza…
Diyipdir: “men seni yurekden soyyan,
Ysgynda ot bolup ortenip koyyan,
Sen hem mundan artyk gynama meni,
Ynan gyz, yurekden soyyarin seni!”
Ana shonda, ol gyz yigide garap,
Ulumsylyk bilen kellesin yrap,
Diyipdir: “men seni soyup bilmerin,
Asla seni soyyan diyip bilmerin…
Menin yali gyzy aljak yigidin,
Menin yan yoldashym boljak yigidin;
Gyzyldan goyulan dishi bolmaly,
Dushevuntli karde ishi bolmaly,
Pul yagdyryp duran eli bolmaly,
Nace sowjak diyse puly bolmaly,
Garajda ZIL mashyn hynglap durmaly,
Mercedes gapyda henglap durmaly,
Calaja goyulan murty bolmaly,
Yigitlerin sur boy sorty bolmaly..
Indi shuny dinle hormatly yigit,
Menin sana diyjek sozlerim nagt,
Sende ol zatlardan yok asla Derek,
Shonun ucin seni kuysanok yurek”…
Yigit dinlapdir-de gyzyn sozlerin,
Onun gozlerine dikip gozlerin,
Yurekden syzdyryp diyipdir sheyle:
“seni samsykmykan oytmandim beyle…
Hic wagt baylykdan gozleme bagty,
Dushunersin muna gelende wagty…”
Shol wakadan sonra gecipdir aylar,
Toylanypdyr ence shatlykly toylar,
Bir gunem uly toy toylananmyshyn,
Yigit bashga gyza oylenenmishin..
Biri-birlerini soyupdir olar,
Bagt soygudedir diyipdir olar,
Olar pak zahmetden gozlapdir bagty,
Shatlykly gecipdir olaryn wagty..
Bagtly bolmak hakda kop pikir oylap,
Yigitleng icinden secip hem saylap,
Gyz hem bir yigide durmusha chykan,
Shol yigidin waspy sheylerak eken.
“Gyzyldan goyulan dishi bar eken,
Dushevuntli karde ishi bar eken,
Pul yagdyryp duran eli bar eken,
Nace sowjak diyse puly bar eken..”
Emma adamcylyk yok eken onda,
“Akmammetden” doyup gelip her gunde,
Gelip ayalyny urar ekeni,
Azar yamanyny berer ekeni..
Aglapdyr ayaly gozlerin yashlap,
Indem ahmyr edya, hyrchyny dishlap,
Oz eden ishine edipdir pushman,
Emma sonky pushman ozune dushman,
Yigit bolsa gyzyp, baylyga-pula,
Bir gunem duydansyz dushupdir ele,
Kanun onun bar aybyny acypdyr,
Yigit gozenekden anry gecipdir..
Ayaly yzynda aglap galypdyr,
Hemem shol sozleri yada salypdyr,
Hic wagt baylykdan gozleme bagty,
Dushunersin muna gelende wagty…”
Gozel gyzlar,
Juwan gyzlar,
Ay gyzlar,
Sozleriniz shirin-sheker bal gyzlar,
Gozellikde aya-gune tay gyzlar,
Gara gozi garamyk dey shol gyzlar,
Eger bagt barada piker etseniz,
Bagt diyip baylyga dushunman sizler,
Bagt baylykda dal, bagt soygude!!!!!
15
130
♥️♥️♥️
27.03.2023 13:24
Ýetimiň nalasy!
Bagyşla ejejan, edäýdimmi bimaza,
Mazaryňa gelmän gitsem bolmaza
Her gün säher ýer başyňa gelýänme,
Gelýär diýip hiç kes azar bermezä.

Howwa menem oňat, penalap ýörňä,
Ýürek gysýar, beýdip gysmazdy oňa.
Senem ýanymda ýok, diňe ýanymda,
Derdim bar şoň bilen geçýär her günim.

Sen barkaň Ejejan görenim şatlyk,
Sen gitdiň öýüň içem gum-gukluk.
Indi meni oýarmaýar seň sesiň,
Gideniňe ynanamokda men asyl.

Ejejan, jan ejem her säher geljek,
Pata berseň menem ýanyňa barjak.
Arkaýyn ýatyrmyň Jennet jaýynda,
Göyberseler baryp mähriňi görjek.

Bor eje, aglamaýyň diýmerin gaýdyp,
Diýaýdima ruhuňyz galkynar öydip.
Aýdaýyňda baka ýakyna beýge,
Kösemesindä ol bendesin beýdip.

Şükür edýän eje razy Alladan,
Özüň aýtdyň, Allaň guludyr adam.
Kaýyl edenine boýun bar zada,
Ejizlemen eje, etmerin jyda.

Oglum diýip bakýar maňa müň eje,
Sen mähriňçe ýokda olar jan eje.
Seň mähriňde özge mähre garaşman,
Bir ýylgyrşyň müň ömüre çalyşman.

Ýogsada eje,
toý bar şu gün eziz obaňda,
Şol toýa baraýsa ýalňyz balaňda.
Şatlanjak, şatlanmagyňa garaşjak,
Agladyňa geçen sapar aglamda.

Bor onda ugraýyn hoş gal jan eje,
Şatalamda, şatlanmagňa garaşjak.
Dostlarym ejeleri bilen bilen tans etse,
Seni görjek şol wagt göge seretjek.

Gel eje, gel eje hökman gelginiň,
Bärde ýalňyzlygym sen bir bilginiň.
Hemme adam maňa gussaly garap,
Diýmesinlerdä ýetim barmagyn uzap.

Öňem şol sözi maňa diýýän kän,
Emma ýürek diýýär, sen ýetim däl.
Elmydam ýanymda senem bar ýaly,
Ýatlaýan Siz bilen Beýik Hudaýy.

Ejejan,
Gitmänkäm öpäýin bir mazaryňdan,
Ganan dek bolýan-da o didaryňdan.
Sag bol, hoş gal eje gelerin ýene,
Derdimiň dermany iň mährem ýere.
Hoş gal jan Ejem, hoş gal Käbäm
8
94