Diñe seniñ ücìn
Bütin dünýäñ derdin çekmelem bolsa,
Çekerdim olary diñe seniñ üçin.
Syrat köprüsinden geçmelem bolsa,
Geçerdim men ondan diñe seniñ üçin.
♥️♥️♥️
Ýüregimi sowrup bermelem bolsa,
Aýaza epgege dözmelem bolsa.
Iññe bilen guýam gazmaly bolsa,
Kaýyldyryn muña diñe seniñ üçìn.
♥️♥️♥️
Dagyñ depesine çykmalam bolsa,
Oñ yüzünde keşbiñ çekmelem bolsa.
Eger söýgi odun ýakmalam bolsa,
Ýakardym şol ody diñe seniñ üçin.
♥️♥️♥️
Baglaýan men saña bu gün ykbalym,
Seniñ bilen birdir ýorejek ýolum.
Ýürek telwas edýär mähriban ýarym,
Seniñ söýgiñ ücin dine seniñ üçin