موسلِم
28.12.2019 22:57
Dostum
Gam içinde bu gün goşdum goşgymy,
Ýazmak islemändim ýazdyrdyñ dostum
Dostlugmyzdan dörän täze gülümi,
Ýolmak islemändim ýoldurdyn dostum!
Hemişe şadyýan ýylgyran bolup,
Ýalan bilen oýnadyp sen gözlerñi.
Birnäce aý gizläp yören syryñy,
Bildirmek islemän bildirdiñ dostum!
Öñki bolşuñ bilen sen has gowudyñ.
Teşne kalbym gandyrjak gül suwydyñ.
Indi menden gizlap name gazandyñ?
Diýmek islemändim diýdirdin dostum!
Dogry ýok diyjek däl aýt sen günämi...
Aýt ahyryn saklama sen diliñi...
Dostlukda gol berip uzan elimi ,
Çekmek islemändim çekdirdiñ dostum!
Gel dostum bir sagat söhbet edeli
Name duşünşmezlik boldy bileli.
Bir wagtlarky iki natanyş yaly,
Bolmak islämok men bolmaly dostum!
( Meniñ eziz dostum jana jan dostum )
,,Gel dost" diýdim maslahat bar peýdaly
Biz täzeden dost bolaly wepaly
Bu durmuşda biz kineli galmaly
Öýke bilen duşman bolmaly dostum!
Meniñ eziz dostum jana jan dostum!
Awtory: Aga TMTM
Dostlar dostuñyzy sylañ aldamañ.
Täze ýylyñyz gutly düşümli ýyl bolsun!!!
Size edil "Бригада,, , "Игра,, daky ýaly dostlary arzuw etyan.
6
825
موسلِم
21.12.2019 02:03
Kitap hakynda...
Kitabyň saňa berýän peýdasyny-haýryny ýatlamasagam, iň bolmanda, seni gapynyň agzynda oturyp, öten-geçeni synlamakdan, nämährem kişilere artykmaç göz aýlamakdan, bimany gepleri eşitmekden, bihuda işlere meşgul bolmakdan, pes häsiýetli kimseleriň gybatyna goşulyp, olaryň gödeňsi sözlerine, bozuk manylaryna, ýaramaz häsiýetlerine, ýazgarylmaga laýyk nadanlyklaryna gulak gabartmakdan saklaýandygy hem uly nygmat ahyry.
9
337