موسلِم
25.12.2019 21:27
Tüssesiz ot gözläp bir täsin adam,
Ahyry dünýäden otsuz geçenmiş.
Bir köstsüz dost gözläp bir täsin adam.
Ahyry dünýäden dostsuz geçenmiş.
Tüssesiz ot gözläp, otsuz galmagyn,
Tüsseli-de bolsa, otluja bolgun.
Bir köstsüz dost gözläp, dotsuz galmagyn.
Köstlüje-de bolsa, dostluja bolgun.
Kerim Gurbannepesow.

Ile sen eýle sen beýle diýmänkäk özümizi düzedeliñ. Düzedibem mylaýym sypaýy boljak bolup jan edeliñ. Hiç haçan biriniñ göwnüne degmäli . Sebäbi onuñ gözleriniñ ertirki dogjak güni görmezligi mümkindir.

Lukman Hekim: «Eý, oglum! Hiç haçan adama erbet söz aýtmagyn. Erbet söz suwa oklanan daş ýaly kalbyň jümmüşine çümer we şol daşyň suwuň düýbünde eremän ýatyşy ýaly ömürlik ol adamyň ýadynda galar» diýýär.
7
514
Gylyjow D
26 Dekabr 2019
gowy setirler
Shatlyk95
26 Dekabr 2019
Dogry?????
موسلِم
26 Dekabr 2019
Bilmedimda 1 Kerim agañky 2 özüm (Kerim aga bn Lukman Hekimiñ sözlerine seredip) 3 Lukman Hekim

Mumkin gabat gelendr 2 biologyñ biri birinden habarsyz 1 zat açyşy yaly bolandrda☺
Shatlyk95
25 Dekabr 2019
dos Babajanyň sözlerimi mary iskiradan
babamyrat
25 Dekabr 2019
örän manyly sözler
Myhman Myhman
25 Dekabr 2019
oran gowy setirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.