Şaperi❄️04
16.06.2023 14:32

Degishmeler (in bolmanda yylgyrarsynyz)

Garagumyň jöwzasynda suwsyzlykdan halys eňkamy giden bir adam küýze tapaýypdyr

. Hasyr-husur onuň dykysyny açýar welin, küýzäniň içinden äpet jyn çykýar:- Buýruň meniň jenabym.

- Öýe gidesim gelýär

.- Ýörün onda, ýöredik..

.- Meniň çaltrak barasym gelýär..

.- Yörüň onda, ylgadyk.

------------------------------------------------

Halypa, eňegine urdular welin, seniň näme, içiňde janyň ýokmudy?O nähili janym ýokmuş ýykylan badyma turduma...

------------------------------------------------

29
408
Şaperi❄️04
13.06.2023 19:39
Söýýän diydim hem jogabyn eşdipdim,
Dünyäni undupdym söýgimden yaňa.
Şonda özüm bagtly kişi öýdüpdum,
Şol duygular üçin minnetdar saňa.
Gije gündiz sesiň eşdesim geldi,
Garaşyardym umyt bilen men jaňa.
Hoş gal diyen günüň söýgimem öldi,
Şol pursat üçinem minnetdar saňa.
Hoşlaşyk sözüni aytdyňda gitdiň,
Ylgap gitdiň howlugýan dek bir yana,
Şeydibem ömürlik ýürekden yitdiň,
Şol söýgiň üçinem minnetdar saňa.
19
63
Şaperi❄️04
10.06.2023 10:10

Umudum elimden sypyrdy ýeller

İň mährem zadymy ýitirdim bu gün

Ezizläp ýüregime salan ýüregmiň

Bilmändirin eýesi bar ekeni.


Uzak gije ýyly gujakda saklap

Eýeli gujaga mynasypmykam

Janymdan eý gören söýgüli ýarym

Menden başga söýen güliň bar eken.


Ýer bagyrtlap başym goýdum ýassyga

Göz ýaşym özüme duranja ganym

Şatlyk nurun peşgeş berip kalbyma

Bir sekuntda ýere ýazdy bu söýgüm.


Heýde söýüp beýle kast edip bormy

Gyz kalby demirdenmi ýada Polat

Ogurlykda tutulanja ogry dek

Sende ýürek barmy, ýok bardy galat.


Sesiňe zar bolup gezmeli boldym

Öýlenenňi bilip umudum üzdim

Suratlarňy görüp görme

7
44
Şaperi❄️04
26.05.2023 08:55
Dost-dostuň aynasy
6
30
Şaperi❄️04
21.05.2023 10:40
Bu gùn meni sòýen yigdiñ toyy. Ondan bari 18 yyl geçdi.
O dòwur mena uly gyzdym Annageldi bolsa bir masgalañ 8 ya§yndaky kòrpeçe oglydy
Men oña Anny diyyadim
Annylar bilen biz goñ§y otyryadyk. Olaryñ karende pagta yeri hem ,biziñ yerimiz bilen bir yerdedi.Men ishlemage gidemde ol hem meniñ bilen, otag etsem kicijek katmenini alyp, suw tutsam kicijek pilin alyp bile ishleyardi
Biz Anny bilen gunde bile gityardik. Ara tapawydymyz 12 yyldy.Ola 8 yaśynda men bolsa 20 ya§ymdadym.Anny bolanda men begenip ony ulaldan hem mendim. Mydama egnimden dusurman goterer yorerdim.
Bir gùn pagta yygmaga gidemde Anny bilen gol tuty§yp gumsakly yoldan aydym aydyp baryakak men Anna sorag berdim
-Anny sen §u wagt meniñ bilen deñ bolan bolsañ meni alarmydyñ
-bilemok diyip utanya gujagyma gysyp ony di§lap di§lap aldym
Waaak hem diyenokdy
Ay gùn geçip durdy. Biziñ obamyzda Gulnabat gelnejemiñ ogly Serdar uçun maña gudaçylyga geldi. Òydakiler tany§ça yerler diyip gownediler we razy boldylar
Bu gije men onyñ bilen gòru§melidim .Men bir munut Annylaryñ tamynyñ yol gapdalyndaky ùzum teláriñ a§agynda gòrjek diydim.Serdary òñem gòrùp yoremsoñ men arkayyndym
Du§u§maly wagty men Annyny yanyma garagul alyp gitdim. Anny gownemedi, §ondada bardy. Serdar bilen azyrak durdym toy barada ony muny geple§dim. Meniñ bu hereketim Anna yaramady, ol ylgap gaytdy òye, ol gaydansoñ men hem Serdar bilen ho§la§yp gaytdym
Ertesi pagtamyza gitmeli welin mundan òñ Anny sagat 6- bolmañka i§ikde gideli diyip durandyr weli bu gùn gelmedi, òylerine bardym görsem ot yaly gyzyp yatyr way saña name boldy diysem ol çaga
- meni goyyp gitme men Serdary yigrenyan, ulanamda soldat bolamda ony atjak diydi
-men yylgyrdym we
-sen onat bol hemme zat gowy bolar diydim, men obadan da§a gidemoga diydim
Uzak wagt ara dùśman men toy etdim we Serdar bilen onyñ okayan yerine gaytdym
Ondan soñ atanda seyranda hem oba baramda Annyny gòrmedim. Ol hem §aher mekdebine okawa girip soñ hem welayatdaky woyeniy mekdebe girip §o tayda hem okady.Ondan soñ da§ary yurtda wayenniy instutlaryñ birinde okap geldi
Bu aralyklarda men ony gòrmedim
Indi ol 26 ya§ynda .Bu gùn onyñ toyy, bagt toyy. Toya çakylyk geldi , gitdim
Anny owadan, eginlek, sagdyn ,ne semiz ne hor firurasy òzune gel§ik berip duran goç yigit bolyp yeti§ipdir
Ol meni gòrenden ylgap diyen yaly gelip gujaklady, menem gujaklap, ogsap oña bagtly durmy§ arzuw etdim
Onyñ bilen geçen gunleri yatla§yp gulu§dik, ol indi utananok gòni meni ta§lap Serdara bardyñ diyip dur
Gùl§ùp otyrkak Annyñ teline jañ geldi. Ol aljak gelnimizdendi, ol salona almaly gul çemenleri barada gurruñ edip telin goydy
Meni gyzyklandyran zat Annyñ teliniñ jañynyñ sesidi. Ya§ oglan telefon jañynda aydym dalde go§gy bardy
Menem §ony gaytaladyp ber diñlap gorjek diydim
Anny
-bu go§gy meniñ òmùr geçmi§im, bu go§gyny bir diñle bu meniñ 18 yyl mundan òñ saña aydyp bilmedik yurek sòygùm
Yylgyrdym hany onda diñlet
Sena uly gyzdyň zülpleri towly,
Menem bir mašgalaň körpeje ogly,
Mena söyyan diýip sayran bolardym
Senem monça bolyp aynan bolardyn.
Hemise gizlenip göz bilen dilden,
Bileje yörardik gumsakly yoldan,
Ir saherden baryp atyzly pele ,
Ak pagta yygardyk ikimiz bile.
Köp sorag bererdim sebap ulydyň,
Gül ülkamde gozelleriň gülidiň.
Degšip diyerdin
basym yigit bolarsyn?
Öylenmekçi bolsañ meni alarmyñ?!
Kyndy bu sowala jogap tapardan,
Oylanyanym gorup göziñ gypardyñ
Köp pikir ederdim bolip haly teň,
Diyerdin jogap berda sowalyma meň
Jady gozleñ ašygy men ašygy,
Ýone neylayin çapraz gelen yaşymy,
Tayyn baky owrülmaga gulyña,
Arman lalam yasyn menden ulyda
Men yigit çykynçam ynanay gulum,
Sen bolarsyñ ençe çagaly gelin,
Soñ diyerdin, ömrüm ahyryna çen Garaşaryn meni aljagyn bilsem
Emma bu durmyšda etsegem gówun
Hasyl bolayanok ähli arzuwyň,
Kàte soyen sóymedige čatylya
Ykbal aty bizden bidin čapylya
Ayra dušsek herhiz gowniň galmasyn
Bir dilegim guler yuziň solmasyn
Ömir salgym šat durmyšda kúrekle
Hem sóygumiz sakla baky yurekde
Šeytdip bezediň sen ózgaň tórini
Soñ asla gormedik birek biregi
Bir wagtlar ówrulensoň gówun šadyma
Ynha bu gün düšdiň, yene yadyma
Mena bir mašgalaň kórpeje ogly
Senem uly gyzdyn zulpleri towly
Yylgyrdym we telefonyma geçirip aldym. Ol men bu go§gynynyñ MP3 çykandan bari jañymda dur, bu go§gyny naçe adam geçirip aldy.Gorseñ men seni hiçem yatdan çykaryp bilmedim. Sòydùm men yòne seni sòy§ùm yaly däl, ol hem sòyyar meni yòne seniñ meni gowy gor§ùñ yaly däl. Men gyzlary sayladym, olaryñ ićinden seniñ hasiyetiñi yatladyp duran yekeje hasiyete gawat gelsem òylenjekdim, yòne gawat gelmedim
Ahyr Jahan gawat geldi, erte bir gòr ony gulkusi edil kopiya seniñ gulkuñ
-wah Annyjan Annyjan mena saña name diyjegim bilemokda
-hiç zat hem diyme seniñ diyjek zatlaryñ go§gy setirinde eyyam aydylan
Ikimiz hem dymdyk, bu dymmy§lykda geçmi§iñ yatdan çykmajak yatlamasy bardy. ...
Nowça

72
810
Şaperi❄️04
20.05.2023 17:18
OZI BILMEDIK YAGDAYDA BAGTA YETEN GYZ''
oylenjek diyenden son oglan bn urushyp galan gyz gamgyn halda oyine girip gelyarka derwezan onunde duran mashyna we mashynyn ichinde ona seredip duran yigide seretmedi. Tiz-tiz yorap oyine girip gitdi. Krawadyna otyryp gozlerindaki yashyny supurip tashlady. Eline tel ini aldy. Ondaky yigiding yylgyryp duran suratyna bir seredip galdy. Sonra ona sms ugratdy: ''ony soyyanizmi?'' yigit: '' hawa '' gyz: ''ol owadanmy?'' yigit: ''oran gozel'' gyz: '' ol size shoncha ezizmi?'' yigit: '' janym yaly'' gyz: ''ol kim? Onyn ady name?'' oglandan sms gelmedi. Uzak wagt garashyp yuregi gan bolan gyz gapy achylanda gorkyp elindaki teli yere gachdy. Gyzyn ejesi eken. Ejesi gelip gyzynyn yanyna otyrdy we soze bashlady: gyzym duynki sawchylar yene gelipdir. Kakan ozinden sora diydi. Bize ol yigit makul boldy. Okan eken, mashgalasy hem gowy. Name diyyan? gyz jogap bermegin deregine aglap goyberdi. Shu wagt ol yigidin '' oylenjek '' diyenini oylayardy. Ene gyzyny kosheshdirdi '' gyzyn takdyry bu, gowun berenin bolsa ayt, mana diyse shulara razy bolay! Ene gepledigiche gyz algayady. Ol gowun bereni oylenyandigini nadip aytjagyny bilmeyardi. Name geplemeyan ahyr? bir zatlar diy? Gyz birden aglamakdan dymdyda '' ozuniz bilyaniz'' ''name?'' ''siz name diyseniz shu'' enesi chykyp gidenden son gyz kosheshdi. Oziche kast aldym diyyardi. ''ony men dal, siz isledingiz'' - oylayardy. Aknodan sawchylaryn guwanchly yuz bilen chykyp gidip baryanyny biraz seredip durdyda son krawadyna gelip otyrdy. Shu wagt gulagyna sms owazy eshidildi. Oglandan sms gelipdir. '' shol oran owadan, menin janymdan soyyan, men oylenip biljek yekeje gyz SENSIN. Seni soyyan'' gyz smsi 2 gezek okap chykdy. Indi onyn goz yashlaryny hich zat duruzyp bilmezdi!
43
574
Şaperi❄️04
19.05.2023 21:16
Söyseñem köyseñem bolmaýar. Söýýarsiñ, Diýýärsiñ bilmeýar. Oña janymy bermekçi boldum. Ol başka gitmek isleýär.
Gitsin uzaklara gözimden ýitip
Soñ men aglaryn gidip
Olsyz hem ýaşaryn belki
Ol başka gitmek isleýär.
Haýatym barymy oña beripdim
Gynalyp bagtly bolsun diyipdim
Meni görmeýär hiç duýmaýar
Ol başka gitmek isleýär.
Gitsin gitsin bagtly bolsun
Ogul gyzly tagtly bolsun
Gazakbaý hem tapar bagtyny
Bu haýatymyz nagyşly bolsun.
Awtor: Gazakbaý Shermatow
12
127
Şaperi❄️04
18.05.2023 11:53
ALO» sözüniň gelip çykyşy. Näme üçin «ALO» diýýäris?
Biz her gün telefonda birnäçe gezek «ALO» sözüni ulanýarys. Hakykatda bolsa, bu söz bir gyzyň gysgaldylan adydyr. Gyzyň doly ady «Allessandra Lolita Oswaldo»-dyr. Ol telefony oýlap tapan A.Graham Belliň söýgülisidir.

Graham Bell telefony oýlap tapandan soň ony ilki bilen söýgülisiniň öýüne çekipdir. Iş ýerinde telefon jyrlanda jaň edýäniň Allessandra Lolita Oswaldodan başga adam bolmajagyny bilýändigi üçin Graham Bell her gezek «Allessandra Lolita Oswaldo» diýýär eken. Bell eslije wagt geçenden soň söýýän gyzynyň adyny gysgaldyp jogap bermäne başlapdyr we jaň gelende «Ale Lolos» diýip başlapdyr. Soň-soňlar ol söýgülisiniň adyny has-da gysgaltmaly bolupdyr. Bu gysga at «ALO» bolupdyr.

Allessandra Lolita Oswaldo Graham Belliň bütin şähere telefony çekjek bolup özüne üns bermeýäni üçin birahat bolup başlapdyr we ony terk edipdir. Bell söýgülisiniň haçanam bolsa ýene özüne jaň eder umydy bilen telefonyň ýanyndan aýrylmandyr. Soň-soňlar şäherde telefon ulanýan müşderileriň sany köpelip başlapdyrlar. Maglumatlara görä, 1880-nji ýylda Amerikada telefon abunasynyň sany takmynan, 70 000-e ýetipdir.

Graham Belle başga adamlaram jaň edip başlapdyrlar. Ol her gezek gelýän jaňa jogap berende, söýgülisidir diýen umyt bilen «ALO» diýip alýan eken. Ine, şondan soň telefon ussalarynyň köpüsi jaň gelende Aleksandr Graham Belliň hormaty üçin «ALO» diýip başlapdyrlar. Bu gün hemmämiziň ulanýan «ALO» sözümiz şeýle taryh bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir.
27
534
Şaperi❄️04
17.05.2023 11:40
Gündeligimde galan setirler…”
Hakykaty boýun almak agyr bolsa-da, ol seni ýalkar.

Duşmany duşman bolup däl-de, dost bolup ýeňmeli.

Durmuş gynamaýar – synaýar.

Göriplik – ömri, kalby hem abraýy kertip tükedip biler.

Söýginiň nämedigini bilmek üçin yşkda bagryň tütemeli, ýaňyzlygy bilmek üçin onuň ejirini duýmaly, ýaşaýşyň nämedigini bilmek üçin bolsa durmuş öwrümleri bilen ýüzleşmeli.

Sadalyk hem pespällik adamy bir gez beýgeldýär.

Zähmet çekmän garyplykdan, sylaman sarpasyzlykdan nalama.

Göze adalatly görmäni, dile bolsa hakykaty diýmäni öwret.

Günlerden adatylygy däl-de, haýsydyr bir özgerişi duýjak bolmaly.

Çyn yhlas ýeňilmez.

Agzyňdan çykan her söze islendik pursatda jogapkärdigiňi unutma.

Töründen däl-de, ýüreginden orun berenler seniň üçin ezizdirler.

Ýaşaýyş üçin diňe bir dem almak, iýmek-içmek, hereket etmek… ýeterlik däldir. Oňa ajaýyp mazmun hem gerekdir.

Bizi durmuşda wysala ýetirjek güýç bar bolsa, şol hem käbelerimiziň yhlaslary we dilegleridir.

Bagyşlap bilmek endigi iň beýik hem iň owadan köňle mahsusdyr.
23
182
Şaperi❄️04
16.05.2023 14:13
Hekaýa. 2-nji bölüm. Arslan gyzy süýrekläp başlady. Şol wagt: “Goýber gyzyň elini” diýip, ses eşidildi. Gaharly Döwlet durdy.
Arslan gyzyň elini goýbermän: “Bar-ow, dost, öz işiň bilen bolsana” diýip, ýene gyzy silteläp başlady. Döwlet çydap durup bilmedi, Arslany bir ýumruk bilen ýere ýatyrdy. Güljeren sypandan soňra, gyra çekilip gorkup durdy. Uruş-ýumruk başlandy. Näme biriniň güýji bäşe deň gelermi?! Garagul goha gelmedik bolsa, nämeleriň boljagy belli däldi. Burnundan gan gelip duran Döwletiň gözünde namys ody bardy. Gyz elýaglygy bilen gany duzurjak bolanda, ýigit ýerinden turup, namys ýumrugyny düwüpdi. Bir gyzy gorap bilmedi... Soňam gaharly ýöräp gitdi. Yzyndan garagul we Güljeren seredip galdy. Ertesi okuwa oglanlaryň hiç biri gelmändi. Okuw gutarandan soňra, beýleki mekdep bilen uruş bolanyny eşiden Güljeren özüni günäkerledi: “Öý işini edip beren bolsaň, eliň şel açar öýtdüňmi? Seret, sen sebäpli nämeler boldy?”. Ertesi okuwa oglanlar ýüzüni gök-dalak edip geldiler. Arakesme wagtynda, Döwlet Güljereniň partasyna hat goýup gitdi. Hatda: “Indi saňa azar bermezler” diýen ýazgy bardy. Gyz ýylgyrdy, onda guwanç duýgusy bardy. Baýram mugallym dogry aýdan ekeni “Klasdaş diýmek dogan ýalydyr, hemişe size kömege geler”. Güljeren minnetdarlyk hökmünde köke bişirdi. Okuw gutaran badyna, Döwletiň yzyndan ýetip:
-Döwlet, taňryýalkasyn! Sag bol, kömek edeniňe. Ine, saňa özüm ýörite köke bişirdim.
-Maňa ýöriteläp köke bişirdiňmi?
-Hawa- diýip, gyz ýylgyryp aýtdy.Soňam:
-Meň oglan doganym ýok, jigim bar olam gaty kiçi entäk, sen doganym ýaly kömek etdiň. Hakyky doganym bolduň.
-Doganyň? Ýok, beý diýme!
-Wiý, näme üçin?
-Dogan däl, how! Oň ýalam bir zat bolarmy?
-Onda dost-diýip, gyz elini uzatjak bolanda, ýigit:
-Ýok! Gowsy, klasdaş bolup galaly.
-Bolýar.
-Kitaphana barýaňmy?
-Hawa, senem türgenleşige?
-Hawa, bor görüşeris- diýip, Döwlet howlukmaç ýöräp gitdi. Gyz eden işinden hoşal bolup, synaglara taýýarlanmaga başlady. Kitaphanadan çykanda, Döwletiň garaşyp duranyny gördi. Ýanyna baranda:
-Indi üstümden erbet atyryň ysy gelýän däldir-ä?
-Ýok, meň geýýän köýnegim nähili, gyza meňzeýänmi?
-Hawa, figuraňy gaty gowy görkezýär.
-Toba, utanokmy beý diýmäge?
-Men oglana, näme ýakaňdaky keşdä baha bereýinmi?
- Bissimilla Rahman Rahym!
-Näme doga okaýaňmy?
-Öküz!
-Jüýje.
Olar şeýdip bile ýöräp gitdiler. Indi, olar bile otyrýardylar, gürleşýärdiler, bile taýýynlanýardylar. Iň haýran galdyrýan ýeri hem, mekdepde bular hakynda hiç hili gürrüň bolmady. Belki, Güljereniň hemmeler bilen şeýle dostlukly gatnaşykda bolany üçindir, belki soňky jaň sebäpli bolýan taýýarlyk ýa-da ýetip gelýän synaglar sebäplidir, garaz bulara hiç kim üns bermedi. Ýöne, olaryň arasynda bir duýgy bardy, belki bu aga-uýa duýgysydyr, ýa dost-klasdaş duýgusysyr ýa-da ajaýyp söýgi duýgusydyr. Hä diýmänem, soňky jaň ýetip geldi. Dabara tamamlanandan soňra, okuw müdiri Güljereni ýanyna çagyryp:
-Hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny bar otaga äkit. Senden olara gowy seretjek ýokdur. Soňam, baýramçylyga goşulyň, tans ediň.- diýip, gyzyň eline açary berdi. Döwlet şol wagt:
-Menem kömek edeýin-diýip, gyz bilen ýöräp başlady. Biraz arany açandan soňra:
-Güljeren Jemal şu gün gaty owadan bolupdyr, tüýs melegiň barda
-Hawa, dogry. Hä, indi öz adyňa geçirip, meňki diýjek bolýaňmy?
-Ýok, bilýäňmi gyz haçan doly, tutşlaýyn oglanyňky bolýar?
-Haçan?-diýip, Güljeren kitaplary ýerleşdirmäge durdy.
-Meň pikrimçe ol üç etapdan geçýär. Birinji etapda, oglan gyza söz aýdýar, söýýän diýýär-ýüregine, erkine eýe bolýar. Ikinji etapda, oglan gyzlaryň öýüne ejesini ugradýar, guda bolunýar, toý tutulýar – gyzyň hukugyna eýe bolýar, öz adyna geçirýär.
-Üçünji näme?- diýip, Güljeren ähli kitaplary ýerleşdirip, oglanyň ýüzüne seredip durdy. Döwlet gaty syrly ýylgyrdy. Ol ýylgyrşyň näme aňladýanyna gyz derrew düşündi, utandy. Ýigit gyzy şklafa ýaplanda, gyzyň ýüregine gorky aralaşdy, ýürek çalt-çaltdan urmaga başlady, oglan welin, ýuwaşlyk gulagyna: “soň gyzyň bedenine eýe bolýar” diýdi. Güljeren:
-Bissimilla Rahman Rahym-diýdi.
-Näme ýene doga okaýaňmy? Işiňi dynan bolsaň, çyk gapyny gulplajak.
Güljeren gaty-gaty ýöräp gitdi, baryp suw içdi. Şol wagtam, soň çäre wagtynda hem Döwlet bilen nazary kaklyşanda, ýigit gözüni gypyp gaşyny oýnatdy. Güljeren gaharlanyp: “Öküz” diýip, içini gepletdi. Soňam synaglar başlandy. Her kime synaga taýýarlanmak bilen boldular. Synaglary üstünlikli tamamlap, attestat alandan soňra, klasdaşlar ýuwmak üçin restoran tutdylar. Her kim bezenip, beslenip gelipdi, her kimiň ýüzünde şatlyk duýgusy bardy. Agşamlyk gyzlar ýuwaşlyk bilen gaýtmak bilen boldylar. Güljeren bilen Maýa öýlerine tarap gaýtdylar. Ýöne, restorandan ýaňy çykan batlaryna Maýanyň söýýäm ýigidi geldi. Maýada onuň bilen gitdi. Güljeren uludan demini alyp, ýeke ýöräp başlady. Birdenem: “Jüýje, jüýje dur, garaş” diýip, Döwletiň gygyrýan sesi eşidildi. Gyz:
-Näme boldy?
-Seret, men näme aldym?-diýip, boýna dakylýan zynjyrym ýürejik klony bilen görkezdi.
-Gaty owadan, enaýyja, naşyja.
-Ýaradymy?
-Hawa, ýarady. –diýip, gyz ýylgyryp aýtdy. Birdenem:
-Döwlet, men hemme zada düşünýän. Ýöne, bu zynjyr gyzlaňka-diýip, çyny bilen aýtdy.
-Näme kitap okap-okap kelläňde seň zat galmadymy? –diýip, gyzyň elini çekip, zynjyry goýdy.
-Saňa aldym jüýje.Ýitiräýme! –diýip, gyza seredende, ýylgyryp, gözlerini güldürip duran Güljereni gördi. Gyzyň şeýle ýylgyryp seretmegi, oglany otdan alyp suwa salýardy. Hemişe şeýle seredip durmaga taýýardy. Ýigit birden özüne geldi:
-Beýle, syrtaryp, otuz ikiňi görkezip durmasana, hamala saňa hiç kim hiç wagt sowgat bermedik ýaly.
-Arkama bakyp duraýynmy? Ýeňsäm bilen gürleşjekmi? Öküz, sag bol sowgadyňa!
-Jüýje, saňa bir zat aýtjakdym, aslynda, sorajakdym...
Biraz wagtdan soň, ýigit uludan demini alyp:
-Neme, men gulluga gidýän bilýäň.
-Hawa, sag-amanja gidip...
-Sözümi bölme, jüýje! Neme, neme-diýip, ýaýdanyp durdy. Soňam gyzyň elinden tutup:
-Sen maňa garaşarmyň?-diýip sorady. Bu soraga gyz aňk-taňk boldy. Ýöne, nähilidir bir güýç oňa:
-Hawa, garaşaryn-diýmäge mejbur etdi. Ýigit mylaýym ýylgyryp gyzyň maňlaýyndan öpdi. Güljeren öňkisi ýaly: “Bissimilla Rahman Rahym” diýdi. Ýigit diňe ýylgyrdy. Bileje ýöräp gitdiler.
Soňy.
31
900