Hekaýa. 2-nji bölüm. Arslan gyzy süýrekläp başlady. Şol wagt: “Goýber gyzyň elini” diýip, ses eşidildi. Gaharly Döwlet durdy.
Arslan gyzyň elini goýbermän: “Bar-ow, dost, öz işiň bilen bolsana” diýip, ýene gyzy silteläp başlady. Döwlet çydap durup bilmedi, Arslany bir ýumruk bilen ýere ýatyrdy. Güljeren sypandan soňra, gyra çekilip gorkup durdy. Uruş-ýumruk başlandy. Näme biriniň güýji bäşe deň gelermi?! Garagul goha gelmedik bolsa, nämeleriň boljagy belli däldi. Burnundan gan gelip duran Döwletiň gözünde namys ody bardy. Gyz elýaglygy bilen gany duzurjak bolanda, ýigit ýerinden turup, namys ýumrugyny düwüpdi. Bir gyzy gorap bilmedi... Soňam gaharly ýöräp gitdi. Yzyndan garagul we Güljeren seredip galdy. Ertesi okuwa oglanlaryň hiç biri gelmändi. Okuw gutarandan soňra, beýleki mekdep bilen uruş bolanyny eşiden Güljeren özüni günäkerledi: “Öý işini edip beren bolsaň, eliň şel açar öýtdüňmi? Seret, sen sebäpli nämeler boldy?”. Ertesi okuwa oglanlar ýüzüni gök-dalak edip geldiler. Arakesme wagtynda, Döwlet Güljereniň partasyna hat goýup gitdi. Hatda: “Indi saňa azar bermezler” diýen ýazgy bardy. Gyz ýylgyrdy, onda guwanç duýgusy bardy. Baýram mugallym dogry aýdan ekeni “Klasdaş diýmek dogan ýalydyr, hemişe size kömege geler”. Güljeren minnetdarlyk hökmünde köke bişirdi. Okuw gutaran badyna, Döwletiň yzyndan ýetip:
-Döwlet, taňryýalkasyn! Sag bol, kömek edeniňe. Ine, saňa özüm ýörite köke bişirdim.
-Maňa ýöriteläp köke bişirdiňmi?
-Hawa- diýip, gyz ýylgyryp aýtdy.Soňam:
-Meň oglan doganym ýok, jigim bar olam gaty kiçi entäk, sen doganym ýaly kömek etdiň. Hakyky doganym bolduň.
-Doganyň? Ýok, beý diýme!
-Wiý, näme üçin?
-Dogan däl, how! Oň ýalam bir zat bolarmy?
-Onda dost-diýip, gyz elini uzatjak bolanda, ýigit:
-Ýok! Gowsy, klasdaş bolup galaly.
-Bolýar.
-Kitaphana barýaňmy?
-Hawa, senem türgenleşige?
-Hawa, bor görüşeris- diýip, Döwlet howlukmaç ýöräp gitdi. Gyz eden işinden hoşal bolup, synaglara taýýarlanmaga başlady. Kitaphanadan çykanda, Döwletiň garaşyp duranyny gördi. Ýanyna baranda:
-Indi üstümden erbet atyryň ysy gelýän däldir-ä?
-Ýok, meň geýýän köýnegim nähili, gyza meňzeýänmi?
-Hawa, figuraňy gaty gowy görkezýär.
-Toba, utanokmy beý diýmäge?
-Men oglana, näme ýakaňdaky keşdä baha bereýinmi?
- Bissimilla Rahman Rahym!
-Näme doga okaýaňmy?
-Öküz!
-Jüýje.
Olar şeýdip bile ýöräp gitdiler. Indi, olar bile otyrýardylar, gürleşýärdiler, bile taýýynlanýardylar. Iň haýran galdyrýan ýeri hem, mekdepde bular hakynda hiç hili gürrüň bolmady. Belki, Güljereniň hemmeler bilen şeýle dostlukly gatnaşykda bolany üçindir, belki soňky jaň sebäpli bolýan taýýarlyk ýa-da ýetip gelýän synaglar sebäplidir, garaz bulara hiç kim üns bermedi. Ýöne, olaryň arasynda bir duýgy bardy, belki bu aga-uýa duýgysydyr, ýa dost-klasdaş duýgusysyr ýa-da ajaýyp söýgi duýgusydyr. Hä diýmänem, soňky jaň ýetip geldi. Dabara tamamlanandan soňra, okuw müdiri Güljereni ýanyna çagyryp:
-Hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny bar otaga äkit. Senden olara gowy seretjek ýokdur. Soňam, baýramçylyga goşulyň, tans ediň.- diýip, gyzyň eline açary berdi. Döwlet şol wagt:
-Menem kömek edeýin-diýip, gyz bilen ýöräp başlady. Biraz arany açandan soňra:
-Güljeren Jemal şu gün gaty owadan bolupdyr, tüýs melegiň barda
-Hawa, dogry. Hä, indi öz adyňa geçirip, meňki diýjek bolýaňmy?
-Ýok, bilýäňmi gyz haçan doly, tutşlaýyn oglanyňky bolýar?
-Haçan?-diýip, Güljeren kitaplary ýerleşdirmäge durdy.
-Meň pikrimçe ol üç etapdan geçýär. Birinji etapda, oglan gyza söz aýdýar, söýýän diýýär-ýüregine, erkine eýe bolýar. Ikinji etapda, oglan gyzlaryň öýüne ejesini ugradýar, guda bolunýar, toý tutulýar – gyzyň hukugyna eýe bolýar, öz adyna geçirýär.
-Üçünji näme?- diýip, Güljeren ähli kitaplary ýerleşdirip, oglanyň ýüzüne seredip durdy. Döwlet gaty syrly ýylgyrdy. Ol ýylgyrşyň näme aňladýanyna gyz derrew düşündi, utandy. Ýigit gyzy şklafa ýaplanda, gyzyň ýüregine gorky aralaşdy, ýürek çalt-çaltdan urmaga başlady, oglan welin, ýuwaşlyk gulagyna: “soň gyzyň bedenine eýe bolýar” diýdi. Güljeren:
-Bissimilla Rahman Rahym-diýdi.
-Näme ýene doga okaýaňmy? Işiňi dynan bolsaň, çyk gapyny gulplajak.
Güljeren gaty-gaty ýöräp gitdi, baryp suw içdi. Şol wagtam, soň çäre wagtynda hem Döwlet bilen nazary kaklyşanda, ýigit gözüni gypyp gaşyny oýnatdy. Güljeren gaharlanyp: “Öküz” diýip, içini gepletdi. Soňam synaglar başlandy. Her kime synaga taýýarlanmak bilen boldular. Synaglary üstünlikli tamamlap, attestat alandan soňra, klasdaşlar ýuwmak üçin restoran tutdylar. Her kim bezenip, beslenip gelipdi, her kimiň ýüzünde şatlyk duýgusy bardy. Agşamlyk gyzlar ýuwaşlyk bilen gaýtmak bilen boldylar. Güljeren bilen Maýa öýlerine tarap gaýtdylar. Ýöne, restorandan ýaňy çykan batlaryna Maýanyň söýýäm ýigidi geldi. Maýada onuň bilen gitdi. Güljeren uludan demini alyp, ýeke ýöräp başlady. Birdenem: “Jüýje, jüýje dur, garaş” diýip, Döwletiň gygyrýan sesi eşidildi. Gyz:
-Näme boldy?
-Seret, men näme aldym?-diýip, boýna dakylýan zynjyrym ýürejik klony bilen görkezdi.
-Gaty owadan, enaýyja, naşyja.
-Ýaradymy?
-Hawa, ýarady. –diýip, gyz ýylgyryp aýtdy. Birdenem:
-Döwlet, men hemme zada düşünýän. Ýöne, bu zynjyr gyzlaňka-diýip, çyny bilen aýtdy.
-Näme kitap okap-okap kelläňde seň zat galmadymy? –diýip, gyzyň elini çekip, zynjyry goýdy.
-Saňa aldym jüýje.Ýitiräýme! –diýip, gyza seredende, ýylgyryp, gözlerini güldürip duran Güljereni gördi. Gyzyň şeýle ýylgyryp seretmegi, oglany otdan alyp suwa salýardy. Hemişe şeýle seredip durmaga taýýardy. Ýigit birden özüne geldi:
-Beýle, syrtaryp, otuz ikiňi görkezip durmasana, hamala saňa hiç kim hiç wagt sowgat bermedik ýaly.
-Arkama bakyp duraýynmy? Ýeňsäm bilen gürleşjekmi? Öküz, sag bol sowgadyňa!
-Jüýje, saňa bir zat aýtjakdym, aslynda, sorajakdym...
Biraz wagtdan soň, ýigit uludan demini alyp:
-Neme, men gulluga gidýän bilýäň.
-Hawa, sag-amanja gidip...
-Sözümi bölme, jüýje! Neme, neme-diýip, ýaýdanyp durdy. Soňam gyzyň elinden tutup:
-Sen maňa garaşarmyň?-diýip sorady. Bu soraga gyz aňk-taňk boldy. Ýöne, nähilidir bir güýç oňa:
-Hawa, garaşaryn-diýmäge mejbur etdi. Ýigit mylaýym ýylgyryp gyzyň maňlaýyndan öpdi. Güljeren öňkisi ýaly: “Bissimilla Rahman Rahym” diýdi. Ýigit diňe ýylgyrdy. Bileje ýöräp gitdiler.
Soňy.