Şahyrjyk
04.03.2020 12:15
Alsa Bir Är Goç ýigidiñ bagtytyr
Şol Gozeliñ Dowran sürer Wagtytyr.
Ýylgyranda Giýjelerim ýagtydyr
Seretsem Ýüzünüñ Nuryna Gyzyñ.
16
721
8
Şahyrjyk
28.02.2020 22:32
Samarkandy Kybty ýyglar bek basar
Buhar şährin Nan gytçylygy,Tûrk basar.
Sarahsy Merk bozar,Merwi Rik basar
Şirazy Türk, Çogan,Mur,Harap Eýlär.
Kaşgary,Hotany,Käfir Hind eger
Hytaýa Asmandan Içýanlar ýagar
Her Içýan Dûýe dek bir birne deger
Hindstany ahu zar Harap Eýlär.
5
378
2
Şahyrjyk
26.02.2020 19:42
Kapyrlaryñ daşlar iner serinden
Aly hatem çykmaz Jennet töründen.
,,Waý ymmatym,,diýip turar ýerinden
Magşar günü Resul a:tly Är çykar.
8
443
3
Şahyrjyk
25.02.2020 21:19
Galmandyr bu köne dûnýe Rüstem ile Zalyña
Gümra bolma iki gûnlük igu içgi malyña,
Hakykat Alymy bir gör Atlaz berdi şalyña
Tur säher MAGTYMGULY agla bu öz halyña,
Ertir ol Hasap gûnünde Derläp uýalmazdan ozal.
6
386
4
Şahyrjyk
24.02.2020 14:38
Allanyñ ýanyna seni çagyrjak
Sagdyn beden bilen Akyl huş dälmi?.
Oñlasa ýazylyp ýogsa çytyljak
Göze şaýat bolan gara Gaş dälni?.
8
508
5
Şahyrjyk
13.02.2020 13:29
Arzuwyň umydyň şaýla diýseler
Ogluňy Gyzyňy taýla diýseler .
Obaňdan gelinlik saýla diýseler
Musulman balasyn Hakdan dilarin.
7
860
16
Şahyrjyk
02.02.2020 10:21
Käteler şeýle bir gyýylýar göwnüm
Özünden nä razy görünýär ömrüm.
Pes päller bet päle edipdir öwrüm
Bizem şol nogsana goşluşyp barýas.
Tapyldy haýadan ara aşjaklar
Däp dessury basyp geçdi paşmaklar.
Bir mahal syryldy syrly ýaşmaklar
Ah, aslymyz bilen hoşlaşyp barýas.
Hakykatdana biz Juda uzakda
Salamada ýer galmady gulakda.
Ynsap barmy nebis diýen duzakda
Nirädir howlugyp haşlaşyp barýas.
Gündüzä metjitde giýje ýoldalar
Şu matala jogap boldy Mollalar,
Meseläñiz bir mahala gozgalar
Diñe hyrçymyzy dişleşip barýas.
Etmişlerni aýdyp bilmän ýamanyñ
Düşdük ahyr girdabyna ýalanyñ.
Geliñ ynsanlarça boýun alalyñ
Biz birek birekden daşlaşyp barýas.
11
831
13
Şahyrjyk
01.02.2020 09:54
Adam Adam bile gep söz alyşar
Guşulmasañ gulak salmany başar.
Agram özgà dälde akylla düşer
Bi jaý aýdylan söz geñlenmän galsa.
10
572
6