Şahyrjyk
02.02.2020 10:21
Käteler şeýle bir gyýylýar göwnüm
Özünden nä razy görünýär ömrüm.
Pes päller bet päle edipdir öwrüm
Bizem şol nogsana goşluşyp barýas.

Tapyldy haýadan ara aşjaklar
Däp dessury basyp geçdi paşmaklar.
Bir mahal syryldy syrly ýaşmaklar
Ah, aslymyz bilen hoşlaşyp barýas.

Hakykatdana biz Juda uzakda
Salamada ýer galmady gulakda.
Ynsap barmy nebis diýen duzakda
Nirädir howlugyp haşlaşyp barýas.

Gündüzä metjitde giýje ýoldalar
Şu matala jogap boldy Mollalar,
Meseläñiz bir mahala gozgalar
Diñe hyrçymyzy dişleşip barýas.

Etmişlerni aýdyp bilmän ýamanyñ
Düşdük ahyr girdabyna ýalanyñ.
Geliñ ynsanlarça boýun alalyñ
Biz birek birekden daşlaşyp barýas.
11
831
Şahyrjyk
13 Fewral 2020
Salam
Myhman Myhman
6 Fewral 2020
???????
Myhman Myhman
5 Fewral 2020
salam sahyrjyk
Myhman Myhman
3 Fewral 2020
I've not word. I'm speechles it's how Kerim Gurbannepesow

I've not word. I'm speechles it's how Kerim Gurbannepesow

I've not word. I'm speechles it's how Kerim Gurbannepesow

Excellent!!!

Excellent!!!
Папин дочка
2 Fewral 2020
Sözüm ýok berekella?
,
2 Fewral 2020
Gowy gosgy eken
Mährim
2 Fewral 2020
???özüň düzdüňmi
Aziza Ruslanowa
2 Fewral 2020
???
Shatlyk95
2 Fewral 2020
gowja goşgy setirler. manyly ??
gulshatayewa97
2 Fewral 2020
Birek birekden daşlaşyp barýas...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.