News
Blogs
Posts
Tags #
Psihologiya
Anketa
Soraglar
Sözler
Degişmeler
Sport
Tasinlikler
Eserler
Goşgular
Today trends
Most trends posts in today
Today popular
Most popular posts in today
Yesterday trends
Most trends posts yesterday
Weekly trend
Last week trend posts
awadan
09.01.2025 19:53
Ketenini ysgamadyk armanlarhekaýa 1-nji bölüm
Toý diýseň uludan tutulýardy. Indi üç gün bäri Mergen aganyň howlusynda toý şowhuny dowam edýärdi. Howlynyň bezelişini-de görüp göwnüň göterilýärdi. Mergen aganyň «Beýle bezemek nämä gerek?» diýmesine garaman ýaşlar toý sähedi bellenenden howlynyň hem bezegini ýetirip başlapdylar. Aýratyn-da Döwranyň dilewar dostlary Gylyçdyr Pirli: «Mergen aga, biz Döwranyň toýuna garaşyp-garaşyp ýetendiris. Siziňem ilkinji nowbahar ogluňyzyň toýy. Şonuň üçinem toýy döwrebap geçirmäge rugsat beriňd-ä, gelen myhmanlar howla girmänkä göwünleri göterilsin. Goý, gurjak ýaly bezelen howla Döwranyň gurjak ýaly bolup bezelen gelniniň aýagy düşsün» diýip ýetişibildiginden gürleýärdi. Daş-töweregindäkilerem Gylyjy goldaýardylar. Akjemal daýza bolsa begenjinden aglaýjak bolup durşuna baryp, Gylyjyň arkasyna kakyp: «Aýdanyň gelsin oglum, bezäň, onda-da gowy edip bäzäň, näme gerek bolsa-da aýdyberiň» diýenden «Wah gelneje jan gerek zadyň aladasyny ýetirmeris, arkaýyn boluň» diýip, Pirlem gürrüňe goşulypdy. Mergen aga hem begenjinden ýylgyryp: «Bezäň, ogullar bezäň, ýöne toýy guramaçylykly sowsaňyz bolýar» diýenden olar baý şatlanypdy.
Ine, şeýle ajaýyp bezelen howlynyň şowhuny bu gün has-da uludy. Bu gün gelinalyjy günüdi. Ir säherden atarlan toý gazanlaryndan ýaýraýan tagamly naharlaryň ysy bir menzilden burnuňa urýardy. Bagşynyň belent heňden tutduryp, aýdýan aýdymlary bolsa göwnüňi göterýärdi. Toýuň iň bir gyzgalaňly, iň bir şatlykly, iň bir tolgundyryjy pursady gelip ýetipdi. «Ogluň boldy-boldusy, gelniň geldi-geldisi» diýlişi ýaly, bezelen gelinalyjy maşynlaryň kerweni uzyn-uzyn düýtleşip Mergen agalarynyň howlularyna aýlandy. Hemmeler tolgunýardy. Akjemal daýzanyň tolgunyşy has-da üýtgeşikdi. Şonuň üçin häzir onuň şatlygyny hiç bir zat bilen ölçär ýaly däldi. Myhmanlaryň toý gutlaglaryna «Taňryýalkasyn» diýip duran Mergen aga-da ogludyr türkmen lybasyna bürenen gelnini görüp ýüregi gowsundy. Haýaljak ýöräp ugran ýaşlaryň üstünden nogul-nabat seçilýärdi. Şol barmana bir ýerden ylgap gelen Gylyç Mergen aganyň telpegini alyp hol ýokary zyňyp goýberdi. Birsellem ol telpegi ýere düşürmän gezekli-gezegine ýokary zyňdylar. Akjemal daýza bolsa ogly bilen gelnini gujaklap, olaryň bagtly bolmagyny dileg etdi. Ol gelni getirýän kiçi eltisine:
Sag-amanja getirdiňmi? Ilki bilen, gelni gaýnymyň ýanyna eltmelidir –diýdi.
Hawa, hemmeleriň tolgunyşy bir ýana, Ogulla enäniň tolgunyşy bir ýanady. Ol toý sähedi belleneni bäri tolgunyp otyrdy. Dogrusy, ol öz ogullaryny öýeren-de-de, beýleki agtyklary öýlenen-de hem şeýle tolgunypdy. Ogulla ene tolgunmazça-da däldi. Ol gelin bolup gelen güni gaýynenesi Tuwak daýzanyň beren gürrüňlerini hiç ýadyndan çykaryp bilenokdy. Asla ol wakalar ýatdan çykar ýaly hem däldi…
Hawa, Tuwak daýzanyň ilkinji çagalary durmandy. Ahyr bir tebip mamanyň kömegi bilen onuň ogul bäbegi bolýar. Onuň adyna yzyna çaga tirkeşsin diýip Kerwen dakýarlar. Ondan üç ýyldan soň ýene ogly bolýar. Oňa Mergen diýip at goýýarlar. Şeýdip ilki çagaň dyrnagyna zar bolan Tuwak daýza bilen Gurtly aganyň daşy on-on bäş ýylyň içinde jagylda-jugul bolýar. Olar çagalary bilen başagaý bolup günleriniň nähili geçeninem duýmandy. Hä diýmänem iki ogul gerçek çykdy. Tuwak daýza diläp ýeten ogullarynyň boýuna guwanýardy. Indi olary öýermegiň aladasy bilendi. Şol gün hem Tuwak daýza goňşusy Bibisara bilen bazara gidip «Halat başy bolsun» diýip, iki kişilik keteni aldy. Ol şonda şeýlebir begenipdi welin göýä gelin alan ýaly bolupdy. Öýe gelibem alan zatlarynyň içinde diňe ketenisi gözüne görünýän ýaly, şol ketenini öwüp oturyşyna: «Gör-ä, muny keteni dagam däl, bazaryň içinden saýlap aldym, halat başy bolsun diýip, «Sary gawunyň ysy, keteniň ysy» diýleni-dä, heý munuň ysam bir jennet ahyryn» diýip, saçak başynda çörek iýip oturan ogullaryna-da seredýärdi.
Dowamy bar ☘️
8
77
See All Posts