senorita
24.02.2024 19:23
Sirkde we türgenleriň türgenleşiginde ulanylýan gorizontal görnüşde çekdirilip daňlan tora batut diýilýär. Bu enjamyň soňky ýyllarda çagalara niýetlenen görnüşleri çykarylyp, iň gyzykly güýmenjeleriň birine öwrüldi. Batutyň öý şertlerinde ulanmaga amatly görnüşleriniň bolşy ýaly, olara seýilgählerde hem duşmak bolýar. Çagalara niýetlenen enjamyň görnüşi, adatça toruň deregine çeýe matadan bolýar.
Eý sem, şeýle enjamy oýlap tapmak ilki kimiň kellesine geldikä?!
Amerikaly gimnastika mugallymy Jorj Nissen hem-de gimnastikaçy Lerri Griswold 1935-nji ýylyň tomus aýlarynda «Flying Wards» (Uçýan goragçylar) atly darbazlyk toparynda işleýärdiler. Olar dürli oýunlary guraýan toparda torlary bejermek bilen meşgullanýardylar. Nissen kiçijik toruň türgenleriň has ýokary bökmeklerine ýardam etjekdigi barada pikir edýär. Nissen bilen Griswold öýleriniň howlusynda üstüne müneňde has ýokary bökdürýän tekizligi döredýärler. Olar galyň biziň daşyna birnäçe ýaý berkidýärler. Soňra bolsa matanyň ýaýlaryny demir gazyklara berkidýärler. Şeýlelikde, olar soňlugy bilen batut (iňlisçesi «trampoline») diýlip atlandyryljak enjamy döredýärler we ýasan enjamlaryny Aýowa uniwersitetiniň ýazky lagerine äkidýärler. Bu täsin enjama talyplar uly gyzyklanma bildirýär. Nissen bilen Lerri bu enjamyň üstünde görkezme çykyşyny taýýarlaýar. Soňra bolsa, iki bolup, ýüpde deňagramlylygy saklamagy we dürli darbazlyk tärlerini öwrenýärler. Bu ugurda ökdeleşen iki dost Meksika gidip, şol ýerde dürli görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirýärler. Nissen bu ýurtda ispan diline hem ökdeleşýär. Ispançada «Canguro» – «çakgy», «aeroplano»
– «guw böküşi» diýmegi aňladýar. Bökülýän tagtanyň ispançasyna bolsa «el trampolin» diýilýär. Nissen ispança sözüň yzyna «e» harpyny goşup, onuň iňlisçesini döredýär. Bu enjamyň ady käbir dillere fransuzçadaky «urgy» diýmegi aňladýan «batude» sözünden geçipdir. 1942-nji ýylda «GriswoldNissen» trambolin we darbazlyk kompaniýasy esaslandyrylýar. Şol ýyllar bu kompaniýanyň döreden batutlary uçarmanlaryň türgenleşmegi üçin hem peýdalanylypdyr. Dartylan ýüpüň, simiň üstünde oýnaýan oýunça
darbaz diýilýär.
29
73
möjek_daýy🐺
19.02.2024 08:26
Türkmenistanly eminler topary FIFA-nyň emini Daşoguzdan Alybek Sapaýewden we onuň kömekçileri – Aşgabatdan Babanazar Haknazarowdan we Daşoguzdan Pälwan Pälwanowdan ybarat, eminler topary Russiýanyň we Gazagystanyň güýçli klublary – «Krasnodaryň» we «Astananyň» ýoldaşlyk duşuşygyna eminlik etdiler.
Oýun Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçirildi, bu ýerde 4-nji martda başlaýan milli çempionata taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzdan 13 futbol emini we FIFA-nyň 2 instruktory okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirýärler.
Onuň barşynda FIFA-nyň instruktorlary Allabergen Sapaýewiň we Maksat Seýitgulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen eminleri beden taýýarlygy bilen meşgullanýarlar, sport zalynda türgenleşýärler, oýun taglymatyny we düzgünlerini öwrenýärler, şeýle hem ýoldaşlyk duşuşyklara eminlik edýärler.
«Krasnodar» bilen «Astananyň» arasyndaky duşuşyk Gazagystanyň klubynyň hasabynda 4:2 ýeňşi bilen tamamlanan ilkinji oýun boldy. Ýeňijilerden Marin Tomasow (7), Usman Kamara (23), Maks Ebong (35) we Ramazan Karimow (66), «Krasnodardan» Kadi (38) we Jon Kordoba (47) minutlarda pökgi geçirdiler.
«Astana» Gazagystanyň çempionatynyň ýedi gezek çempiony we häzirki kümüş medalynyň eýesidir. 18 tapgyryň netijelerine görä, «Krasnodar» Russiýanyň premýer-ligasynda 38 utuk bilen ikinji orundaky «Zenitden» 2 utuk öňde barýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, BAE-de türkmen futbol eminleriniň türgenleşigi 24-nji fewrala çenli dowam eder.
ashgabat.in
55
97
0878
06.02.2024 14:32
2026 _ njy ýylyň futbol boýunça dünýä Çempionatynyň finalynyň geçjek stadiony resmi taýdan yglan edildi.
2026_ njy ýylyň dünýä çempionatynyň final oýny Nýu_ jersi ştatynyň Nyu_ ýork şäherindäki "Metlaýf _ stedium" stadionynda geçiriler. bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FİFA) metbugat gullugyna salgylanyp,
Championat.com habar berýär .
Final oýny 19 _ njy iýulda geçiriler stadion 82,5 müň jan köýeri kabul edip bilýär. Mundan başga_da bürünç medal ugrundaky oýun Maýamidäki " Hard Rok stedium " stadionynda oýnalar. Bu stadion 64 767 tomaşaçyny kabul edip bilýär.
DÇ _ 2026 AbŞ _ nyň Kanadanyň we Meksikanyň 16 şäherinde geçiriler.
Ýaryşyň oýunlaryny Mehiko, Gwadalahra, Monterreý ( ählisi Meksika ), Toronto , Wankuwer ( ikisi_ de _ kanada), Nyu _ york, Filadelfiýa , Boston , Atlanta,Maýami, Hyuston, Dallas, Los _ Anjels San _ Fransisko, Kanzas _ Siti, Sietl ( ählisi Abş ) kabul eder şeýle _ de, bu topar gatnaşjak ilkinji çempionat bolar. Jemi 104 oýun oýnalar.
22
60