Sirkde we türgenleriň türgenleşiginde ulanylýan gorizontal görnüşde çekdirilip daňlan tora batut diýilýär. Bu enjamyň soňky ýyllarda çagalara niýetlenen görnüşleri çykarylyp, iň gyzykly güýmenjeleriň birine öwrüldi. Batutyň öý şertlerinde ulanmaga amatly görnüşleriniň bolşy ýaly, olara seýilgählerde hem duşmak bolýar. Çagalara niýetlenen enjamyň görnüşi, adatça toruň deregine çeýe matadan bolýar.
Eý sem, şeýle enjamy oýlap tapmak ilki kimiň kellesine geldikä?!
Amerikaly gimnastika mugallymy Jorj Nissen hem-de gimnastikaçy Lerri Griswold 1935-nji ýylyň tomus aýlarynda «Flying Wards» (Uçýan goragçylar) atly darbazlyk toparynda işleýärdiler. Olar dürli oýunlary guraýan toparda torlary bejermek bilen meşgullanýardylar. Nissen kiçijik toruň türgenleriň has ýokary bökmeklerine ýardam etjekdigi barada pikir edýär. Nissen bilen Griswold öýleriniň howlusynda üstüne müneňde has ýokary bökdürýän tekizligi döredýärler. Olar galyň biziň daşyna birnäçe ýaý berkidýärler. Soňra bolsa matanyň ýaýlaryny demir gazyklara berkidýärler. Şeýlelikde, olar soňlugy bilen batut (iňlisçesi «trampoline») diýlip atlandyryljak enjamy döredýärler we ýasan enjamlaryny Aýowa uniwersitetiniň ýazky lagerine äkidýärler. Bu täsin enjama talyplar uly gyzyklanma bildirýär. Nissen bilen Lerri bu enjamyň üstünde görkezme çykyşyny taýýarlaýar. Soňra bolsa, iki bolup, ýüpde deňagramlylygy saklamagy we dürli darbazlyk tärlerini öwrenýärler. Bu ugurda ökdeleşen iki dost Meksika gidip, şol ýerde dürli görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirýärler. Nissen bu ýurtda ispan diline hem ökdeleşýär. Ispançada «Canguro» – «çakgy», «aeroplano»
– «guw böküşi» diýmegi aňladýar. Bökülýän tagtanyň ispançasyna bolsa «el trampolin» diýilýär. Nissen ispança sözüň yzyna «e» harpyny goşup, onuň iňlisçesini döredýär. Bu enjamyň ady käbir dillere fransuzçadaky «urgy» diýmegi aňladýan «batude» sözünden geçipdir. 1942-nji ýylda «GriswoldNissen» trambolin we darbazlyk kompaniýasy esaslandyrylýar. Şol ýyllar bu kompaniýanyň döreden batutlary uçarmanlaryň türgenleşmegi üçin hem peýdalanylypdyr. Dartylan ýüpüň, simiň üstünde oýnaýan oýunça
darbaz diýilýär.