Tayler
08.04.2025 14:52
Wada nire, söýgi nire, ýar nire?
Göwnümi gümana baglap otyryn.
Ykbalyň çetinde, täleý çatynda,
Aglap otyryn.
Sen bihabar, aýdan, ýyldan, sagatdan,
Bileňok saçlarmyň dökülýänini,
Menem bilemokdym, bilmedigim çyn,
Aýralygyň ýeke çekilýänini.
Ýöne bir gün ysy tanyş gülleriň,
Içinde nätanyş duýga sataşyp,
Şeýle bir gün tüýsi tanyş günleriň
Saý-sebäpsiz giden wagty tutaşyp.
Öýlänçi deý islenmedik täzelik,
Toý sesi ýüregňi tüýdüp başlanda,
Ne başly, ne soňly pikirler seni,
Islegiňe bakman idip başlanda.
Öňi-soňy boljak işe çäre ýok,
Oturgynyň elleriňi gowşurda.
Täleý bola aýra düşermi adam,
Ýeke ýola ýetmiş gezek duşarda.
...Meniň öz başyma garaja çatmam,
Nika hem maşgalam, hütdügim bolar.
Bu göçüme niçýa diýýär küştçüler,
Ne seň, ne-de meniň utdugym bolar.
Ogulnur Ataýewa
8
114
enes_∞
08.04.2025 14:49
Sen meni bagyşla, Eşek! käbir deýýus adamlary saña meñzedip men seniñ mertebäñi peseldýärin.
8
43
enes_∞
08.04.2025 14:46
Ol ýoluna näler seretjekdi, arman garny oña basjak ýerini görkezmedi.
8
23
enes_∞
08.04.2025 14:40
Bela iki bulanýan zatdan geler, eliñden ya - da diliñden.
8
53
smiling_
08.04.2025 14:32
Bir "Alo" diý, gelmesem akyllanypdyryn...😌
8
76
enes_∞
08.04.2025 14:23
İl meni elinde göterip barýar diýip begenme, olaryñ gonamçylyga barýan bolmaklary mümkin.
6
29
enes_∞
08.04.2025 14:17
Göreşde atañam bolsa ýyk, emma pensiýasyna değme.
。。⁠☆
7
72
Karaleva_
08.04.2025 13:25
Yekeje adam ucin gymmatly bol....🙈
Galanlary ucin elyetmez bol .......🔥
6
46
awadan
08.04.2025 11:54
Hekaya - Gyz jigi [1-nji bolumi,dowamy bar
... Gyz sada jogap berdi:
- Ýok.
- Synanyşybam göreňokmy? – diýip, oglan çintgäp sorady.
- Synanyşybam göremok.
Oglan geň galdy.
- O nämüçin?
- Näme diýeýin saňa?! Aý, höwes ýok-da.
- Beh!..
- Okuw bolsa, bolanok-da meňki. Birhili ýüregim gysyberýä.
Oglan gyzyň ýüzüne seretmän:
- Göni ýöräbermelimi? – diýip sorady.
- Ýok – diýip, gyz barmagyny çommaldyp, saga ümledi. – Şu köçeden şeýläk sowulmaly.
- Be-e, okuwa bolamok diýdiň-ow.
- Hawa, okuwa bolýan däldirin.
- Onda işleýänsiň-dä bir ýerde?
- Ýok-la, işlärinmi?!
- Beh, o nä?
- Aý, işläýin diýeňde nirä barjak şu wagt? Hany iş barmy üýşüp ýatan? Okuwsyz bolsaň-a asylam...
- Iş diýeniň okuwsyz bolaňda-da tapdyrar-a.
- Tapdyrar. Tapdyrmaz diýjek däl. Ýöne maňa borluk iş näbileýin-dä.
- Oňa nähili düşünmeli?
Gyz ýylgyrdy. Soň ýuwaşja gülüp:
- Nähili düşünseň, düşünibermeli – diýdi. – Özümden-le bary. Höwes edýänje işim bolaýsa diýip, şol...
- O nähili iş?
- Diýen bolaýýan. O-da üýtgeşik bir zat däl-le.
- Nähili?
Gyz ýene ýylgyrdy. Ýene ýuwaşja güldi. Soň şeý diýdi:
- Aýtmaýyn. Aýtsam, üstümden gülersiň.
Oglan çynlakaý sypata girdi. Onuň gözlerinde bilesigelijik ody tutaşýardy.
- Güljek däl. Aýt!
- Neme-dä – diýip, gyz aradan esli salymy geçirip gepledi. – Restoranda-zatda diýýän-dä.
- Näm bolup?
- Hyzmat edýän diýen ýalyrak bir zat-da. Müň sany iş ýokdur-a o taýda.
- Müň sany iş-ä ýokdur-la - diýip, oglan gaýtalady.
- Meň diýýän işim-ä, ana, şo.
Oglan bary-ýogy bir agyz:
Dogry – diýdi. Soň:
- O-da gowja iş – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Dymyp, biraz ýörediler.
Töwerekde güýz. Köçeleriň ýakasy, ganawlaryň içi, aýaklaryň asty, bütin dünýe – ýaprak. Sary-sary ýapraklar!
Günüň çogy tomusdaky ýaly däl. Öçügsilenipdir. Ýöne ýitilik bar. Oglan jalbarynyň jübüsünden elýaglygyny çykardy-da, maňlaýynyň, boýnunyň, alkymynyň derini süpürdi. Ýüzüni ýelpedi.
- Adyňam-a bilemok men seň – diýip, ol soňrak täze bir gürrüň tapdy. – Adyňy bir aýt maňa. Eşidip goýaly.
Gyz gözlerini güldürdi.
- Çynymy aýdaýynmy ýa...
- Dagy nä aldaýjakmydyň?
Gyz birazajyk utanyp:
- Seýýara – diýdi. Dagy näderini bilmän, diň-gögüne garady.
- Seýýara diýsene, Seýýara. Adyňam özüň ýaly owadan eken-aý. Bäh!
Gyz hakykatdan-da görmegeýdi. Horluk, semizlik babatda pylan diýer ýaly däldi. Ortamiýana. Boýam şonuň ýaly, ne uzyn, ne gysga. Dodakalary birenaýy neşelendirilipdir. Gözleri onçakly ýeser däl. Tersine, öçügsi görünýär. Şonda-da ol gözlere köp wagtlap, belki-de, ömrüňi ötürýänçäň seredip oturasyň gelýär. Şu dünýäniň kän-kän ýagşu-ýaman işleri şunuň ýaly gözlerden başlanýan bolsa-da, ahmal. Onuň maňlaýy dar. Gaşlary selçeň. Burny kiçijegem bolsa, görküne birjik-de zeper ýetirenok. Gaýtam aksowult ýüzüniň görmegini artdyrýanam şu kiçijik burun ýaly bolup dur. Bu gyzyň şeýle gözilginç owadanlygynyň başga zatlardan bolmagy-da mümkin. O-da ujy gyradeň gyrkylan gara saçlarynyň egniniň üstüne dökülip ýatmagy. Ýa-da onuň seresap ädim urşunyň, gaýkyldaman ýöreýşiniň görk-görmegine, syratyna oňaýly täsir etmegi bolup biläýjek zat.
- Men-ä onda saňa Seýýara diýiberjek indiden beýläk - diýip, oglan sözüniň üstüni ýetirýän äheňde müňkürligini syzdyrdy.
- Diýiber.
Seýýara oglana-da çalaja eşdiläýer ýaly sesde ýoň bolan toý aýdymyna hiňlendi:
Gaýgylanma, ýarym, gaýgylanma!
Oglan kesä bakyp, şeý diýdi:
- Entegem giç däl.
- Nämä?
Dowamy kän☘️
8
164
smiling_
08.04.2025 07:40
Gowy zatlar "S" bilen başlar...
Sabyr
Sessizlik
Sylag
Saglyk
Söýgi
Sen)
8
119